Türkmenistanda ýaşlaryň ýokary bilim almagy düýpli mesele bolmagynda galýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň ýokary mekdepleriniň sanynyň köpeldilendigine garamazdan, olara kabul edilýänleriň sany soňky 20 ýylyň içinde üzül-kesil azaldy. Iň ýaramaz ýeri-de, olara girmekde para-peşgeşiň, korrupsiýanyň giňden ýaýranlygydyr.
Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew giriş synaglary baradaky meseläni häzirden gozgamagy zerur hasaplapýar. Näme üçin? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi onuň bilen geçiren söhbetdeşligini hut şu sowaldan başlady.
Azatlyk Radiosy: Eýsem, şol sanawlar kimler tarapyndan düzülýär diýlip hasaplanylýar?
Aşyrguly Baýryýew: Sanawlaryň kim, has dogrusy, kimler tarapyndan düzülýändigini anyk aýtsak, hany subut et diýip ýakaňdan tutarlar. Ýöne olary okuwa almaga ýa-da almazlyga ygtyýary bolan wezipelileriň, ýagny ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň, olaryň belleýän giriş komissiýalarynyň başlyklarynyň taslaýandyklaryny güman etmek bolarmyka diýýän.
Garaşsyzlygymyzdan öň ýokary okuw mekdebine girmäge islendik abraýly mugallym, hasam dekanlar hemaýat berip bilýärdi. Häzir ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bu babatdaky ähli mümkinçilikleri öz elinde jemleýär, giriş synaglary bolsa formal bir çärä öwrülip gitdi diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.
Azatlyk Radiosy: Mundan häkimiýetleriň, hukuk goraýjy edaralaryň, ýörite gulluklaryň habarlary ýokmy näme? Bu jenaýatçylykly nogsanlygyň öňüni almak üçin çäreler görülmeýärmi?
Aşyrguly Baýryýew: Jemgyýetimiziň ösüşine örän zyýanly bu nogsanlykdan habarsyz ýokary wezipeli-de, degişli edara-da ýokmuka diýýän. Sebäbi onuň möçberi heläkçilikli ýagdaýda, ony uludan-kiçä hemme kişi bilýär, gürrüň edýär. Ýöne welin oňa garşy göreşiň alnyp barylýandygy hem göze ilip duranok. Dogry, resmiler Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň, bir dekanynyň, bir mugallymynyň parahorlukda aýplanyp, uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilendigini göreşiň bardygyna subutnama hökmünde getirip bilerler. Emma bu fakt ýeterlik däldir. Onsoňam rektorlyk wezipesinde bary-ýogy bir ýyldan sähel gowrak işlän gelniň kimdir biriniň „jynynyň” düşmeginiň, öz tejribesizliginiň pidasy bolan bolmagynyň ähtimallygyny aradan aýyrmak bolmaz. Ýöne birnäçe ýyllap şeýle wezipede towugyna tok diýilmän oturanlaryň ählisiniň eliniň arassalygyna halky ynandyryp bolarmyka?
Azatlyk Radiosy: Eýsem ýokary okuwa girmekde parahorlugyň soňuna çykmak, iň bolmanda, kemeltmek üçin, siziň pikiriňizçe, näme etmeli? Belki, tölegli okuw jaýlarynyň açylmagy muňa ýardam edip biler?
Aşyrguly Baýryýew: Ýok, ol meseläniň gutarnykly çözgüdi bolmaz. Korrupsiýa çümen emeldarlar ony-da paranyň, baýamagyň çeşmesine öwürmegiň tilsimini, usulyny taparlar. Ine, okuwa kabul etmek, giriş synaglaryny geçirmek hukugyny rektorlaryň elinden alsaň, olaryň garamagyndaky mugallymlary giriş synaglaryna gatnaşdyrmasaň, meniň pikirimçe, netijeli bolar. Jemgyýetçiligiň wekilleriniň, mekdep mugallymlarynyň çekilmeginde merkezleşdirilen giriş komissiýasyny döredip, kimiň haýsy okuw jaýynda ekzamen almalydygyny bije esasynda edil synagyň öň ýanynda kesgitlemek hem parahorlugyň öňüne böwet basmakda täsirli bolar. Şonda sanawlaryň düzülmegi-de, para bermek-de, tanyş-biliş görmek-de manysyny ýitirer diýip umyt etmek bolar.
Aşgabatly garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew giriş synaglary baradaky meseläni häzirden gozgamagy zerur hasaplapýar. Näme üçin? Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi onuň bilen geçiren söhbetdeşligini hut şu sowaldan başlady.
Garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýew
Aşyrguly Baýryýew: Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş ekzamenleri ýa-da häzir atlandyrylyşy ýaly, giriş synaglary hakyndaky gürrüňi hut şu günlerden başlamaly diýmegimiň sebäbi olara okuwa girmäge kandidatlaryň resmi däl, has anygy, juda ýaşyryn sanawlarynyň täze ýyl başlap-başlamanka düzülip ugralýandygyna bolan ynanjyň ilatyň aňyna pugta ornaşandygy bilen baglanyşyklydyr. Şol ynanç bolsa essasyz dälmikä diýýän. Elbetde, şol sanawlara adyňy saldyrmak üçin esli mukdarda, onda-da amerikan dollarynda para bermeli bolýandygy indi ýigrimi ýyla golaý wagtlap il arasynda ýörgünli gürrüňe öwrüldi. Ol ýa-da beýleki abituriýentiň öz güýji bilen okuwa girendigine ildeşlerimizi ynandyrmak barha kynlaşýar. Olar şol sanawlaryň synaglaryň möhletleri yglan edilmeginden iküç aý öň düzülip tamamlanýandygyny hem gürrüň edýärler.Azatlyk Radiosy: Eýsem, şol sanawlar kimler tarapyndan düzülýär diýlip hasaplanylýar?