Türkmenistanda geçen ýyldaky pile karary üýtgedilmän, diňe ýyly üýtgedilip, telewideniýede efire berildi, Azatlyk bilen gürleşen daýhanlar we býujet edaralarynyň işgärleri ýene pile aladasyna galandyklaryny aýtdylar.
Bu alada ýurtda tut gaçlarynyň we tut ýapraklaryny hroniki ýetmezçiligi bilen bagly.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Dokma senagaty ministrligini, welaýatlaryň häkimliklerini 2019-njy ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürilmegini üpjün etmäge borçlandyrýan karara gol çekdi.
Türkmen telewideniýesi bu kararyň ýurtda öndürilýän piläniň möçberini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigini belleýär.
Şeýle karar geçen ýylyň başynda hem kabul edilipdi. Emma ýylyň dowamynda Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlar prezidentiň pile baradaky kararynyň mejburylyk, aldaw-hile bilen utgaşandygyny, emma ýüpek gurçugyny saklamak, idetmek bilen bagly kynçylyklaryň azalmandygyny, üstesine, satyn alyş nyrhlarynyň hem öňküligine galandygyny habar berdiler.
Pile taýýarlamak hakyndaky täze karar türkmen prezidentiniň oba hojalygynda täze reformalary teklip eden wagtynyň yz ýanyna gabat gerlýär. Bu reformalar döwletiň oba hojalyk önümlerini satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmagy hem öz içine alýar. Emma kararda piläniň daýhanlardan täze nyrhlar esasynda alnyp-alynmajagy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Pagta babatda bolşy ýaly, pileçilik hem Türkmenistanda sowet döwründen bäri mejbury zähmet bolmagynda galýar.Ýüpek gurçuklaryny saklamak üçin ýörite jaýlaryň, tut ýapraklarynyň ýetmezçilik etmegi döwletiň pile planlarynyň dolmazlygynyň bir sebäbi bolsa, ikinji sebäp döwlet satyn alyş nyrhlary bilen bagly. Azatlyk bilen gürleşýän oba adamlary, tölenýän pula seretseň, piläniň çeken zähmetiňe degmeýän işdigini aýdýarlar.
Bu ýagdaý oba ýerlerinde ýaşaýan mekdep mugallymlarynyň hem,beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri bilen deň hatarda, oba hojalyk işlerine çekilmegine, şol sanda ýüpek gurçuklaryny idedip, pile öndürmäge mejbur edilmegine alyp gelýär.
Azatlygyň habarçylarynyň ýurt içinden beren maglumatlaryna görä, geçen ýyl Daşoguzda daýhanlar aldawa salnyp, ýalan wada bilen ýüpek gurçuklaryny idetmäge mejbur edildi.
“Daşoguzda häzir ýüpek gurçugyny idetmek, gündelik tut ýapraklaryny ýygyp, gurçuk naharlamak işleri dowam edýär, ýöne daýhanlar özleriniň gurçuk tohumlaryny alyp, aldawa düşendiklerini aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy 2018-nji ýylyň 20-nji maýynda habar berdi.
Daýhanlaryň tassyklamagyna görä, Daşoguz welaýatynyň oba arçynlary geçen ýyl idetmek üçin bir guty gurçuk tohumyny alan adamlara öz bahasyndan 200 kg künjara we 200 kg kepek bermegi wada berdiler. Ýöne soň olar özlerine düşýän künjarany, kepegi sorap baranlarynda,“beýle zat ýok, idetseňiz döwletiň gurçugyny idedýärsiňiz” diýen jogaby aldylar.
Gurçuk tohumlary köplençkärende ýeri bolan adamlara paýlanyp berilýär, eger gurçuk idedip, pile tabşyrmasalar, kärende ýerleriniň ellerinden alynjagy bilen haýbat atylýar. Ýöne bu ol adamlaryň ählisiniň gurçuk idedip, pile tabşyrýandygyny aňlatmaýar.
Azatlygyňbilen anonimlik şertinde gürleşen daşoguzly daýhan öz obalarynda alan gurçuk tohumyny bada-bat ýere gömüp, zeýkeşlere zyňyp ýok edýänleriň-de az däldigini, olaryň pile salgydyndan arçyna pul töläp gutulýandygyny gürrüň berdi.
Maryly we lebaply kärendeçileriň Azatlygyň habarçylaryna gürrüň bermeklerine görä, arçynlygyň ýüpek gurçuklaryny aldyrmak üçin daýhanlarapolisiýa bilen bilelikde basyş görkezýän, gurçuk tohumyndan boýun gaçyranlara düşündiriş ýazdyrýan wagtlary hem bolýar.
Resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlara görä, Türkmenistanda daýhanlara paýlanyp berilýän gurçuk tohumlary esasan Hytaýdan satyn alynýar. Emma gurçuk tohumlaryna çykarylýan altyn puluň soň näderejede özüni ödeýändigi, prezidentiň pile baradaky tabşyryklarynyň nähili ýerine ýetýändigi anyklaşdyrylmaýar.
Türkmenistanda her ýyl, ýurdy bag-bossana öwürmek programmasynyň çäginde, ýüzlerçe müň agaç nahaly oturdylýar.