Belli-meşhur satiraçy Trewor Noanyň (Trevor Noah) alyp barýan "Gündelik tomaşa" (The Daily Show) gepleşignde türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baradaky degişmeli kinaýalardan soň, HBO kanalynda efire berilýän “John Oliwer bilen Geçen hepde bu agşam” (Last week tonight with John Oliver) atly gepleşikde-de türkmen prezidenti baradaky ýaňsyly gürrüňler täzeden gozgaldy.
Iňlis dili dünýä jemgyýetçiliginde giňden tomaşa edilýän bu gepleşikleriň dünýä belli alyp baryjylary öz muşdaklaryny we tomaşaçylaryny Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gaýybana tanyşdyrdy.
Jon Oliwer soňky wagtlarda Berdimuhamedowyň ölen bolmak ähtimallygy barada ýaýran myş-myşlara salgylanyp gepleşigine başlaýar.
Ýöne Oliwer Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň prezidentiň dynç alyşy barada ýaýlyma beren ýarym sagatlyk gepleşigi bilen bu myş-myşlary ýalana çykarmaga synanyşandygyny aýdýar. Soňra tomaşa gepleşiginde türkmen prezidentiniň bowling oýnap, saz çalyp, ulag sürüp hem-de at çapyp döwlet telewideniýesinde düşen wideolary tomaşaçylara görkezilýär.
WIDEO: Jon Oliwer bilen "Geçen hepde bu agşam"
Jon Oliwer gepleşiginde türkmen prezidentiniň Garagum çölündäki “Dowzahyň derwezesi” atlandyrylýan ot çukurynyň daş-töwereginde ulag sürüp aýlanyşyny teswirleýär: “Ölen adam ot çukurynyň daşynda ulagly aýlanyp bilmez-ä” diýip, ol sözüni ýetirýär.
Soňra Oliwer türkmen prezidentiniň türkmen Ahalteke atlary bilen gatnaşygy barada gürrüňi dowam edýär. Ol tomaşaçylaryna Berdimuhamedowyň atlary çyn-ýürekden söýýändigini düşündirmäge synanyşýar.
Jon Oliwer türkmen prezidentiniň Rowaç taýçanaga bagyşlap ýazan goşgy setirlerini amerikaly tomaşaçylara iňlis dilinde diňletdirýär.
Bu goşgunyň iňlis dilinde efire berlen pursatlarynda türkmen prezidentiniň atyň şekilleri bilen bezelen iş stolunda oturyp düşen suraty görkezilýär.
Soňra Berdimuhamedowyň Rowaç taýçanagyň boýnundan tutup düşen suraty tomaşaçylara görkezilýär. “Rowaç görgüliň ýüz keşbine bir serediň. Onuň ýüzi-gözi göýä “men hem indi [çydamok]” diýýän ýaly” diýen sözler bilen Oliwer tomaşaçylarynyň "içini gyrýar".
Soňra alyp baryjy Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda atdan ýykylan wideosyny efirde görkezýär. “Berdimuhamedow atdan ýykyldy, ýöne atyň ýagdaýy gowy!” diýip, Oliwer diňleýjilerini köşeşdirýär.
Berdimuhamedowyň atly wideosyny efire bermezden öňürti Jon Oliwer Türkmenistandaky adam hukuklarynyň ýagdaýyny tomaşaçylara ýatladýar. Şeýle-de ol ýurduň azat metbugat boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda alýan ornuny ýatladýar.
Jon Oliwer Berdimuhamedowyň atlara bolan “tükeniksiz yşgyny suratlandyrýar”, onuň atlar barada ýazan birnäçe tomluk kitabyny agzaýar. Türkmenistanyň prezidentiniň atlar barada ýazan kitaby “Amazon” söwda saýtyndan ýörite satyn alnyp, oňa ugradylypdyr. Wäşi tomaşaçylaryna kitapdan bir setir okap berýär. Onda at bilen adamyň gatnaşygy barada kitapda aýdylan “jöwher paýhas” mysal getirilýär.
Gepleşigiň dowamynda Oliwer tomaşaçylaryny Türkmenistanyň alan Ginnes rekordlary bilen tanyşdyrýar; Aşgabadyň ak mermerlerini, Türkmenistanda köpçülikleýin ýerine ýetirilýän guramaçylykly welosiped sürmek çärelerini hem-de beýleki rekord goýlan çäreleri agzaýar.
Jon Oliwer gepleşigini läheň tort kesip jemleýär. Tortuň ýüzüne türkmen prezidentiniň atdan ýykylýan pursatlaryny görkezýän surat çekilipdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.