Türkmen häkimiýetleri ilaty dürli hökümet çäreleri, şol sanda döwlet serişdesine gurulýan gurluşyklar üçin meýletin ýagdaýda pul, serişde bermäge mejbur etmek praktikasyny ýyl aýagynda “täze belentliklere çykardy, bu gezek Arkadag säheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin pul ýygnalýar, ýurt tozdy, emma bularyň Arkadag şäherinden başga aladasy ýok” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.
Bu habar Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji dekabrda öz syýasy adyny göterýän şähere iş saparyny edip, onuň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek we täze desgalar üçin maýa goýumlaryny tapmak barada beren görkezmesiniň yz ýanyna gabat geldi.
Balkan welaýat häkimligi, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi welaýatyň gurply, baý hasaplanylýan telekeçilerinden Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üçin pul ýygnalýar diýip, habarçy aýry-aýrylykda gürleşen damlaryna salgylanyp aýtdy. Onuň sözlerine görä, şäher gurluşygyna maýa goýmak talaby esasynda, telekeçileriň “Rysgal” bankyndaky pullaryna “dawa salynýar”.
Welaýat telekeçiler birleşmesinde işleýän çeşmäniň tassyklamagyna görä, “bu talap paýtagtdan gelipdir”.
“Arkadagyň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna pul tapmak üçin içerki telekeçileri maýadar, şäher gurluşygyna meýletin pul ýatyrýan inwestor höküminde görkezip, welaýatlardaky telekeçileri talajak bolýarlar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, hepdäniň ikinji güni, 17-nji dekabrda sebitiň ähli telekeçisini çagyryp, ýygnak geçiripdirler.
“Ýygnagy welaýat häkimi, MHM-niň ýerli wekili, welaýat telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçysy geçirdi. Olar Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna telekeçileriň ýardam bermelidigini, ýerli gurluşyk kompaniýalary, supermarket eýeleri, önüm öndürýän telekeçiler öz işlerini gijikdirseler, munuň üçin olara azar berilmejekdigini aýtdylar” diýip, çeşme aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe telekeçiniň tassyklamagyna görä, telekeçiler, gurply adamlar bank hasaplaryndaky pullaryny, azyndan 5 ýyl möhlet bilen, Arkadag 2-njiniň gurluşygyna geçirmeli edilýär.
Bu talaba garşy çykjak bolan telekeçilere gaty-gaýrym zat diýmän, ýumşaklyk bilen “ýygnakdan kowulmak ähtimallygy, bank hasaplarynyň doňdurylmagy, lisenziýalarynyň ellerinden alynmagy” ýaly çäreleriň görlüp bilinjekdigi düşündirildi diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.
“...ýurduň boýnuna syrtmak bolan adamyň adyn göterýändigi üçin, bu şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy ýurduň ilatyna gaty gymmat düşjege meňzeýär. Il içinde oňa adam ýaşamaýan şäher, boş şäher, öli şäher diýen ýaly atlar dakyldy. Arkadag şäherinde öňki gurlan jaýlaryň hem köpüsi boş dur” diýip, golaýda bu şähere baryp, aýlanyp gören sebit ýaşaýjysy aýtdy.
Onuň pikiriçe, ozal Aşgabatda we beýleki şäherlerde hem köplenç boş duran uly desgalar guruldy, ‘ummasyz halk serişdesi’ ýele sowruldy.
“Ilatyň aglaba bölegi garyp ýaşaýar, ýaş çatynjalarda iş, gazanç mümkinçiligi pes, gymmatbaha jaýlary satyn almaga gyzyklanma bildirýän adam tas ýok” diýip, ýene bir ýaşaýjy özünden öňki gürleşilen raýatlaryň pikirlerini tassyklady.
Onuň pikiriçe, daşary ýurtlara eksport edilýän energiýa serişdeleriniň berýän girdejisi ýurtdaky beýleki pudaklara, ýol gurluşygyna, elýeterli ýaşaýyş jaýlaryna harçlanan bolsa, aragatnaşyk, demirýol, uçar gatnawlary ösdürilse gowy bolardy.
Azatlyk nobatdaky pul ýygnamak çäresi barada häkimiýetlerden resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum