Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň polisiýasy aýallaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin dokumentleri kabul edip başlady


Aşgabat, noýabr, 2020
Aşgabat, noýabr, 2020

Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýa gullugy aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalary üçin arzalary kabul edip başlady. Iki ýyl töweregi wagt bäri Türkmenistanda zenanlar sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edildi we möhleti geçen resminamalaryny täzelemek mümkinçiliginden mahrum boldy. Azatlyk Radiosynyň zenanlaryň hukuklarynyň we deňliginiň depelenmegine degişli bu ýagdaýy yzygiderli synlap, çap eden onlarça maglumatyndan soň peýda bolan bu täzelik türkmenistanly zenan sürüjileriň awtoulaglaryny sürmek mümkinçiligini gaýdyp almagyna umyt döretdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, 11-nji etrapçadaky ýol gözegçilik polisiýa gullugy aýal-gyzlaryň sürüjilik dokumentlerini dikeltmek üçin arzalary 1-nji dekabrdan kabul edip başlapdyr. Bu barada resmi bildiriş bolmady. Habarçy aýallaryň bu barada birek-birekden bilýändiklerini we zerur resminamalary ýygnamaga howlugýandygyny belleýär.

Zenan sürüjiler muňa köp garaşdylar we awtoulag sürmek hukugy ugrunda köp göreşdiler. Zenan sürüjiler awtoulag sürmek hukuklaryndan iki ýyl bäri mahrum edilýär. Ulag sürüp barýan aýallar ýollarda saklanýar, sürüjilik şahadatnamalary dürli bahanalar bilen ellerinden alynýar, olaryň dokumentini dikeltmek we möhleti geçen şahadatnamasyny täzelemek boýunça edýän synanyşyklary häkimiýetler tarapyndan dürli bahanalar bilen ret edilýär.

Sürüji şahadatnamasyny almak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy
Sürüji şahadatnamasyny almak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawy

Häzirki pursatda zenanlar ähli zerur edaralara aýlanmaga gyssanýarlar we zerur dokumentleriň esli sanawyndaky 13 sany resminamany ýygnamaga howlukýarlar. Ygtyýarnama almak üçin adaty arza, pasport we lukmançylyk şahadatnamasyndan başga-da ençeme goşmaça kagyzlar, şol sanda ulag serişdesiniň guratlygy hakyndaky resminama, nika şahadatnamasy we jaý dolandyryş edarasyndan sprawka gerek bolar.

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, resminamalaryň toplanyp tabşyrylmagy, sürüjilik şahadatnamasynyň beriljegini kepillendirmeýär. Polisiýa arza tabşyranlara talap edilýän sprawkalary kabul ediljekdigini, ýöne sürüjilik dokumentiniň berilip-berilmezligini komissiýasynyň çözjekdigini habar berýär.

Mundan başga-da, Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly zenanlar arzalaryň kabul edilmeginiň birden bes edilmeginden howatyrlanýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy aýallaryň sürüjilik dokumentlerini dikeltmek boýunça arzalaryň diňe 12-nji dekabra çenli kabul ediljekdigi barada käbir maglumatlaryň bardygyny aýdýar.

Aşgabat polisiýasynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bolmady. Resmi maglumatlaryň ýetmezçilik edýän wagtynda, köpler sürüjilik dokumentlerine eýe bolmak üçin hakyky mümkinçiliklerden we şertlerden bihabar galýarlar.

Aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryndan mahrum edilmegi, türkmen resmileriniň ýurtda gender deňligini berjaý etmek baradaky resmi çykyşlaryna ters gelýär.

Türkmenistanyň kanunlarynyň aýallar we erkekler üçin deň hukuklary kepillendirýändigine garamazdan, aslynda aýallara awtoulag sürmekde, hereket azatlygyndan peýdalanmakda, ýüz keşbini, geýimini öz islegine görä saýlamakda dürli çäklendirmeler dil üsti bilen ýöredilýär.

Girizilýän gadaganlyklara garamazdan, köp zenan sürüjileri iki ýylyň dowamynda suda we Ombudsmene ýüz tutmak arkaly öz hukuklaryny goramagy dowam etdirdiler. Emma şu ýylyň oktýabrynda aşgabatly zenanlar öz hukuklary ugurndaky göreşi sebäpli polisiýa çagyrylyp başlandy.

Yzýany Lebapda aýallar öz sürüjilik şahadatnamalaryndan mahrum edilmeginden öz nägileliklerini köpçülikleýin bildirdi. 16-njy oktýabrda 100 töweregi zenan öz nägileligini bildirmek üçin welaýat administrasiýasynyň binasyna baryp, sürüjilik şahadatnamalaryny dikeltmegi talap etdi.

Aýal-gyzlaryň ýanyna baran häkimiň orunbasary we welaýat polisiýa bölüminiň wekilleri, olaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň bir hepdäniň içinde dikeltmek meselesini çözmegi wada berdiler.

Türkmenistanyň polisiýasy awtoulag sürüp barýan zenanlary köpçülikleýin saklamak we olaryň şahadatnamalaryny dürli bahanalar bilen ellerinden almak çärelerine 2019-njy ýylyň başynda başlady.

Azatlygyň habarçylary şonda paýtagtyň kanun goraýjy edaralarynyň zenan işgärlerine şahsy ulaglary ulanmagyň gadagan edilendigini habar beripdi. Soň döwlet edaralarynda işleýän zenanlar üçin bu gadagançylyk aradan aýryldy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG