Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi


Suw üpjünçiliginden emele gelen bökdençligiň yz ýany, paýtagtyň käbir etrapçalarynda suw daşaýan ulaglar suw paýlady. 19-njy dekabr, 2024 ý. Aşgabat
Suw üpjünçiliginden emele gelen bökdençligiň yz ýany, paýtagtyň käbir etrapçalarynda suw daşaýan ulaglar suw paýlady. 19-njy dekabr, 2024 ý. Aşgabat

Aşgabat şäheriniň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi. Ýerli ýaşaýjylar bir gije-gündiz wagt bäri suwsuz galýar, ilatyň suw zerurlygy suw daşaýjy ulaglar arkaly bölekleýin giderilmäge çalşylýar.

Bu aralykda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda hem tok, suw we gaz üpjünçiliginde bökdençlik emele geldi.

“24 sagat bäri suw ýok. Şeýle awariýalaryň adatça bolýan ýeri bolan Änew şäherinde düýn gijesi bilen bejeriş işleri dowam etdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy dekabrda paýtagtly ýaşaýjylary sitirledi.

Ýerli ýaşaýjylar käbir etraplarda ýaşaýyş jaýlaryna suw daşaýan ulaglar bilen hojalyk suwlarynyň paýlanandygyny aýdýarlar.

Paýtagtyň suw üpjünçiliginde emele gelen bökdençlik barada, ilkinji bolup, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 18-nji dekabrda habar berdi.

Neşir şäheriň birnäçe etrabynda, şol sanda Parahat 7, Parahat 4, “Howdan”, Çoganly we 11-nji etrapçalarynda üpjünçiligiň kesilendigini aýtdy.

Bu sebitlerde hojalyk suwlarynyň kesilmegi bilen ýyladyş ulgamlary hem işlemegi bes edipdir.

Ýaşaýyş ýaý müdirlikleri bu problemanyň “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň garamagyndadygyny aýdýarlar. Bu birleşik Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň düzümindedir.

Paýtagtda bäş aý çemesi mundan ozal, täze agyz suw desgalary açylyp ulanylmaga berildi.

Maý aýynda Bagtyýarlyk etrabynda, döwlet metbugatyna görä, bir gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenen iri desga, prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, açylyp ulanylmaga berildi.

Bu desgada süzülen suw Çoganly, Şor-Garadamak, Tämiz suw we Täze zaman suw çatlymlaryna paýlanýar.

Şonda birnäçe hepde çemesi ozal, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde hem täze agyz suw desgasy açyldy.

Aşgabat şäheriniň agyz suw üpjünçiliginiň agramly bölegi Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän agyz suw toplumy arkaly ýola goýulýardy. 1969-njy ýylda işe girizilen bu toplumyň kuwwaty 2010-njy ýylda täze desgalar bilen giňeldildi.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri şäherde 24 sagat bäri dowam edýän suw üpjünçiligi problemasyny iri suw toplumynyň ýerleşýän sebitinde ýüze çykan bir näsazlyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Habarçymyzyň 19-njy dekabrda paýtagtdan iberen suratynda suw daşaýjy ýük ulagyndan suw alýan adamlary görmek bolýar.

Redaksiýa emele gelen üpjünçilik meselesi boýunça şäher häkimliginden hem-de “Aşgabatagyzsuw” birleşiginden teswir alyp bilmeýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndan maglumat berýän habarçysy hem gündogar sebitiň Çärjew etrabynyň Uluwahym, Orazaly, Darganly we Guşçular obalarynda 16-njy we 18-nji dekabr günlerinde tok, suw we gaz üpjünçiliginiň bökdelendigini habar berýär.

Orazaly obasynyň bir ýaşaýjysy bu ilatly ýerde ilki başda elektrik energiýasynyň, soňra bolsa tebigy gazyň hem-de suw üpjünçiliginiň kesilendigini aýdýar.

Darganly obasynyň ýaşaýjylary elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen azyk saklanýan ammarlardaky gök-bakja önümleriniň zaýalanmagyndan howatyr edýärler.

Bu problemalar sebite sowuk howa akymynyň aralaşýan pursatlaryna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň bökdelmeginden soňra, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň ýylylyk üpjünçiliginiň hem kesilendigini aýdýar.

“Adamlar, elektrik togunyň kesilmegi bilen, sowukdan ejir çekdi. Meniň öýümde 8 aýlyk çaga bar. Ol hem ýaramady. Öý telefonlary hem işlemedi. El telefonlarynda hem düzüwli signal tutmady. Tiz kömek çagyrjak boldum emma ahyrsoňy, goňşymyň ulagynda hassahana gitdik. Ol ýerde hem elektrik togy ýok ekeni” diýip, Uluwahym obasynyň bir ýaşaýjysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir saglyk işgärine salgylanyp, 17-nji dekabrda etrap hassahanasynda generator ulanylyp bir hassanyň operasiýa edilendigini aýdýar.

Lebap welaýatynyň gaz üpjünçilik edarasynyň bir işgäri tebigy gaz üpjünçiliginde gaýtalanýan bökdençligi içerki gaz geçirijileriň sandan çykmagy bilen düşündirýär.

Ýöne ahyrsoňy, gündogar sebitiň obalarynda elektrik üpjünçiligi gaýtadan dikeldilipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG