Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Millionlap arça ekdirýän hökümet 2030 tonna pile hasylyny isleýär


Ýüpek gurçuklary
Ýüpek gurçuklary

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen daýhanlaryny şu ýyl 2030 tonna çig piläni öndürmäge borçlandyrýan karara gol çekdi, emma ýurtda tut agaçlarynyň ýeterlik ekilmeýändigi, ozaldan boý alyp oturan tut agaçlarynyň bolsa ýa ideg edilmän, ýa gorapylyp ýok edilýän halatlarynyň hem az däldigi aýdylýar.

TDH habar gullugynyň 9-njy fewralda ýazmagyna görä, bu karar esasynda şu ýyl Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürilmeli.

9-njy fewralda ýurtda 3 million düýp agaç nahalyny ekmek barada hem karar kabul edildi, ýöne ol ekiljek nahallaryň arasynda tut agaçlarynyň bardygy ýa ýokdugy anyklaşdyrylmaýar. Bu mundan öňki ýyllarda hem şeýle boldy.

Türkmenistanda daýhanlara sowet ýyllaryndan bäri ýüpek gurçuklarynyň tohumlary berlip, ýokardan berlen pile planyny doldurmak talap edilýän-de bolsa, ýüpek gurçugyny idetmek üçin zerur bolan tut ýapraklaryny bol etmek meselesi soňky 25 ýylda hem ünsden düşürildi diýip, Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen daýhan aýdýar.

“Daýhanyň talap edilýän plany dolmagy hemişe, bir tarapdan howa, ýylyň gelşine bagly bolsa, ikinji tarapdan ýerli häkimiýetleriň döredýän şertlerine bagly. Emma soňky ýigrimi bäş ýylda häkimiýetler şert bilen az gyzyklanýarlar, diňe plan dolmagy talap edýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk bilen gürleşýän beýleki daýhanlar hem oba hojalyk önümlerini, şol sanda pile öndürmek üçin amatly şertleriň döredilmeýändigini aýdýarlar.

“Ýörite jaý tapyp, ýüpek gurçuklaryny wagtynda, çaga naharlan ýaly naharlap, pile hasylyny alsaň-da, bütin maşgala bolup çekilen zähmete edilýän tölegden göwnüň kän ýylamaýar” diýip, özüni Atadurdy diýip tanadan ahally daýhan gürrüň berdi.

Maryly Saparyň Azatlyk radiosy bilen öňräk eden söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, Garaşsyzlyk ýyllarynda pileçilik pudagy dargamak derejesine çenli aşak gaçdy, köp ýerde tut agaçlary çapylyp, odun edilse, kä ýerlerde tut plantasiýalary ýok edilip, ol ýerler mellek üçin paýlandy.

Prezident Berdimuhamedow soňky hökümet maslahatynda ýüpekçiligi ösdürmek, bu pudagy hä­zir­ki se­na­gat de­re­je­si­ne çy­kar­mak barada öňden edilýän talaplary gaýtalady. Emma metbugdatndan ýüpekçileri köseýän kynçylyklary aradan aýyrmak barada edilen anyk gürrüňleri görüp ýa eşidip bolmaýar.

Bellemeli ýeri, Berdimuhamedow geçen ýylyň dowamynda oba hojalygyndaky işleriň ýagdaýyny yzygiderli tankytlady we, tejenli agronomyň sözleri bilen aýtsak, bu ugurdaky reformalary çaltlandyrmagy "umuman, meseläniň özenine aralaşman" talap etdi.

Bu umumy talap täze, 2018-nji ýylda hem eýýäm birnäçe gezek gaýtalandy. Şol bir wagtda-da prezident indi oba hoja­ly­gy­nda zäh­me­ti gu­ra­ma­gyň tä­ze usulyna geçmegi talap edýär.

Berdimuhamedow geçen annada wi­se-prem­ýer Esenmyrat Oraz­gel­di­ýe­we Se­nagatçy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len bi­le­lik­de her we­la­ýat­dan bir daý­han bir­le­şi­gi­ni hu­su­sy gör­nüş­de iş­le­mä­ge ge­çir­mek me­se­le­si­niň üs­tün­de iş­le­me­gi tab­şyr­dy. Aýdylmagyna görä, soň­ra beý­le­ki daý­han bir­le­şik­le­ri­ hem işiň şu gör­nü­şi­ne ge­çir­iler.

Häzirlikçe bu täze synagyň detallary belli däl. Emma soňky ýyllaryň tejribesi ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň "Täze oba syýsatynyň-da", häzirki prezidentiň yglan eden oba syýsatynyň-da o diýen netijeli bolmandygyny tassyklaýar.

Bu şowsuzlyk prezidenleriň öz aýdan sözlerinde hem boýun alynýar.

XS
SM
MD
LG