Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen delegasiýasy 4-6-nji aprelde Moskwada GDA-ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşyp, ýurduň bu gurama nobatly ýolbaşçylygyny kabul etdi.
Türkmen DIM-niň websaýty türkmen delegasiýasynyň saparyň çäklerinde birnäçe resmi we iş duşuşygyny geçirendigini habar berýär.
"Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna rus böleginiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygynyň orunbasary W.A.Çuýçenko bilen bolan resmi duşuşygyň dowamynda, taraplar şu ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek mejlisiň anyk gün tertibini ylalaşdylar" diýip, habarda aýdylýar.
GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň maslahatynda gazak tarapy Türkmenistany bu gurama başlyklyga girişmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň hödürlän ýolbaşçylyk Konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hemme taraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy diýip, “Kazinform” halkara habar gullugy 5-nji aprelde Moskwadan habar berdi.
2018-nji ýylda bu gurama Täjigistan ýolbaşçylyk etdi.
Özbegisyanyň DIM-niň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 4-nji aprelde Moskwada, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň maslahatynyň gapdalyndan, Türkmenistanyň DIM-niň başlygy Reşit Meredow bilen Özbegistanyň DIM-niň başlygy Abdulaziz Kamilowyň duşuşygy boldy.
Habarda aýdylmagyna görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň 70% çemesi ösendigini bellediler.
Metbugat habarlaryndan belli bolşuna görä, geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň Özbegistandan $17 milliondan gowrak serişdä durýan oba hojalyk tehniklarynysatyn aljagy belli boldy, emma Türkmenistanyň Özbegistanda näçe million dollarlyk haryt satandygy aýdyň däl.
Şu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, türkmen serhetçileri Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Özbegistana ýerli harytlary geçirmegini gadagan etdiler.
Orsýetiň TASS habar gullugynyň 5-nji aprelde beren habaryna görä, Orsýetiň DIM-niň başlygy Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň DIM-niň başlygy Reşit Meredow, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň maslahatynyň netijeleri bilen baglylykda, halkara maglumat howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekdi.
"Bu Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen Orsýetiň arasynda gol çekilen şunuň ýaly yalalşyklaryň birinjisi" diýip, Lawrow aýtdy.
Emma habarda bu ylalaşygyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde nähili tagallalary durmuşa geçirjekdigi, nähili anyk çärleri görjekdigi anyklaşdyrylmaýar.