Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) 20-nji aprelde geçiren nobatdaky mejlisinde Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça, BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllardaky agzalygyna saýlandy diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.
“Bu çözgüt türkmen hökümetiniň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşyna aýallary çekmek babatda edýän tagallalaryna gabat gelýär. Aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmakdaky derwaýys milli resminamalaryň biri hem Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllarda edilmeli işleriň milli plany bolup durýar” diýip, habarda nygtalýar.
“BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, BMG-niň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri bilen meşgullanýan edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2010-njy ýylda döredildi. Bu düzüm gender deňligini üpjün etmek boýunça BMG-niň işini utgaşdyryjy esasy edara hökmünde çykyş edýär.
“BMG-Zenanlaryň” Ýerine ýetiriji geňeşi esasy ýolbaşçylyk wezipelerini alyp barýar. 51 agzadan ybarat düzümiň agzalary BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi tarapyndan, 3 ýyl möhlet bilen saýlanylýar.
Halkara we ýerli hukuk toparlarynyň hasabatlaryndan, türkmen aktiwistleriniň sosial ulgamlardaky çykyşlaryndan mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäde iň bir repressiw ýurtlaryň biri bolup, resmi Aşgabat esasy azatlyklaryň we hukuklaryň yzygiderli basgylanmagynda, şol sanda metbugat, söz, pikir beýan etmek we ýygnanyşmak azatlyklarynyň durmuş ýüzünde bolmazlygynda berk tankyt edilýär.
Esasy hukuklaryň we azatlyklaryň yzygiderli bozulmagy hususan-da aýal-gyzlaryň, eneleriň durmuşlarynyň agralmagyna, olaryň saglygyna, şol sanda biwagt ölümine we käte öz janlaryn kast etmeklerine sebäp bolýar. Emma hökümet bu ýagdaýlar barada syzyp çykýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.
Şeýle-de, ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran korrupsiýa we işsizligiň ýyl-ýyldan ösmegi aýal-gyzlaryň barha kän ezilmegine, eklenç üçin her hili agyr, az tölegli işlerde işlemegine, kähalatlarda iş berijileriň jynsy zorluklaryna çydamagyna sebäp bolýar, ten satmaga mejbur bolýan zenanlar-da bar diýip, radionyň söhbetdeşleri aýdýarlar.
Mundan başga, türkmenistanly aýal-gyzlaryň her ýylyň 8-nji mart baýramçylygynda hem ala tutulýandygy, prezidentiň adyndan berilýän ujypsyzja pul sowgatlarynyň hem diňe döwlet edaralarynda işleýän we okaýan aýal-gyzlara berilýändigi, has mätäç zenanlaryň bu sowgatdan mahrum edilýändigi habar berilýär.
Ikinji tarapdan, býujet edaralarynda işleýän ýa okuwçy, student aýal-gyzlaryň hem hökümet tarapyndan guralýan dürli syýasy, medeni çärelerde, ýowarlarda, öz meýillerine garşy, ýurtdaky ‘bagtyýarlygy’ dabaralandyrmak üçin, mugt ulanylýandygy, milli eşikleri satyn almaklary üçin artykmaç çykdajylara mejbur edilýändikleri, emma olaryň işlerini, okuwlaryny ýitirmekden gorkup, seslerini çykaryp bilmeýändigi habar berilýär.
Şeýle-de, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda giň ýaýran we çuň kök uran korrupsiýa garyp maşgalalarda kemala gelen zehinli gyzlaryň okamagyna we hünär almagyna böwet bolýar diýip, synçylar aýdýar.
Ýurtdaky işsizlik webarha ösýän garyplyk türkmenistanly zenanlaryň müňlerçesiniň daşary ýurtlara iş gözläp gitmegine getirse, olaryň müňlerçesi ýanýoldaşlaryny daşary ýurtlara iberip, uzaga çeken pandemiýa aladalarynyň arasynda, çagalary bilen ýeke galdylar.
Emma muňa garamazdan, daşary ýurtlarda öz haklaryny talap edip, hökümeti tankytlamaga het eden türkmenistanly zenanlaryň özlerine, garyndaşlaryna garşy basyş, gorkuzmak synanyşyklarynyň hem edilýändigi aýdylýar.
Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary 2018-nji ýylda BMG-niň aýal-gyzlara garşy diskriminasiýany, kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti üçin alternatiw hasabat taýýarlady. Bu hasabatda türkmenistanly aýal-gyzlaryň hatda dükanlarda çäkli ýagdaýda satylýan çilim, temmäki önümlerini satyn almakdan hem mahrum edilýändigi habar berildi.
Elbetde, bu ýurtdaky kemsitmeleriň diňe bir bölegi. Azatlyk radiosy we beýleki garaşsyz neşirler türkmenistanly zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasyny almak ýa bar bolan şahadatnamalarynyň möhletini uzaltmak, hatda geýjek eşikleri, ulanjak kosmetika serişdeleri babatda hem dürli kynçylyklara we çäklendirmelere sezewar edilýändigini habar berýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.