Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakyky bilim: Korrupsiýa duzagyndan nädip boşanmaly?


Aşgabatda bir mekdep
Aşgabatda bir mekdep
Türkmenistanda ýene bir okuw ýyly tamamlanýar. Bu ýene bir ýüz müň gowrak oglan-gyzyň gutardyş ekzamenlerini tabşyryp, durmuşyň nobatdaky synaglaryna tarap ugur aljagyny aňladýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň birnäçesiniň özara gürrüňdeşlikde tassyklamagyna görä, bilimdäki korrupsiýa mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň öňünde uly kynçylyk döredýär.

Eýsem türkmen halkyny yza çekýän, onuň güýçlenmegine, kuwwatlanmagyna däl, asgynlaşmagyna sebäp bolýan "bilim korrupsiýasyny" nädip azaldyp bolar?

Azatlyk Radiosynyň bu meselä bagyşlan “Tegelek stol” söhbetdeşligine ýerli synçylar Muhammet Kelemenow, Amanmyrat Bugaýew, Aşyrguly Baýryýew gatnaşdy.

Belki, söhbeti diňläp, siz hem öz pikirleriňizi aýdarsyňyz!

Bu her bir türkmen maşgalasynyň meselesi, diýmek siziň hem meseläňiz!

XS
SM
MD
LG