Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 40 ýaşyna ýetmedik zenanlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin arzalar kabul edilip başlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň polisiýa edarasy sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti tamamlanan 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň resminamalaryny kabul edip başlady. Dekabryň başynda - iki ýyla golaý arakesmeden soň - paýtagtda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalary üçin arzalaryň gaýtadan kabul edilýändigi habar berildi. Ýöne şondan bir hepde geçmänkä, 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletiniň uzaldylmaýandygy mälim bolupdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 5-nji ýanwarda beren maglumatlaryna görä, şu hepdäniň duşenbe gününden bäri 11-nji etrapçadaky polisiýa edarasynyň işgärleri öň resminamalary kabul edilmedik aýal-gyzlara jaň edýärler.

Olar zenanlara 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmak üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny aýdýarlar.

"40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlaryň ählisiniň sürüjilik şahadatnamasynyň möhleti uzaldylýarmy belli däl. Ýöne öň taýýar resminamalaryny tabşyrmak üçin polisiýa edarasyna baranda, arzalary ret edilen 40 ýaşyna ýetmedik zenanlara şeýle jaňlar gelip gowuşýar" diýip, sürüjilik şahadatnamasynyň möhletini uzaltmaga synanyşýan aşgabatly zenanlaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Habarçy soňky iki günüň dowamynda 40 ýaşyna ýetmedik bäşden gowrak zenana şeýle jaňyň gelip gowuşandygyny belläp, olaryň anyk sany barada maglumatyň ýokdugyny hem aýtdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda zenanlar öz sürüjilik şahadatnamalaryny almakdan we olaryň möhletini uzaltmakdan mahrum edildi. Ulag sürüp barýan aýallar saklanyp, olaryň sürüjilik şahadatnamalary dürli bahanalar bilen ellerinden alyndy we resminamalary täzelemek boýunça edýän synanyşyklary netije bermedi.

1-nji dekabrdan başlap bolsa, paýtagtyň polisiýa edarasy aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny dikeltmek üçin arzalary gaýtadan kabul edip başlady. Ýöne 7-nji dekabrda 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlarda köp ýyl bäri sürüjilik tejribesi bar bolsa-da, olaryň resminamalarynyň kabul edilmeýändigi mälim boldy.

Azatlygyň habarçysy häzirki wagtda arzalaryň gaýtadan kabul edilmeginiň wagtlaýyn çäremi ýa-da däldigi barada polisiýa resmileri tarapyndan anyk maglumat berilmeýändigini aýdýar. Onuň sözlerine görä, şu sebäpli häzirki wagtda 40 ýaşyna ýetmedik aýal-gyzlar ähli zerur edaralara aýlanyp, resminamalary ýygnamaga howlukýarlar.

Şeýle-de, ol polisiýa edarasynyň anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bir işgärine salgylanyp, dekabryň başynda aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalary üçin arzalar kabul edilip başlanany bäri 700 çemesi zenanyň resminama tabşyrandygyny hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şondan bäri ortaça 27 zenanyň, şol sanda daşary ýurt ilçihanalarynda işleýän aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti uzaldylyp berildi.

"Resminamalar kabul edilen güni aýal-gyzlara "alada etmäň, garaşyň, özümiz jaň ederis" diýdiler. Käbir aýal-gyzlara jaň edýärler, galanlary garaşýar" diýip, arza tabşyran aşgabatly zenan anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat polisiýasynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň polisiýasy awtoulag sürüp barýan zenanlary köpçülikleýin saklamak we olaryň şahadatnamalaryny dürli bahanalar bilen ellerinden almak çärelerine 2019-njy ýylyň başynda başlapdy.

Şondan soň zenan sürüjileriň köpüsi öz hukuklaryny talap edip, suda we Ombudsmene ýüz tutdy, şeyle-de köpçülikleyin protest çärelerini geçirdi. Geçen ýylyň oktýabrynda aşgabatly zenanlar öz hukuklary ugrundaky göreşi sebäpli polisiýa çagyryldy.

Türkmen häkimiýetleri bu çäreleri ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG