Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatly zenanlar awtoulag sürmek hukugy ugrunda göreşini dowam etdirýärler


Aşgabat
Aşgabat

Aşgabatly zenanlar awtoulag sürmek hukugy ugrunda göreşini dowam etdirýärler we hususan-da, dürli döwlet edaralaryna ýüz tutýarlar.

Aşgabadyň ýaşaýjysy 20 ýyllyk sürüjilik tejribesi bolan zenan dokumentiniň möhletiniň geçmegi sebäpli şahadatnamasyny uzaltjak bolýar. Ol soňky 6 aýyň dowamynda paýtagt polisiýasynyň dürli edaralaryna jemi 19 gezek ýüz tutupdy.

"Ol özüniň zenan ulag sürüji hukugy ugrunda mundan beýläk-de göreşmekçi bolýar. Ol köp çagaly ene, awtoulagsyz öz durmuşyny göz öňüne getirmeýär. Ol ulagly bolan wagtynda bar ýere ýetişýärdi, birkemsiz we jerimesiz iňňän gowy sürüji. Ol eýýäm ýarym ýyl bäri, dürli döwlet edarlaryna ýüz tutýar we öz sürüjilik şahadatnamasyny uzaltmak üçin 19 gezek ýüzlenmeli boldy" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz söhbetdeşleriniň biriniň ýagdaýyny gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna Aşgabatda sürüjilik şahadatnamalaryny alyp bilmän bu ugurdan hereket edýän zenanlaryň ençemesiniň atlary we ýagdaýlary mälim boldy, emma biz olaryň howpsuzlygy nukdaýnazaryndan bu maglumatlary agzamakdan saklanýarys.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan bu zenanlar şu günki gün öz sürüjilik şahadatnamalaryny almak üçin dürli döwlet edaralaryna ýüzlenmekden başga çykalgalarynyň ýokdugyny aýdýarlar. Ýogsa-da, olaryň arzalaryna şol birmeňzeş jogap gelýär.

Azatlyk Radiosyna elýeterli bolan resmi jogaplaryň birnäçesi Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik bölüminden.

Hususan-da, ýol gözegçilik bölüminiň başlygy Ş.Hudaýnaýewiň goly goýlan resmi jogapda, arz-şikaýatyň biri boýunça barlag geçirilendigi mälim edilýär we şeýle jogap berilýär: "Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk berýän sürüjilik şahadatnamalaryny gaýtadan bermegiň tertibiniň talaplaryna laýyklykda, gerekli bolan resminamalary getiren ýagdaýyňyzda sürüjilik şahadatnamaňyzy çalşyp biljekdigiňiz barada Size habar berýäris".

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy şeýle hatlaryň ulag sürüji zenanlara beýleki döwlet edaralaryndan, şol sanda prokuraturadan hem gelýändigini belleýär. Hatlaryň mazmuny birmeňzeş bolup, arz-şikaýat bilen ýüz tutan zenanlara polisiýanyň işinde kemçiligiň tapylmandygy aýdylýar we zerur dokumentleri toplap, olar bilen öň ençeme gezek ýüz tutulan edaralara ýene-de ýüzlenmek teklip edilýär.

"Bu hatlar olaryň başdansowma hereketleriniň subutnamasydyr" diýip, Aşgabatly söhbetdeşlerimiziň biri aýdýar.

Noýabryň ortalarynda Azatlygyň habarçylary aýallaryň möhleti geçen sürüjilik şahadatnamalaryny uzaltmak üçin polisiýa ýüzlenenlerinde ol ýerde indi olaryň dokumentlerini kabul etmekden hem ýüz öwürýändiklerini habar beripdi.

- Aýal sürüjileriň hukuklaryny kemsidýän bu gadagançylyk baradaky dokumenti görkezmek talabyna ol munuň ýokardan dilden edilen gadagançylykdygyny açyk aýtdy. "Men dokumentleri kabul edip biljek däl, maňa düşüniň" diýdi. Haçan beriljek diýlip berlen sowala bu maýor: "Berlip başlanda, şäherde gürrüň ýaýrar, şonda eşidersiňiz" diýip jogap berdi - diýip aşgabatly söhbetdeşimiz polisiýa resmisi bilen öz gürrüňdeşliginiň mazmunyny mälim etdi.

Şu ýylyň bahar aýlarynda awtoulag sürýän zenanlar Aşgabadyň köçelerinde köpçülikleýin görnüşde polisiýa tarapyndan saklanyp başlanypdy. Zenanlary saklaýan polisiýa işgärleri dürli bahanalar bilen olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinde almak boýunça herekete girişipdi. Şondan soň zenanlar täze sürüjilik şahadatnamasyny almak we möhleti geçen dokumentlerini täzelemek boýunça eden ýüzlenmeleri jogapsyz galdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri zenanlaryň awtoulag sürmek hukugynyň çäklendirilmegi meselesini agzamaýarlar, ýüze çykan bu ýagdaýyň sebäplerini düşündirmeýärler. Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça maglumat almak üçin Aşgabadyň ýol gözegçilik polisiýasyna eden ýüzlenmeleri hem netije bermedi.

Türkmenistanyň kanunlarynda aýallar we erkekler üçin deň hukuklaryň kepil geçilýändigi aýdylýar.

PÝGG aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG