Türkmen mediasy 12-nji awgustda, “Awazada” birinji Hazar ykdysady forumynyň soňundanguralan uly konserti görkezip, türkmen prezidentiniň öz agtygy bilen aýdan aýdymynyň fonunda onuň rus premýeri Dmitriý Medwedew bilen arasyndaky “dostluga” ünsi çekdi.
Bu aýdym birnäçe gün öň dünýä belli amerikan satirikleri tarapyndan ýaňsa alnyp, Türkmenistandaky awtoritar režimiň düýnäniň esasy akym mediasyna çykmagynda öz roluny oýnady.
Emma türkmen mediasy “Türkmengaz” we “Gazprom” kompaniýalarynyň arasynda dörän gaz dawalaryndan soň sowan türkmen-rus gatnaşyklaryny gözden salmagyny dowam etdirip, dört aý içinde Türkmenistana ikinji gezek gelen rus premýeri bilen nobatdaky alabaý diplomatiýasy üstünde gazanylan “üstünlige” aýratyn basym bermäge çalşan ýaly göründi.
“Gorki” kabulhanasynda surata düşürilen şekillerde... Berdimuhamedowyň Medwedewe ...sowgat beren Aýk atly türkmen alabaýy görkezilýär. Şondan bäri geçen döwrüň içinde güjük ep-esli ulalypdyr we hökümet kabulhanasyndaky durmuşa öwrenişipdir. Bu ýerde alabaýa ...Medwedewiň iş otagynda hem gezim etmäge mümkinçilik berilýär” diýip, türkmen telewideniýesi habar berýär.
Berdimuhamedow Medwedewden öň rus prezidenti Wladimir Putine hem alabaý güjügini sowgat berdi, şonda ol güjügiň adynyň Wepalydygy aýdylypdy.
Putine berlen Wepalydan tapawutlylykda, Medwedewe sowgat berlen güjügiň ady üýtgedildi. Ýogsa Medwedewiň “alabaý it tohumynyň ady dälmi?” diýip beren soragyna garamazdan, Berdimuhamedow onuň adynyň alabaýdygyny nygtapdy.
Aşgabadyň Moskwa bilen aradaky gaz dawasyndan soň işe girizen alabaý diplomatiýasynyň soňy ilki gaz söwdasynyň belli bir derejede dikelmegine getiren bolsa, indi rus-türkmen işewür gatnaşyklarynyň rus awtoulaglarynyň söwdasynyň hasabyna hem giňemegine, şol bir wagtda rus-türkmen goşa raýatlygynyň öňündäki böwetleriň hem aýrylmagyna getirjege meňzeýär diýip, synçylaýr aýdýarlar.
Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikiriçe, töweregi barhaçolarýan türkmen hökümeti indi Orsýet bilen Türkmenistanyň dostdugyny görkezmek isleýär.
Şol bir wagtda Panniýer Türkmenistanyň mundan öň, oňyn bitaraplyk syýasatyna duwlanyp, Orsýetden özüni ýigrimi ýyldan gowrak çetde tutandygyny, hatda rus generallarynyň owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlary bilen bagly eden tekliplerine hem “hä” bermändigini ýatlatdy.
“On ýyl mundan öň dörän gaz dawasyndan soň, rus-türkmen gatnaşyklary gowy boldy diýip bolmaz, emma o döwürde gazyň bahasy gowudy, Hytaýa we Eýrana satylýan gaz Aşgabadyň Moskwanyň täsirine garşy durmaga şert döredýärdi, sebäbi türkmen hökümetiniň ol wagt maliýe ýagdaýy gowurakdy” diýip, Panniýer sözüni Aşgabadyň häzirki ykdysady kynçylyklary, Hytaýa satylýan gazyň esasan bergileri üzmäge harçlanyşy baradaky gürrüň bilen dowam etdirdi.
“Bularyň hemmesi Kremldäki adamlaryň nazaryndan sypmady, olar Türkmenistanyň indi hakykatda dostunyň ýokdugyny, ýurduň ýüzbe-ýüz bolan ykdysady kynçylyklaryndan çykmak üçin-de başga kän ýolunyňgalmandygyny gördüler, indi Moskwanyň Türkmenistandaky ýagdaýlara täsir etmegi has aňsatlaşdy” diýip, ekspert aýtdy.
Panniýeriň pikiriçe, indi türkmen hökümeti ozalky ýyllarda bolşy ýaly garaşsyz işläp bilmez, sebäbi oňa Moskwadan kömek gerek we munuň üçin ol Orsýeti hoşwagt etmegiň pikirini eder.
Bu Türkmenistanyň günbatar kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykdan, şol sanda Transhazar geçirijisi ýaly proýetlrden el çekmegine, rus kompaniýalarynyň Türkmenistanda has kän orun almagyna alyp geler diýip, ekspert pikir edýär.