Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerli ýaşaýjylar köne gaz geçirijileriň täzelenmegini soraýar, gazyň basyşy pes bolmagynda galýar


Illýustrasiýa suraty. Gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri kiçi gaz turbalaryny kebşirleýär. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleri kiçi gaz turbalaryny kebşirleýär. Arhiwden alyndy.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň gaz üpjünçiligi ýaramazlaşýar. Sebit ýaşaýjylary bu problemalar boýunça ýaňy-ýakynda ýerli edaralara ýüz tutupdyrlar. Ýöne hojalyklaryň gaz meselesi heniz hem kanagatlanarly jogap tapmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

“Ýaşaýyş jaýlaryna berilýän tebigy gaz kesilýär, üpjünçilik kadaly ýola goýulmaýar” diýip, birnäçe tagtabazarly aýdýar.

Olar bu mesele boýunça ýaňy ýakynda Mary welaýatynyň gaz üpjünçilik müdirligine ýüz tutupdyrlar.

“Jogapkär ýolbaşçylar gazyň basyşyny tehniki taýdan güýçlendirmegiň mümkin däldigini aýtdylar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Gaz edarasynyň ýolbaşçylary özleriniň bu beýanatlaryny bar bolan gaz geçirijileriň könelişendigi, basyş ýokarlandyrylan halatynda ýer astyndan çekilen turbalaryň çat açmagynyň mümkindigi bilen düşündirýärler.

Üpjünçilik edarasy howa şertleriniň, şol sanda çygly ýa-da sowuk howanyň hem geçirijileriň ömrüne täsir edip bilýändigini aýdýarlar.

“Otuz ýyl ozal çekilen turbalary täzelemek üçin, býujetden pul bölünip berilmeýär. Şol sebäpden, gaz geçirijileri bu golaýda çalşyryp bolmaz” diýip, gaz üpjünçilik edarasynyň bir ýolbaşçysy şikaýat bilen öz edaralaryna baran tagtabazarly ýaşaýjylara aýdypdyr.

Hünärmenler gaz geçirileriň ulanyş möhletiniň hiline we ýasalan materialyna görä üýtgäp bilýändigini aýdýarlar.

Dürli çeşmeler polatdan ýasalan turbalaryň ömrüniň 50 ýyldan 100 ýyla çenli, demir turbalaryň 75 ýyldan 100 ýyla çenli, plastik turbalaryň bolsa 50 ýyldan 70 ýyla çenli bolup bilýändigini aýdýarlar.

Ýöne geçirijileriň ulanyş möhleti toprak, howa we beýleki şertlere, şol sanda materiallaryň hiline laýyklykda üýtgäp bilýär. Bu ugurda ýöriteleşen maglumat çeşmeleri, meselem, goragsyz polat turbalarynyň ömrüniň 20 ýyldan 30 ýyla çenli, ýa-da köne 1970-nji ýyllarda öndürilen plastik we polietilen turbalaryň ömrüniň 20 ýyldan 30 ýyla çenli gysga bolup bilýändigini aýdýarlar.

Tebigy gaz serişdelerine baý Türkmenistanda tas ähli welaýatlar, esasan, garaşsyzlygyň irki ýyllarynda gazlaşdyryldy we şol döwürlerde hatda käbir iň çet sebitlere çenli gaz geçiriji turbalar çekildi.

Tagtabazar etrabynyň ýaşaýjylary häzirki wagtda şol turbalar könelensoň, gaz üpjünçilik edarasynyň işgärleriniň gazyň basyşyny pes saklaýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan etrap ýaşaýjylary özleriniň şeýle arz-şikaýatlar bilen prezidente ýüz tutup bilmeýändiklerini, sebäbi şeýle meseleler bilen bagly ilki bilen ýerli häkimiýetlere ýüz tutmagyň tabşyrylandygyny aýdýarlar.

“Öňler prezident poçtasy bolardy, adamlar göni prezidente arz-şikaýat bilen ýüz tutup bilerdi. Häzir şeýle şikaýatlar haýsy edaralara degişli bolsa, ilki bilen şol edaralaryň özüne ýüz tutmak talap edilýär” diýip, etrap ýaşaýjysy aýdýar.

Welaýatda gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz geçirijileri çalyşmak, olaryň durkuny täzelemek, abatlamak, gaz ölçeýji enjamlaryny gurnamak we sökmek işleri “Marygazüpjünçilik” müdirliginiň üstüne ýüklenýär.

Ähli welaýatlarda gaz üpjünçiligine gözegçilik edýän şeýle müdirlikler bolup, olar “Türkmengazüpjünçilik” birleşmesiniň garamagyndadyr. Bu birleşik bolsa, “Türkmengaz” döwlet konsernine degişlidir.

Içerki gaz geçirijileriň könelmegi, olardan gazyň syzmagy, gaz basyşynyň pes bolmagy baradaky habarlar soňky wagtlarda ýurduň beýleki welaýatlarynda hem ýygjamlaşyp başlady.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu sebitde hem düýpli abatlaýyş işlerine mätäç içerki turbalardan gaz syzmalarynyň hasaba alynýandygyny habar berdi.

Şonda habarçymyz Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda uzynlygy 20 kilometr bolan bir iri gaz geçirijiniň, gaz syzmalary sebäpli, geçen ýyllarda zordan täzelenip berlendigini habar berdi.

Gyş aýlarynda howanyň temperaturasynyň aşaklamagy bilen hojalyklarda tebigy gaz zerurlygy has-da artýar.

Türkmenistanyň nebit-gaz resmileri oktýabrda paýtagt Aşgabatda geçirilen bir energetika forumynda ýurduň içerki gaz geçiriji ulgamynyň giňeldilýändigini aýtdylar. Olar şeýle giňeltmelere gurulmagy göz öňünde tutulýan Şatlyk – Garagum we Garagum – Malaý gaz geçirijilerini, şeýle-de Naýyp – Derýalyk hem-de Döwletabat – Derýalyk gaz geçirijilerini birleşdirmegi göz öňünde tutulýan uzynlygy 58 km-lik täze bir geçiriji ulgamyny mysal görkezdiler.

Mary welaýaty ýurduň gaz känlerine baý sebitleriniň biri bolup, Tagtabazar etrabynyň hut özünde hem birnäçe gaz känleri ýerleşýär.

Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň göwrümi boýunça Russiýa, Eýran we Katardan soňra, dünýäde dördünji orunde gelýär.

1990-njy ýyllaryň başlarynda ýurduň ähli sebitlerinde ýer astyndan çekilen içerki gaz geçirijiler köpçülikleýin gurlup başlandy. Paýtagt Aşgabat 1970-nji ýyllaryň ikinji ýarymynyň başlarynda geçiriji arkaly çekilen tebigy gaz bilen tanyşdy. Şonda Minara (Maýsk) – Aşgabat – Büzmeýin gaz geçirijisi çekilip, gündogar sebitlerden, esasan häzirki Gazojak şäherinde ýerleşýän gaz känlerinden çykarylan mawy ýangyç paýtagta getirilip başlandy. Munuň yz ýany, Aşgabat – Krasnawodsk (häzirki Türkmenbaşy) gaz geçirijisi çekildi.

Azatlyk Radiosy ýurduň gaz geçiriji ulgamlarynyň könelmegi we günorta-gündogar sebitlerde gaz basyşynyň peselmegi boýunça ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG