Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý žurnalistlere Moskwanyň Aşgabatdan gaz almagy dikeltmek barada gepleşik geçirmeýändigini aýtdy diýip, rus metbugaty habar berýär.
Ol Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda gaz söwdasyny dikeltmek baradaky gepleşikleriň nähili barýandygy baradaky soraga jogap berip, “Meniň bilişimçe, hiç hili. Biz gaz almagy kesemizde arakesmä gol çekdik, şol hem hereketde” diýdi. Şeýle-de Ýanowskiý gepleşikleriň 2019-njy ýylyň aýagyna çenli bolmajakdygyny belledi.
Şol bir wagtda türkmen-rus gaz söwdasynyň dikeldilmek ähtimallygy ýa-da bu baradaky gepleşikleriň barşy hakyndaky sowalyň nähili habar ýa maglumat esasynda berlendigi we rus resmisiniň iki ýurduň arasynda doňdurylan gaz söwdasyny gaýtadan ýatlatmagynyň sebäbi belli bolman galýar.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça analitigi Brýus Panniýeriň pikirine görä, rus resmisiniň bu meseläni birden gün tertibine getirmegi tötänlik bolmasa gerek.
“Rus resmileri esassyz ýa aňyrsynda bir sebäbi bolmadyk zatlary asla aýtmaýarlar. Ol ýerde hemişe sebäp bar, olar näme üçin birden bu barada gürrüň gozgadylar? Meniňçe, olar Türkmenistana biz seniň bilen ýene gaz hakynda gürleşmäge gyzyklanýarys diýip yşarat edýärler” diýip, ekspert Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gaz söwdasynyň dikeldilmegi baradaky gepleşikleriň barşy baradaky gürrüň Türkmenistanda azyk bahalarynyň yzygiderli gymmatlaýan, dollaryň kursunyň barha ýokarlanýan wagtyna gabat geldi.
Ekspertler Türkmenistanyň nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy, Orsýet, Eýran ýaly iri gaz alyjylaryny ýitirip, diňe Hytaý bilen galmagy, üstesinegeçen ýyl Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlary üçin çykarylan uly çykdajylar, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmezligi netijesinde iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Şu sebäpden, Panniýeriň pikirine görä, Orsýetiň bu meseläni ýatlatmagy hakykatdanam gaz almagy dikeltmek islegi bilen bagly bolup biler. Ýöne olar bu barada göni aýtman, öz şertleriniň bardygyny, bu şertlerden Aşgabadyň habarlydygyny ýatladýan bolsa gerek diýip, ekspert çaklaýar.
“Haçanda Türkmenistan bilen Orsýetgaz söwdasy barada gürrüň edende, bu indi söwda prosesi däl: Orsýet diňe biziň aljak gazymyz şu we tölejek pulumyz şu diýýär, Türkmenistan bolsa hawa ýa ýok diýmeli, onda başga seçgi ýok. Eger ol biz gaz satjak, ýöne köpräk pul isleýäris” diýse, bu ýagdaýda gürrüň edil şol ýeriň özünde gutarýar” diýip, Panniýer aýtdy.
Bellemeli ýeri, türkmen-rus gaz gepleşikleri meselesi diňe rus resmileri tarapyndan gytaklaýyn ýatladylmaýar. Bu usul türkmen resmileri tarapyndan hem ulanylýar. Mysal üçin, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew geçen ýylyň noýabrynda iki gezek ýurduň Ýewropa hem-de GDA ýurtlaryna tebigy gaz ibermäge taýýardygyny ýatlatdy.
Türkmen resmisiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň demirgazyk tarapa hereket edýän magistral gaz geçiriji ulgamy bar. Bu geçiriji arkaly ozal Orsýete we GDA ýurtlaryna tebigy gaz iberilýärdi we, tranzit-ýurtlar bilen gepleşilip, belli bir ylalaşyklara gelinse, bu gaz geçiriji Türkmenistandan Ýewropa we GDA ýurtlaryna gaz ibermek üçin ulanylyp bilner.
Arçaýew gönüläp aýtmasa-da, tranzit-ýurtlar we ylalaşyk diýlende, bu ýerde Orsýet barada gürrüň gidýändini aňlamak kyn däl.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2015-nji ýylyň başynda “Gazpromy” satyn alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplady. Şondan soň, 2015-nji ýylyň iýunynda, “Gazprom Eksport” ‘Türkmengaz” döwlet konserniniň üstünden Stokgolmadaky arbitraž suduna şikaýat etdi. Ol şikaýatda Türkmenistandan satyn alnan gazyň bahasyna gaýtadan seretmek soralýar.
Netijede, “Türkmengaz” 2016-njy ýylyň ýanwarynda “Gazprom” bilen şertnamasyny birtaraply bozýandygyny yglan etdi.