Türkmenistanyň bazarlarynda söwda medeniýetiniň peselýändigi, käbir satyjylaryň soňkuja puluna düşjek azyk önümlerini almaga gelen alyjylary utandyrmakdan, kemsitmekden hem çekinmeýändigi hakynda maglumatlar gelip gowuşýar.
Azatlyk radiosynyň habarçysy bu ýagdaýy anyklamak üçin Aşgabadyň bazarlarynyň birnäçesine aýlandy we ozaly adamlaryň näme üçin döwlet dükanlaryna däl-de, bazarlara gelýändiklerini sorady. Onuň bu soragyna döwlet dükanlarynda gözlenýän harydyň köplenç ýokdugyny aýdyp jogap berdiler.
Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň “Mir bazarynda” daşary ýurtdan getirilen towuk butlaryny almaga gelen gartaşan adamlaryň birnäçesiniň “utandyrylyşyna” şaýat boldy.
Bu ýagdaý şeýle bolup geçdi: 70 ýaşlary çemesindäki garry ene 30 ýaşlaryndaky satyja ýüzlenip, özüniň iki towuk buduna pulunyň ýetmejegini aýtdy we olaryň biriniň berilmegini sorady.
Habarçynyň tassyklamagyna görä, bu towuk butlary uly bolup, olaryň biri 1 kilogram ýa ondan hem köp çykýar. Üstesine, towuk butlarynyň 1 kilogramynyň bahasy ýazgyda 8 manat diýlip görkezilen hem bolsa, satyjylar olary ortaça 9, 9.50 manatdan satýarlar.
Satyjy bir towuk buduny soran aýala gülüp: “Aý, daýza, aljagyň bir towuk budy bolsa, bazara gelip nätjekdiň? Adamlaryň kellesini agyrdyp ýörmän, öýüňde otursaň bolmadymy?” diýdi. Alyjy aýal bu söze boz-ýaz bolup, başga biri eşiden bolaýmasyn diýen şekilde töweregine ýaltaklady diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüňini dowam etdi.
“Bu hili ýagdaý diňe bir ýa iki adam bilen bolanok, satyjylary “akyla” çagyrjak bolýanlar hem bar, emma adamlar her iki ädimde diýen ýaly goýlan polisiýa işgärlerinden çekinip, seslerini çykarmaýarlar, bazar ýolbaşçylaryna baryp, arz edeniň hem peýdasy ýok, olar ýa “Özüňiz oňşuň” diýýärler, ýa-da satyjynyň arkasyny alýarlar” diýip, bazardaky ýagdaýy gowy bilýän ýerli ýaşaýajylar habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.
Satyjylar bilen az pully alyjylaryň arasynda döreýän “düşünişmezlige”, towuk butlaryndan başga, ýerli şertde öndürilýän bolgar burçlary hem sebäp bolýar.
Habarçynyň maglumatyna görä, Türkmenistanda öndürilýän bolgar burçlarynyň bir kilogramy ozal 5-6 manatdan satylan bolsa, soňky bir hepdede onuň bahasy 25 manada ýetdi, daşary ýurtlardan getirilýän dürli reňki bolgar burçlary bolsa, bir hepde ozal 12-16 manatdan satylan bolsa, indi olaryň kilogramy 50 manatdan geçdi. Bu ýagdaý ýurt içinde öndürilen bolgar burçlarynyň gizlenip satylýan haryda öwrülmegine getirdi.
Eli ýuka alyjylar esasan Türkmenistanda öndürilen bolgar burçlaryny soraýarlar, alyjylar bu soraga “bar, ýöne kilogramy 25 manatdan” diýip jogap berýärler.
“Meniň 25 manatlyk burç almaga ýagdaýym ýok, şoň üçin maňa iki sanyjak burç çekip beräý” diýip, 67 ýaşlaryndaky alyjy satyja ýüzlendi. “Men saňa iki sany bolgar burç satmak üçin tekjäň aşagynda gizläp goýan harydymy çykarjak däl, git” diýip, 25 ýaşlaryndaky satyjy onuň ýüzüni aldy diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistanda bazarda söwda etmek üçin zerur dokumentlerini düzeden adamlaryň, düzgün boýunça, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýanyndaky bir hepdelik kursy tamamlamagy talap edilýär.
“Emma bu kursda söwda medeniýeti däl-de, yzgytsyzlyk öwredilýän ýaly, bazarlarda gödek satyjy sanardan kän” diýip, Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynyň golaýynda ýaşaýan pensioner, ozalky söwda işgäri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Adynyň aýdylmazlygyny soran pensioner Türkmenistanda bazar, söwda medeniýetiniň sowet ýyllarynda hem öwerlik bolmandygyny, çürkenen alyjylaryň satyjylary “ütüji” diýip atlandyrandygyny hem sözüne goşdy we "häkimiýetler bu meselä baş galdyrsa, gowy bolar" diýdi.