Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda okuwçylar pyçaklaşdy, häkimiýetler jenaýaty ýaşyrýar


Türkmenabatly mekdep okuwçylary
Türkmenabatly mekdep okuwçylary

“Türkmenabatda üç-dört günlükde mekdepleriň ýokary klas okuwçylarynyň arasynda pyçaklaşma boldy, 7-nji mekdebiň bir okuwçysy öldürildi” diýip, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky çeşmesi 1-nji maýda habar berdi.

Читайте также на русском

Lebap welaýatynyň adminstratiw merkezinde okuwçylar bilen bagly jenaýatçylyk hadysalarynyň barha köpelýändigi aýdylýar we Azatlyk radiosy bir aý ö[ Türkmenabatda okuwçylardan ybarat garakçylar toparynyň üstüniň açylandygyny habar berdi.

Şonda Azatlyk bilen telefonda gürleşen polisiýa işgärleri hem bu bolan işi inkär etmediler, emma anyk maglumat hem bermediler.

“Häzir şäherde iki adamyň başy çatylsa, mekdep okuwçylarynyň pyçakly urşy hakynda gürrüň edilýär, emma häkimiýetler bolan işiň jikme-jikliklerini berk ýaşyrynlykda saklamaga çalyşýar” diýip, Azatlygyň ikinji çeşmesi hem bu habary tassyk etdi.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen polisiýa işgäri soňky döwürde okuwçylaryň arasynda şeýle hadysalaryň köpelýändigini aýtdy.

“Gynansak-da, soňky döwürde okuwçylaryň arasynda jenaýatçylyk hadysalary örän köpeldi, olaryň ölüm bilen gutarýanlary hem bar. Şu sebäpden polisiýa ýokardan berk görkezme berildi: sagat 23:00-dan soň köçede görnen islendik ýetginjegi saklamaly” diýip, Azatlyk radiosynyň polisiýa bölümindäki çeşmesi gürrüň berdi.

Şeýle-de ol jaýlaryň howlularynda ýa köçede iki-üç bolup toparlanyşyp duran, özara gürleşip oturan ýaş ýigitleriň hem görlen ýerinde dargadylýandyny, olaryň göni öýlerine gitmeginiň talap edilýändigini aýtdy.

“Ilat arasynda pedofiliýa hadysalarynyň - çagalar bilen jynsy aragatnaşyga girýänleriň köpelýändigi, mekdep okuwçylarynyň zorlanmagynyň görnetin artandygy hakynda hem köp gürrüň edilýär, emma häkimiýetler bolýan zatlary adamlardan ýaşyryp saklamaga çalyşýarlar. Hatda köçe-ýol hereketi bilen bagly hadysalary hem gziläp saklamaga çalyşýarlar. Bir hepde çemesi ozal Türkmenabadyň Aşgabat etrabynda ýolagçy awtobusy agdaryldy, adam pidasy hem bar diýýärler, emma häkimiýetler hiç bir maglumat bermedi” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki mediasynda ýurtda bolýan jenaýat hadysalary, adam pidalary hakynda anyk maglumat berilmeýär. Emma daşary ýurtlara çykan türkmenistanly studentleriň, zähmet migrantlarynyň arasynda jenaýata baş goşan adamlar hakynda daşary ýurt mediasynda yzygiderli maglumat çykýar. Şol bir wagtda, Türkmenistanda ýüz berýän jenaýat hadysalary barada hem köplenç daşary ýurtlardaky websaýtlarda, garaşsyz metbugat serişdelerinde maglumat berilýär.

Mysal üçin, aprel aýynyň başynda Azatlygyň we“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň ýerli habarçylary Türkmenabatda üsti açylan talaňçy okuwçylar barada maglumat çap etdi.

Azatlygyň çeşmesi ol okuwçylaryň şäheriň 9-njy, 30-njy we 32-nji mekdeplerinde okandygyny habar berdi.

“Tussag edilen okuwçylar dekabr aýynda birnäçe adamy talandyklaryny boýun aldylar” diýip, çeşme aýtdy. Olar 27-nji dekabrda maýyp gyzy bilen ýaşaýan gartaşan aýalyň jaýyna kürsäp girip, olary onlarça gezek pyçakladylar we öýdäki pullary we gymmatbaha zatlary alyp gitdiler diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýekti ýazdy.

Aýdylmagyna görä, birnäçe mekdebiň ýokary klas okuwçylaryndan düzülen toparyň agzalary mart aýynyň aýagynda tötänden tussag edildi. Olar şondan öň adamlaryň hususy jaýlaryna zor bilen girip, öý eýelerini pyçak bilen gorkuzyp we pyçaklap, olaryň pullaryny we altyn şaý-seplerini talap gelipdir.

Azatlyk radiosy bu iş boýunça has anyk maglumat almak üçin telefon edende, Türkmenabat şäher polisiýasynyň we Lebap welaýat polisiýasynyň işgärlerimekdep okuwçylaryndan ybarat jenaýatçy toparyň üstüniň açylandygy baradaky fakty inkär etmediler.

Şäher polisiýa bölüminiň nobatçysy Azatlyk radiosynyňsoragyna “biziň özümiz size telefon ederis, şu telefon eden nomeriňizde garaşyň” diýip jogap berdi. Polisiýanyň Lebap welaýat bölüminiň işgäri bolsa, “beýle maglumaty telefonda bermeýändiklerini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG