Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyga 'azyk bolçulygyny' mazamlaýan ýasama towukly, satyjysyz tekjeleriň suratlary gelip gowuşdy


Aşgabadyň "Gülistan" bazarynda ýasama towukly, satyjysyz tekjeler
Aşgabadyň "Gülistan" bazarynda ýasama towukly, satyjysyz tekjeler

Türkmenistanda azyk gytçylygy ýiti duýulýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy ýurtda "azyk bolçulygyny" mazamlaýan ýasama towukly, satyjysyz tekjeleriň suratyny iberdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynda satylýan bu ýasama towuk etleriniň dürli daşky ölçegdedigini aýdýar.

“Olaryň käbiriniň daşky şekili ýumşak bolup, käbiri dürli geometriki ölçegde. Bu ýasama towuklaryň ýerleşdirilen tekjelerinde satyjy ýok. Döwlet dükanlarynda towuk etlerini we butlaryny satmaýarlar. Olary diňe bazarlarda satýarlar. Ýöne nobatlar sebäpli olary satyn almak mümkin däl diýen ýaly” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Paýtagtdaky habarçymyz döwlet tarapyndan kesgitlenen söwdegärleriň towuk etlerini diňe irden satýandygyny, ýöne paýtagtyň käbir bazarlarynda towuk butlarynyň 20-nji sentýabrda, öýländen soňra hem satylandygyny aýtdy.

“Düýn her adama “Gülüstan” bazarynda iki we “Mir” bazarynda üç but satypdyrlar. Ýöne şu gün “Gülüstan” bazaryndaky özbaşdak söwdegärlerden towuk etlerini, ölçegine görä, 20-22 manatdan satyn alyp bolýar” diýip, habarçymyz belledi.

Hakyky towuk eti
Hakyky towuk eti

Ýatladyp geçsek, 18-nji sentýabrda “Hronika Türkmenistan” neşiri Aşgabadyň käbir bazarlarynda içi pagta bilen doldurylan ýasama towuk etleriniň tekjelerde peýda bolandygyny habar berdi.

“Döwlet dükanlarynda towuk eti awgustyň ortalarynda ýitirim boldy. Daşogzuň bazarynda satyjylar boş paketleri towugyň iç-goşy bilen dolduryp, hamala, towuk eti satýar” diýip, neşir çap eden habarynda ýazypdy.

Şonda Azatlygyň çeşmesi hem, Aşgabadyň bazarlarynda içi pagta bilen doldurylýan towugyň söwdasy baradaky gürrüňleri tassyklady.

“Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynyň tekjelerinde içi pagta bilen doldurylan galp towuklar peýda boldy. Satyjylaryň özleri bulary “pagta towugy” atlandyrýarlar” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky çeşmesi gizlinlik şertinde maglumat berdi.

Türkmenistanyň resmi hem-de hökümetçi metbugat serişdelerinde azyk harytlardan doldurylan söwda tekjeleriniň ýokary hilli suratlary wagtal-wagtal halka ýetirilýär.

“Towuk eti awgust aýyndan başlap döwlet dükanlaryndan ýitirim boldy. Awgustyň başyndan başlap towuk eti diňe bazarlaryň tekjelerinde her ele 1-den satylyp başlandy” diýip, çeşme aýtdy.

18-nji sentýabrda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy unuň 50 kilogramlyk 1 gabynyň bahasynyň 380 manada durýandygyny habar berdi.

Onuň sözlerine görä, Daşoguzda 1 kilogram et 38 manatdan (resmi kursdan 10 dollar, “gara nyrhdan” 2 dollar töweregi), 1 kilogram jylka et 59 manatdan (resmi kursdan 17 dollar, “gara nyrhdan” 3 dollar töwereginde) bahalanýar, şeýle-de iň arzan çöregiň 1 sanysy 6-7 manada durýar.

Şol bir wagtyň özünde, habarçy bazarlarda ýalan-ýasama harytlaryň hem peýda bolýandygyny belledi. Ol senagat harytlaryň, hususan-da diş pastalaryň, hem-de Wash & Go, Head & Shoulders ýaly şampunlaryň ýasama görnüşleriniň hakykysyndan biraz arzan bahadan bazarlarda peýda bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG