Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin, işgärlerden pul toplanýar


Gurçuk tohumyny idetmek üçin işgärlerden tutulýan puluň mukdary 75 manat.
Gurçuk tohumyny idetmek üçin işgärlerden tutulýan puluň mukdary 75 manat.

Mary welaýatynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminiň başlanmagy bilen her bir edara-kärhanalara hem gurçuk tohumlarynyň berilmeli edilendigi barada maglumatlar bar.

Читайте также на русском

Welaýat, etrap ýolbaşçylary döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan plan-borçnamany daýhanlaryň üstüne ýükleýärler. Emma işgärlerden her edip, hesip edip pul almak maksady bilen, edaralaryň hasabyna hem gurçuk tohumyny paýlamaly diýip görkezme berýärler.

“Edara-kärhanalaryň gurçuk tohumyny idetmek üçin ýöriteleşdirilen jaýlary barmy ýa ýokmy, olar gurçuk tohumyny idetmek üçin, tut ýapraklaryny nireden almaly, bu barada mesele gozgalmaýar. Diňe pylan edara pylança gurçuk tohumyny bermeli diýip görkezme berýärler. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary wezipeden kowulmaklaryndan ätiýaç edip, görkezme barada seslerni çykaryp bilmeýärler. Soňra bolsa, hamana, gurçuk tohumyny idetmek üçin pylança pul berseňiz, ony daýhanlaryň üstüne atarys diýilýän gürrüňler bilen ylalaşyp, edara-kärhanalaryň işgärlerinden pul toplap başlaýarlar” diýip, özüni Ýegenmyrat diýip tanyşdyran edara işgäri aýdýar.

Ýegenmyradyň aýtmagyna görä, gurçuk tohumyny idetmek üçin işgärlerden tutulýan puluň mukdary 75 manat. Öz gezeginde işden kowulmakdan ätiýaç edýän edara işgärleri bu puly çagalarnyň agzyndan kesip, edara ýolbaşçylaryna bermeli bolýarlar.

Gurçuk tohumyny idetmäge daýhanlarda hem höwesiň azalandygyny ýaşaýjylardan eşitmek bolýar. Edil pagtanyň satyn alyş nyrhynyň galdyrylmaýanlygy ýaly, piläniň satyn alyş nyrhyny hem galdyrmaýarlar. Bir kilogram pile üçin döwlet tarapyndan tölenýän 7 manat puluň çeken azabyňa degenok.

“Ol bir kiläňe tölenýän 7 manat hem piläň ýokary hilden kabul edilse berilýär. Emma pilaňi pes hilden kabul etseler, onda bu töleg her kiloň üçin 1 manatdan düşýär. Piläni kabul ediş punktlarynda nämeleriň edilýändigini bilmersiň, piläň aňsat-aňsat ýokary hilden kabul edilmeýär” diýip, pileçi Abadan aýdýar.

Gurçuk tohumlaryny idetmek üçin ýöriteleşdirilen jaýlaryň hem köp daýhanlarda ýoklugy aýdylýar. Üstesine tut plantasiýalary hem obalarda ýeterlik däl. Tutlar çapylyp, ol ýerlerden mellek ýa kärende ýerler paýlandy.

“Tut eker ýaly obalaryň golaý-goltumynda ýer hem ýok. Bar bolan tut agaçlaryna hem eýeçilik gözi bilen garalmaýar. Tut çybyklaryny çem gelen ýagdaýda güýz aýlary mala iým üçin çapýarlar. Tut agaçlary ýazda çapylyp, kelleklenenden soňra, onuň çykaran täze çybyklaryny güýz aýlary çapsaň, pile döwri olarda geregiçe ýaprak bolmaýar, şol sebäpli hem tut ýetmezçiligi aradan aýrylmaýar” diýip, pileçiler aýdýarlar.

Kä halatlarda bolsa gurçuk tohumyny idetmek islemedik kärendeçileriň kärende ýerlerini elinden almak haýbaty atylýar. Şol sebäpli kärendeçiler gurçuk tohumyny mejbury alyp idetmeli bolýarlar.

XS
SM
MD
LG