Düýn “Hronika Türkmenistan” neşiri Aşgabadyň käbir bazarlarynda içi pagta bilen doldurylan ýasama towuk etleriniň tekjelerde peýda bolandygyny habar berdi.
“Döwlet dükanlarynda towuk eti awgustyň ortalarynda ýitirim boldy. Daşogzuň bazarynda satyjylar boş paketleri towugyň iç-goşy bilen dolduryp, hamala, towuk eti satýar” diýip, “Türkmenistanyň hronikasy” ýazýar.
Azatlygyň çeşmesi Aşgabadyň bazarlarynda içi pagta bilen doldurylýan towugyň söwdasy baradaky gürrüňleri tassyklady.
“Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynyň tekjelerinde içi pagta bilen doldurylan galp towuklar peýda boldy. Satyjylaryň özleri bulary “pagta towuk” atlandyrýarlar” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmesi gizlinlik şertinde maglumaty tassyklady.
Türkmenistanyň resmi hem-de hökümetçi metbugat serişdelerinde wagtal-wagtal azyk harytlardan doldurylan söwda tekjeleriniň ýokary hilli suratlary halka ýetirilýär.
“Baryp iýun aýynda döwlet dükanlarynda towuk etiniň söwdasy haýallady. Hususy dükanlarda towuk etiniň 1 kilogramynyň bahasy 15 manatdan 20 manada çenli yzygiderli ýokarlandy. Ýerli towuk etiniň 1 kilogramynyň resmi bahasy 13 manatdan bolmaly” diýip, aşgabatly çeşme gürrüň berdi.
“Towuk eti awgust aýyndan başlap döwlet dükanlaryndan ýitirim boldy. Awgustyň başyndan başlap towuk eti diňe bazarlaryň tekjelerinde her ele 1-den satylyp başlandy” diýip, çeşme aýtdy.
Ol gepiň gerdişine görä, bazarlarda arzan bahadan çäkli mukdarda satylýan alma we bananlar barada-da maglumat berdi:
“Arzan banan we alma çäkli mukdarda 1 kilogramy 6 manatdan satylýar” diýip, çeşme belledi.
Azatlygyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy Aşgabadyň azyk-haryt üpjünçiliginiň ýagdaýy barada mundan bir hepde ozal maglumat berdi:
Ol maglumatynda Aşgabadyň bazarlarynda towuk etiniň, pagta ýagynyň, un-çöregiň, hem-de ýumurtganyň kadaly üpjünçiliginiň göze ilýändigine ünsi çekdi.
“Orsýetde öndürilen “Oleýna” ýagynyň 3 litri 36 manat, pagta ýagynyň 1 litri 2 manat 60 teňňe” diýip, habarçy belledi.
“Mümkin, regionlarda gytçylyk bolandyr, ýöne Aşgabatda haryt bol” diýip, habarçy sözüne goşdy.
“Un önümleri – makaron, spagetti, lapşa we ş.m-ler elýeterli bahadan satylýar, ýöne Orsýetden, Türkiýeden getirilen önümler gymmat bahadan; Italiýada, Ýewropada öndürilen harytlar has gymmat bahadan satylýar” diýip, habarçy sözüni jemledi.
Düýn Azatlygyň daşoguzdaky habarçysy unuň 50 kilogramlyk 1 gabynyň bahasynyň 380 manada durýandygyny habar berdi.
Onuň sözlerine görä, Daşoguzda 1 kilogram et 38 manatdan (resmi kursdan 10 dollar, “gara nyrhdan” 2 dollar töweregi), 1 kilogram jylka et 59 manatdan (resmi kursdan 17 dollar, “gara nyrhdan” 3 dollar töwereginde) bahalanýar, şeýle-de iň arzan çöregiň 1 sanysy 6-7 manada durýar.
Şol bir wagtyň özünde, habarçy düýnki maglumatynda bazarlarda ýalan-ýasama harytlaryň hem peýda bolýandygyny belledi. Ol senagat harytlaryň, hususan-da diş pastalaryň, hem-de Wash & Go, Head & Shoulders ýaly şampunlaryň ýasama görnüşleriniň hakykysyndan biraz arzan bahadan bazarlarda peýda bolandygyny aýtdy.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy martyň ortasynda Gazagystanda öndürilýän unlaryň gaplaryna ýerli unlaryň doldurylyp satylýan bolmagynyň ahmaldygyny aşgabatly ençeme öý bikelerine salgylanyp habar beripdi.
Gepiň gysgasy, düýn garaşsyz neşir ýerli habarçylaryna salgylanyp, Aşgabatda we Daşoguzda peýda bolan “görkezme-esbap” towuk etleri barada maglumat berdi. Azatlygyň paýtagtly çeşmesi bu maglumaty tassyklap, şol etleri “Gülüstan” bazaryndaky satyjylaryň “pagta towuk” atlandyrýandygyny aýtdy. Beýleki bir habarçymyz paýtagtyň elýeterli azyk-haryt üpjünçiligine ünsi çekdi. Daşoguzly çeşme gymmatçylygyň dowam edýändigini nygtady, hem-de ýurduň ýasama haryt önümçiligine ünsi çekdi.