Sepleriň elýeterliligi

 
Tramp Eýran bilen geçiriljek ýadro gepleşikleriniň öň ýany, harby güýç ulanmak haýbatyny gaýtalady
Soňky habar

Tramp Eýran bilen geçiriljek ýadro gepleşikleriniň öň ýany, harby güýç ulanmak haýbatyny gaýtalady


Eýranyň Buşeher şäherindäki ýadro desgasy (arhiw suraty)
Eýranyň Buşeher şäherindäki ýadro desgasy (arhiw suraty)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýranyň ýadro maksatnamasyny bes etmegi bilen bagly ylalaşyga gelinmese, onda harby güýç ulanyljakdygy baradaky haýbatyny ýene bir gezek gaýtalady we zerur bolan halatynda Ysraýylyň bu mümkin harby zarba “ýolbaşçylyk” etjekdigini aýtdy.

Tramp, 9-njy aprelde Ak Tamda žurnalistleriň şu hepdäniň aýagynda ABŞ-nyň Eýran bilen Omanda geçirjek gepleşikleri we olaryň möhleti baradaky soragyna, “zerurlyk bolsa”, onda harby çäreleriň ulanylmagynyň “hökmany” boljakdygyny aýtdy.

Ol: “Bizde wagt bar” diýip, gepleşikleriň haçan tamamlanjakdygy barada anyk möhletiň ýokdugyny belledi.

Trampyň aýtmagyna görä, gepleşikleriň netijelidigini ýa däldigini aňyp bolar. “Gepleşiklere başlanyňyzda, olaryň gowy ýa-da erbet geçýändigini bilýärsiňiz. Men olaryň erbet geçýändigini duýanymda, netijä gelerin” diýip, ol aýtdy.

Tramp, 8-nji aprelde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen Ak Tamda gurnalan metbugat ýygnagynda, Eýran bilen gepleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi.

Netanýahu, Trampyň Eýran bilen diplomatiki ylalaşyga gelmek tagallalaryny goldaýandygyny we Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak maksadynyň umumydygyny nygtady. Tramp, harby çäreleriň zerur bolmagy halatynda, “Ysraýyl bu işe açyk-aýdyň gatnaşar” diýip belledi.

Taraplaryň ikisi-de Omandaky duşuşygyň, gepleşikleri geçirmek mümkinçiliklerine göz aýlamakdan ybarat boljakdygyny kesgitlediler. Tramp, gepleşikleriň “göni” boljakdygyny aýdýan bolsa, Eýran olary “gytaklaýyn” diýip häsiýetlendirýär. Trampyň aýtmagyna görä, ABŞ gepleşiklerde “köp zat talap etmeýär”, diňe Eýranyň “ýadro ýaragyna eýe bolmazlygyny” isleýär.

Birleşen Ştatlar Tähranyň ýadro ýaragyny edinmäge golaýlandygyna meňzeýändigi boýunça barha köp aladalaryny beýan edýär. Eýran uzak wagtdan bäri özüniň ýadro programmasynyň raýat maksatlaryna gönükdirilendigini öňe sürüp gelýär.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset, ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gepleşikleriň parahatçylykly çözgüt bilen tamamlanmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.

Mundan öň, Reuters gullugy alty sany B-2 kysymly bombalaýjy uçaryň Hindi ummanyndaky ABŞ-Britaniýa harby bazasyna ýerleşdirilendigini habar berdi.

Hegsethden bu uçarlar bilen Eýrana bir yşarat berilýändigi barada soralanda, ol: “Goý, muny olaryň özi çözsün” diýip jogap berdi we bu bombalaýjy uçarlaryň “uly mümkinçiliklere eýedigini” hem-de “ähli kişä habar iberýändigini” aýtdy.

Şeýle hem, ABŞ-nyň Maliýe departamenti 9-njy aprelde Eýranyň ýadro maksatnamasyna goldaw berýändigi öýdülýän bäş gurama we bir adama garşy täze sanksiýalaryň girizilendigini mälim etdi.

2015-nji ýylda ABŞ we beýleki dünýä döwletleri Eýran bilen giň gerimli ýadro ylalaşygyny baglaşyp, Tähranyň urany baýlaşdyrmagyny çäklendirmek we munuň deregine ykdysady sanksiýalary aýyrmak barada ylalaşypdylar. Ýöne 2018-nji ýylda Tramp özüniň birinji prezidenlik möhletiniň dowamynda, munuň "iň erbet ylalaşyk bolandygyny" aýdyp, ABŞ-ny ondan birtaraplaýyn ýagdaýda çykardy.

Forum

XS
SM
MD
LG