Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda okuwçylar ogurlykda tutuldy; bikanun seks oýunjaklary konfiskasiýa edildi


Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri soňky döwürde okuwçylaryň arasynda jenaýat hadysalarynyň gitdigiçe köpelýändigini boýun aldy. Illýustrasiýa suraty.
Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri soňky döwürde okuwçylaryň arasynda jenaýat hadysalarynyň gitdigiçe köpelýändigini boýun aldy. Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynda okuwçylar bilen bagly jenaýatçylyk hadysalarynyň barha köpelýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy şu aýyň dowamynda okuwçylaryň bir toparynyň ogurlyk üstünde tutulandygyny habar berdi.

Читайте также на русском

“Sebitiň mekdepleriniň biriniň 11-nji klas okuwçylarynyň üçüsi geçen ýekşenbe güni ogurlan bir goýnuny we iki gara malyny 8 müň 600 manada satyp, bazary terk etmekçi bolanlarynda polisiýa tarapyndan saklandy” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berdi.

Okuwçylar ogurlygyny boýun alyp, muny 25-nji maýda geçirilen "Soňky jaň" dabarasyna pullanmak üçin edendiklerini aýdypdyrlar.

Şeýle-de, başga bir ýagdaýda 8-nji klas okuwçy 21 ýaşly başga bir raýat bilen mal ogurlygynda tussag edilýär. Ol bu etmişini "öýlerinde çörek almaga hem pullarynyň ýokdugy" bilen düşündiripdir.

Bellesek, Azatlyk Radiosy howpsuzlyk jähtinden mekdepleriň, okuwçylaryň atlaryny görkezmekden saklandy.

Mundanam başga, welaýatda ýokary, ýagny 8-nji, 9-njy, 10-njy, 11-nji klas gyz okuwçylarynyň göwreli bolýan halatlarynyň barha köpelýändigine hem üns çekilýär.

"Gyzlar göwrelidigini aýtmaga gorkup, bäş aý geçenden soň, çagasyny ýerli tebibe aldyrtjak bolýarlar. Gyzlaryň saglygy götermän, olar reanimasiýa bölümine düşdüler" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň polisiýadaky çeşmeleriniň biri Daşoguzda diňe şu ýylyň hasabyna kämillik ýaşyna ýetmän göwreli bolan 26 gyzyň hasaba alnandygy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ozal-da habar berişi ýaly, mundan üç aý ozal Daşogzyň merkezi şäherinde we käbir etraplarynyň mekdeplerinde okuwçylaryň el telefonlarynda pornografiýa mazmunly wideo-suratlaryň barlygy ýa ýoklugy barlanyp başlanypdy; şeýle-de, gyz okuwçylar ginekologiýa barlagyndan geçirilipdi.

Şol pursat, Daşogzyň ýerli resmileri bu barlaglaryň maskatlary we sebäpleri barada, Azatlyk Radiosyna nähilidir bir düşündiriş bermekden saklandylar.

Emma atlandyrylmasyzlygyny soran bir polisiýa işgäriniň sözüne görä, soňky döwürde okuwçy gyzlarynyň arasynda ten söwdasy bilen meşgullanmak ýaly ýagdaýlar artypdyr. Ýokarky barlaglar hem bu ýagdaýlar bilen göreşmegiň bir çäresi hökmünde amala aşyrylyp başlanypdyr.

Galyberse-de, ýurduň beýleki künjeklerinde hem okuwçylaryň jenaýat işlerine barha köp baş goşup başlandyklary bellenilýär.

Mysal üçin, şu aýyň başynda Lebabyň merkezi Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda pyçaklaşma bolup, 7-nji mekdebiň bir okuwçysy öldürilipdi. Mundan bir aý öň bolsa, Türkmenabatda okuwçylardan ybarat garakçylar toparynyň üsti açylypdy.

Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri soňky döwürde okuwçylaryň arasynda şeýle hadysalaryň gitdigiçe köpelýändigini boýun aldy.

“Ilat arasynda pedofiliýa hadysalarynyň - çagalar bilen jynsy aragatnaşyga girýänleriň köpelýändigi, mekdep okuwçylarynyň zorlanmagynyň görnetin artandygy hakynda hem köp gürrüň edilýär, emma häkimiýetler bolýan zatlary adamlardan ýaşyryp saklamaga çalyşýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi nygtady.

Bu aralykda, şu aýda Daşoguzda aýallar üçin niýetlenen jynsy, ýagny seks oýunjaklaryny bikanun satýan bir aýal maşgalanyň hem tussag edilendigi barada maglumat gowuşdy.

“25-nji maýda Akdepe etrabynyň ýaşaýjylarynyň biri Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysynyň üstünden, öz aýalyna seks oýunjaklaryny, has takygy wibratory satandygyny aýdyp, arza etdi. Barlagyň netijesinde arz edilen aýalyň öýünden seks oýunjaklarynyň onlarçasy tapyldy we konfiskasiýa edildi ” diýip, Azatlyk Radiosynyň polisiýadaky bir çeşmesi gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, seks oýunjaklaryny satan aýalyň ady, familiýasy belli bolsa-da, Azatlyk Radiosy olary çap etmekden saklandy.

Derňewçileriň soragy netijesinde, seks oýunjaklarynyň söwdasyny eden aýal harytlaryny, esasan, Türkiýeden we Russiýadan getirendigini aýdypdyr.

Maglumat üçin aýdylsa, gürrüňi gidýän harytlar 800-3,000 manat aralygynda satylypdyr.

Seks oýunjaklaryny satan aýala garşy jenaýat işi gozgalyp, ol günäli tapylan halatynda, oňa 3-5 ýyl türme tussaglynyň beriljekdigi aýdylýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasynda ýurtda bolýan jenaýat hadysalary, adam pidalary hakynda anyk maglumat berilmeýär.

Emma daşary ýurtlara çykan türkmenistanly studentleriň, zähmet migrantlarynyň arasynda jenaýata baş goşan adamlar hakynda daşary ýurt mediasynda yzygiderli maglumat çykýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanda ýüz berýän jenaýat hadysalary barada hem köplenç daşary ýurtlardaky websaýtlarda, garaşsyz metbugat serişdelerinde maglumat berilýär.

XS
SM
MD
LG