Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Salam, Dogan! Ene we çaga aýralygy jemgyýetiň ‘uly meselesine' öwrüldi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

"Salam, Dogan!" gepleşigimiziň ene we çaga aýralygy meselesine bagyşlan birinji bölegi 21-nji sentýabrda efire berildi we çap edildi, ýöne häkimiýetler oňa açyk reaksiýa bildirmediler. Sosial mediada, türkmen aktiwistleriniň YouTube kanallarynda yzda galan çagalaryny ýatlap, emeli ýagdaýda döredilen we kynlaşdyrylan aýralykdan nägileligini bildirýän eneleriň tejribesi bu meseläniň daşyndan görnüşinden has giň gerime eýe bolandygyny we türkmenistanlylary örän alada goýýandygyny görkezýär.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly enäniň sözlerine görä, Türkmenistandaky ene-ata we çaga aýralygy meselesi 90-njy ýyllaryň başynda, giň ýaýran neşekeşlik, işsizligiň we jenaýata baş goşýanlaryň, türmä basylýan adamlaryň köpelmegi, içerki we daşarky zähmet migratlarynyň sanynyň artmagy bilen çuňlaşdy we adaty bolmadyk şertlerde ulalan tutuş bir nesliň döremegine getirdi. Hünärmenler bu meseläniň tutuş jemgyýet bolup öwrenilmelidigini we çözülmelidigini aýdýarlar.

Ene we çaga aýralygyna bagyşlan gepleşigimize, birinji böleginde bolşy ýaly, ABŞ-da ýaşaýan türkmen analitigi Aýnabat Ýaýlymowa, polşada ýaşaýan maşgala psihology Oksana Wlasowa, Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwist Dürsoltan Taganowa gatnaşýar. Gepleşigimizi diňläp, bu meselede öz pikir-garaýyşlaryňyzy paýlaşmaga çagyrýarys.

Diňle: Salam, Dogan! Ene, çaga aýraçylygy we onuň mümkin bolan netijeleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG