Türkmenistana birden ýiti sowuk aralaşdy hem güýçli gar ýagdy. Aşgabatda, şeýle hem Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 13-nji martda irden gar ýagdy. Gündiz howanyň temperaturasy -7 gradusa çenli aşaklady. Käbir sebitlerde gijesine -18 derejä ýetjek sowugyň bolmagyna garaşylýar. Sebitlerde 12-nji mart gijesi ilatyň köp bölegi elektrik toksuz galdy.
Iki hepdeläp dowam eden baharyň maýyl günlerinden soň, howanyň birden sowamagy daýhan hojalyklarynyň fewral aýynyň ahyrynda ekin kartoşka meýdanlaryny weýran etdi.
«Mary welaýatynda gijesi bilen gar ýagdy, daýhanlaryň soňky çeken azaplary-da köýdi, olar soňky gezek howa maýyl bolanda, ýere ikinji gezek kartoşka ekip, oňa suw hem tutupdylar. Olar gijelerine ýene aýaz bolsa, kartoşkany ýaňadan sowuk urmagyndan gaty alada edýärler» diýip, 13-nji martda maryly daýhan aýtdy.
Aşgabatda geçen agşam sagat 3-e çenli gar ýagdy. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar bermegine görä, paýtagtda howanyň temperaturasy -7 derejä çenli peseldi. Bu gijede we 14-nji martda irden aýazyň -18 gradus bolmagyna garaşylýar.
Azatlygyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, 12-nji martda Aşgabatda agşam howa birden üýtgäp başlapdyr. Güýçli ýel turup, ýagyş ýagypdyr. Anna güni agşamlyk sebitlerde ilatyň köpüsi elektrik toksuz galypdyr. Tebigy gaz bilen üpjün edilişinde-de kynçylyklar bar.
Daşoguz hem Lebap welaýatlarynyň käbir etraplarynda gündiz howanyň temperaturasy -4-e ýetdi, gijelerine -8 gradusdan aşak bolmagyna garaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.