Pakistan umumy bahasy 8 milliard dollarlyk Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji (TOPH) taslamasynyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyna badalga berilmezden ozal, Türkmenistandan gazyň bahasyna täzeden seredilmegini soraýar diýip, Pakistanyň “The News” neşiri habar berýär.
“Biz gaz geçirijiniň Pakistandan geçýän bölegine girişilmeginden ozal gazyň bahasynyň arzanladylmagy boýunça gepleşik geçirmegi sorap, Türkmenistanyň häkimiýetlerine bäş aý mundan ozal hat ýazdyk” diýip, Pakistanyň ýokary derejeli energiýa resmisi “The News” neşirine aýtdy.
Neşiriň habar bermegine görä, degişli resmi hindi, owgan, türkmen hem-de pakistanly resmileriň Aşgabatda geçiren umumy duşuşygynda-da özleriniň gazyň bahasynyň arzanladylmagyny sorandyklaryny mälim edipdir. Neşiriň maglumatynda Aşgabatda geçirilen duşuşygyň wagty agzalmaýar.
Beýleki bir ýokary derejeli pakistanly hökümet resmisi “The News” neşirine beren gürrüňinde türkmen wekiliýetiniň 17-nji iýunda Pakistana sapar etjekdigini, iýunyň aýagyna bolsa gazyň bahasyna täzeden seretmek üçin “Türkmengaz” kompaniýasynyň Pakistana öz wekillerini ugratjakdygyny aýdypdyr.
Türkmenistan gurluşygynyň öz çäginden geçýän bölegine 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berlen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen ýylda 33 miliard kub metr gaz satmagy göz öňünde tutýar.
14-nji iýunda Azatlyk Radiosy TOPH bilen bagly Pakistan metbugatynda çykan habar boýunça Beýik Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça lektory Luka Ançeski bilen gürrüňdeş boldy.
“Meniň pikirimçe TOPH bilen bagly bu soňky waka ynjalyksyzlandyryjydyr. Bu gaz geçirijiden iberilmeli gazyň 90 prosentini Pakistan we Hindistan satyn alýar. Pakistan umumy gazyň 45-46 prosent töweregine isleg bildirýär. Bahalar boýunça geçirilýän islendik gürrüň gaz geçirijiniň girdejililigini pese gaçyrýar. Pakistan gazy has arzan bahadan aljak bolýandyr. Şol nukdaýnazardan, [bahalara täzeden seredilmegi boýunça bu soňky waka] TOPH proýektiniň amala aşyrylmak ähtimallygyny we mümkinçiliklerini has-da sorag astyna alýar” diýip, Ançeski aýtdy.
Bu taslama arkaly degişli ýurtlara iberiljek gazyň bahasy boýunça anyk sanlar köpçülige mälim däl.
www.petroleum-economist.com neşiri Türkmenistanyň ýangyç eksporty we ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünlilik barada 10-njy iýunda çap eden makalasynda, Türkmenistanyň TOPH arkaly Owganystana ýylda 5 miliard kub metr, Pakistana ýylda 14 miliard kub metr hem-de Hindistana her ýylda 14 miliard kub metr gaz ibermegi göz öňünde tutýandygy mälim edilýär.
Maglumatda Aziýanyň ösüş bankynyň taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly mümkinçilikleri barlamak üçin hemaýat edendigi hem-de Yslam ösüş bankynyň gaz geçiriji taslama 700 million dollar möçberinde maliýe serişdesini karz berendigi mälim edilýär.
“Bahalar boýunça geçiriljek islendik gürrüň Türkmenistanyň TOPH-dan aljak girdejisini pese gaçyrýar” diýip, Ançeski pakistan metbugatynda gazyň nyrhy barada çykan habarlary teswirleýär.
Eskpert türkmen-hytaý gaz geçiriji taslamasy bilen TOPH taslamasynyň gurluşyklary döwründäki ritorika ünsi çekýär.
Onuň tassyklamagyna görä, Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň 2009-njy ýylda işe girizilmegi bilen Türkmenistan şol döwre çenli ýeke-täk alyjy bolan Russiýa gaz söwdasynda garaşlylykdan halas bolmalydy; ýöne häzirki wagtda TOPH-yň gurluşygy dowam edilýär diýilýän wagty, Türkmenistan ýene-de ýeke-täk alyjydan, bu sapar Hytaýa garaşlylykdan halas boljak bolýar.
“2009-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň [gaz söwdasynda] o diýen möhüm üýtgeşme bolmady. Eger üýtgeşme bolan bolsa, oňa Russiýanyň çekilmegini mysal berse bolar. Ol hem pozitiw ösüş däl” diýip Ançeski belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.