Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin özüniň 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabr güni Aşgabada amala aşyran resmi saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasy boýunça federal kanunyň taslamasyny 7-nji aprel güni Döwlet dumasynyň garamagyna hödürledi.
Читайте также на русском
Agzalýan şertnama 10 ýyl möhlet bilen baglaşylyp, onuň mazmunyda özara gyzyklanma döredýän meselelerde taraplaryň pozisiýalary boýunça ylalaşyga barmak üçin yzygiderli ýokary derejede duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hronika Türkmenistan neşiriniň agzalýan resminama salgylanyp, 8-nji aprelde beren maglumatynda dokumentdäki käbir maddalara, şol sanda “üçünji döwletler bilen beýleki tarapyň özygtyýarlylygyna, howpsuzlygyna we territorial eldegrilmesizligine zyýan ýetirýän şertnamalary baglaşmakdan ýüz öwürmek”, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeler ulgamynda özara hyzmatdaşlyk we bu pudakda kadrlary taýýarlamak, olaryň hünärlerini ýokarlandyrmak”, “terrorçylyga garşy hyzmatdaşlyk we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek” ýaly maddalara üns çekilýär.
Gürrüňi edilýän resminamanyň 12-njy maddasynda “taraplar özüniň beýleki tarapyň çäginde ýaşaýan raýatlarynyň hukuklaryny goraýar we olara öz aralarynda baglaşylan halkara şertnamalaryň esasynda, şeýle-de umumy kabul edilen halkara hukuk normalarynyň çäginde degişli kömekleri berýär”.
Strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasynyň maddalaryna laýyklykda taraplar öz ýurtlarynyň çäklerinde ýaşaýan degişli etniki toparlaryň, etniki, dil, medeni we dini özboluşlylyklarynyň goragyny üpjün edýär. Agzalýan özboluşlylyklaryň goralyp saklanmagy, ösdürilmegi, şeýle-de adamlaryň medeni, sosial we ykdysady durmuşa, şol sanda taraplaryň kanunçylygy esasynda, döwlet işlerine gatnaşmaklaryna şertleri döredýär diýip, Hronika Türkmenistan neşiri degişli resminama salgylanyp habar berýär.
Ýatladyp geçsek, mundan ozalky ýyllarda Orsýet bilen Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda geçirilýän käbir duşuşyklarda goşa raýatlar boýunça meseleler gozgalyp gelinýärdi.
Goşa raýatlyk boýunça meseleler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda taraplaryň arasyndaky “wawwaly çigniň” özeni bolmagynda galyp, bu ýagdaýlar bilen bagly iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hronologiýasyna ser salnanda munuň şeýledigini görmek bolýar.
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylypdy. On ýyl çemesi wagtdan soň, ýagny 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada agzalýan Ylalaşygyň ýatyrylmagy barada protokola gol çekildi. Oňa Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gol goýdular, ýöne Türkmen Mejlisiniň bu ylalaşygyň protokolyny, sese goýup, resmi suratda tassyklandygyna garamazdan, rus Dumasy ony tassyklamakdan boýun gaçyrypdy.
Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul eden täze Konstitusiýasynda goşa raýatlyk inkär edilýär.
Türkmen-rus raýatlygy bilen bagly meseleler Aşgabadyň, 2013-nji ýylyň iýulyndan başlap, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň diňe bir ýurduň pasportyny saklap biljekdigi baradaky girizen düzgüninden soň has-da çylşyrymlaşyp, şol wagt, başga bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň graždanlaryna berilýän daşary ýurt pasportlarynyň berilmejekdigi aýdylypdy.
Türkmenistan 2013-nji ýyldan başlap rus pasportuna eýe bolan türkmenistanly raýatlarynyň öňünde pasportlaryň birinden-birini saýlamagy talap edip başlan-da bolsa, Orsýet öz çäginde ýaşap türkmen pasportuna eýe bolan raýatlaryna rus pasportuny bermeklige, ýagny iki ýurduň arasyndaky goşa raýatlygy ykrar etmäge dowam etdi. Sebäbi, ondan ozal, 2003-nji ýylda iki ýurduň şol wagtky prezidentleriniň arasynda “goşa raýatlygy ýatyrmak” boýunça gol çekilen Protokol Türkmen Mejlisinde tassyklanan-da bolsa, bu resminama Rus Dumasynda tassyklanmandy.
Ýöne 2015-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň raýatlary Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny almakçy bolsalar, öz ýurtlarynyň raýatlygyndan çykandyklary barada dokument görkezmeli bolupdylar. Şonda Orsýetiň Daşary işler ministrligi “Türkmen tarapynyň bu ädimini kanunalaýyk, sebäbi ol ylalaşygyň şertlerine laýyk gelýär” diýip öz ýaýradan beýanatynda aýdypdy.