Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Türkmenistanda pile möwsüminde býujet işgärleriniň zähmetinden peýdalanylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

“Şu ýylky pile möwsüminde-de býujet işgärleriniň zähmet güýjünden peýdalanylýar” diýip, 5-nji aprelde Azatlyk Radiosy bilen atlandyrylmazlyk şertinde gürrüňdeş bolan daşoguzly diňleýjimiz habar berdi.

Sözümiziň başynda maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň döwlet metbugatynda 9-njy fewralda peýda bolan habarda ýurtda döwlet baştutany tarapyndan 2018-nji ýylda 2030 tonna pile öndürmek plan borçnamasynyň kararlaşdyrylandygy habar berilýär.

Ýurduň içinden habarlaşan gürrüňdeşimiziň sözlerinden çen tutulsa, ýüpek önümçilignde bu ýyl hem ozalky ýyllarda bolşy ýaly mekdep okuwçylarynyň, oba lukmanlarynyň we oba golaýyndaky döwlet edaralarynyň işgärleriniň zähmet güýjünden peýdalanylýar.

Ýurduň içinden gizlinlik şertinde habarlaşýan söhbetdeşimiz gürrüňdeşligiň dowamynda ýurtdaky pile möwsüminiň guramaçylygy we alnyp barlyşy barada, şeýle-de piläniň agramyna tölenýän tölegler barada käbir maglumatlar berdi.

“Geçen ýyl döwlet 1-nji sort piläniň 1 kilogramyny 7 manatdan, pes hiliniň kilogramyny 1 manatdan satyn aldy. Ýüpek gurçugyny [ýetişdirmek] iň agyr işleriň biridir. 40-50 kilogram piläni ýetişdirmek üçin azyndan 200 düýp tut agajy, 150 inedördül metrlik [ýapyk] otag zerur. Şeýle-de, [agzalýan mukdardaky piläni öndürmek üçin] bir maşgalada işe ýaraýan 5 adam günüň dowamynda sagatlap zähmet çekmeli” diýip, demirgazyk welaýatyndan habarlaşan diňleýjimiz gürrüň berdi.

Pile önümçiligine işsizleriň işjeň gatnaşýandygyny göz öňünde tutan söhbetdeşimiz, öz ýaşaýan ýerinde işsizleriň sanynyň köpdügini belledi.

Şol bir wagtyň özünde, gürrüňdeşimiz welaýatda pile önümçiliginde zerur bolan tut agaçlarynyň ýetmezçilik edýändigine ünsi çekdi.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda ýüpekçilikde zerur bolan tut agaçlarynyň ýetmezçilik edýändigi baradaky gürrüňler ýyldan-ýyla gaýtalanýan-da bolsa, ýurtda şu ýylyň mart aýynda köpçülikleýin oturdylan 3 million sany agaç nahalynyň arasynda tut agaçlarynyň bardygy ýa-da ýokdugy döwlet metbugatyndaky maglumatlarda aýdyňlaşdyrylmaýar.

“Pile saklamak üçin ýörite jaýlar umuman ýok, şol sebäpden adamlar öýlerinde ýüpek gurçugyny ýetişdirip, özleri bir aý meýdanda ýatyp turmaly bolýar” diýip, daşoguzly gürrüňdeşimiz sözüne dowam edýär.

Şeýle-de, kärendeçi daýhanlaryň döwlete tabşyran pilesiniň zähmet haklaryny doly alýandygyny emma sözümiziň başynda agzalan býujet işgärleriniň deregine, olara geçirilmeli tölegi işgärleriň işleýän edaralarynyň ýolbaşçylarynyň alýandygyny söhbetdeş bolan diňleýjimiz aýratyn belledi.

Türkmenistanda ýüpekçilik pudagyna döwlet derejesinde çemeleşilýär we sowet döwründen başlap, ýurt garaşsyzlygyny alany bäri her ýyl bu pudagyň zähmetkeşleriniň öňünde plan borçnamalary goýulýar.

Pileçilik möwsümine badalga berilmezden ozal, ýurtda ýokary derejede geçirilýän hökümet maslahatlarynda agzalýan pudagy ösdürmek baradaky talaplar döwlet baştutany derejesinde ýyldan-ýyla gaýtalanýar.

Ýöne ýurduň köpçülikleýin media serişdelerinde, ýüpekçilik bilen meşgullanýan adamlary bökdeýän kösençlikler barada, meselem, has anyk aýdylanda, tut agaçlarynyň ýetmezçiligi dogrusynda gürrüň edilmeýär.

Taryh çeşmelerine salgylanyp, umumy maglumat üçin aýdylsa, ýüpekçilik öz gözbaşyny biziň eramyzdan öňki dördünji müňýyllykdan alyp gaýdýar. Taryhda asyrlaryň dowamynda hytaýlylar ýüpek önümçiliginde dünýäde öz monopoliýalaryny döredýärler. Hatda muňa aýratyn senet hökmünde garalyp, Hytaýda ýüpek önümçiliginiň tilsimleri döwlet syry hökmünde saklanýar. Biziň eramyzdan soňky 1-nji müňýyllygyň ortalaryna ýüpek gurçugyna wizantiýalylar hem eýe bolup ýüpekçilik dünýä giňden ýaýrap başlaýar.

Taryhdaky iň wajyp söwda ýollarynyň Ýüpek ýoly atlandyrylmagy hem bu pudagyň adamzat üçin taryhy ähmiýetine ünsi çekýär.

Şeýle-de, jemgyýeti öwrenijileriň aýtmaklaryna görä Türkmenistanda halk arasynda pilä yrsgal döwletiň nyşany hökmünde-de garalýar. Hasyl ýygnalanda ilkibaşda “ak zat alnyňa ýagşy” diýlip, pile maňlaýa sylynýar.

XS
SM
MD
LG