Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gymmatçylyk dowam edýär, ýurduň bazarlarynda alyjylaryň satyn alyş ukyby ‘pese gaçdy’


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň çägindäki ähli bazarlarda gymmatçylyk dowam edýär diýip, Azatlygyň ýurduň içindäki habarçysy maglumat berýär.

“Özümizde öndürilýän iň pes hilli tüwiniň 1 kilogramy 16-20 manat, 1 kilogram käşir 9-10 manat” diýip, Azatlygyň habarçysy daşogzuň daýhan bazaryndan habar berdi.

“Iň arzan pomidoryň 1 kilogramy 9-10 manat” diýip, ol sözüne goşdy.

Bir hepde mundan ozal Azatlygyň paýtagtly söhbetdeşi 18 manatdan aşakda pomidoryň Aşgabadyň söwda nokatlarynda tapdyrmaýandygyny habar beripdi.

“Hili ýokary tüwiniň 1 kilogramy 55-65 manat aralygynda satylýar. Günebakar ýagynyň 1 litri 45 manatdan satylýar” diýip, çeşme belledi.

Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde söhbetdeş bolan türkmenistanly ykdysadyýeti öwreniji ýyllaryň dowamynda ýurt baştutanynyň bazar ykdysadyýetine geçmek baradaky gürrüňleri gaýtalap durýandygyna ünsi çekdi.

Ýerli ykdysatçylar ilatyň girdejileri bilen häzirki bazar şertleriniň bir-birine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň döwlete degişli, ýa-da hususy edara-kärhanalarynda aýlyk haklarynyň düzgünleşdirilmegi boýunça degişli resminamalar jemgyýetçilige elýeterli däl, ýöne türkmen metbugaty her ýyl ýurtda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10 % ýokarlandyrylýandygyny habar berýär.

Aýlyk haklary

Geçen ýylyň iýul aýynda prezidentiň gol çekip, şu ýylyň ýanwarynda güýje giren kararyna laýyklykda ýurtda iň pes aýlyk 715 manat möçberinde kesgitlenipdir. Bu mukdar dollaryň resmi kursy boýunça 204 dollara, gara bazaryň nyrhy bilen takmynan 40 dollara barabar bolýar.

“Türkmenistanda ortaça aýlyk haky 800 manatdan aňry geçmeýändir. Ýöne bazaryň häzirki şertlerinde 8000 manat aýlyk berilse, halka harytlar elýeterli bolardy” diýip, türkmenistanly ykdysadyýeti öwreniji gizlinlik şertlerinde Azatlykda hasap ýöretdi.

Ykdysatçylar bazar ykdysadyýetinde haryt üpjünçiligi bilen oňa bolan talabyň arasyndaky gatnaşygyň bahalary kesgitleýändigini, şeýle-de oňa geçmek üçin döwletiň ykdysadyýete gözegçiliginiň minimal derejede saklanmalydygyny, ýurtda kanunyň hökmürowanlygynyň berkidilmelidigini, eýeçilik hukuklarynyň kepillendirilmelidigini aýdýarlar.

Türkmenistanda mugallymlara okadýan hepdelik sagatlaryna görä aýlyk tölenilýär, ýerli ýaşaýjylar mugallymyň iň ýokary aýlyk hakynyň 1000 -1500 manat aralygyndadygyny aýdýarlar.

Ýurtda aýlyk haklarynyň möçberiniň düzgünleşdirilmegi barada degişli maglumatlar jemgyýetçilige giňden elýeterli bolmasa-da, Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň maglumat merkezinde , meselem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzasyna 2000 manat (döwlet kursundan 571 dollar, gara nyrhdan 111 dollar), Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasyna 1500 manat (resmi kursda 428 dollar, gara bazarda 83 dollar) aýlyk tölenilýändigi bellenilýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar ýurtda harby we kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine ýokary aýlyk haklarynyň tölenilýändigini, şeýle-de olara dürli ýeňilliklerinden peýdalanmaga mümkinçilik döredilýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçen iýulda gol çeken kararynda ýurtda iň pes pensiýa haky ýanwaryň 1-den başlap, 280 manat (resmi kursdan 80 dollar, gara bazarda 15 dollar) möçberinde kesgitlenildi.

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

Azatlygyň ykdysadyýeti öwreniji söhbetdeşi gürrüňe dowam edip, türkmen häkimiýetleriniň “sosial döwlet” düşünjesine ünsi çekdi.

“Sosial döwlet diýmeklik döwletiň ykdysady taýdan, sosial taýdan öz halkyny goramagy diýmekligi aňladýar, ýöne bizde tersi bolýar, sosial taýdan halk döwleti goraýar. Döwletden halka peýda ýok, millionlap türkmenistanly raýatlar işsiz entäp ýör” diýip, ykdysadyýeti öwreniji ýurtdaky işsizligiň derejesine degip geçdi.

Ýurduň Konstitusiýasynyň 5-nji maddasy: “Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir” diýýär.

Söhbetdeşimiz döwletiň kärendeçi daýhanlardan satyn alýan pagtadyr bugdaýynyň nyrhlary boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdi:

“Döwletiň bugdaý pagtany daýhanlardan satyn alyş nyrhy bilen olaryň bazar bahasyny deňeşdireniňde, biziňkileriň [hökümetiň] daýhanlary gündiziň güni taladygy bolýar” diýip, ykdysadyýeti öwreniji aýtdy.

Azatlygyň daşoguzly çeşmesi gurluşyk harytlarynyň häzirki bahalary barada giňişleýin maglumat berdi:

  • 4 litrlik jaý boýagy: 350 manat
  • 1 inedördül metrlik iň arzan parket: 667 manat
  • Emulýasiýa boýagy 25 kilogramy 1500 manat
  • Ini - 20 sm, boýy - 6 metrlik tagta: 259 manat
  • 1 inedördül metr keramik kafel: 200 manat

Şeýle-de, ol azyk harytlaryň, hem-de beýleki önümleriň häzirki bahalaryny belledi:

  • 1 litr süýt: 9 manat
  • 1 kilogram et: 43-65 manat aralykda
  • 1 kilogram kepek: 4 manat
  • 1 kilogram künjara: 5-6 manat
  • 1 kip mal oty: 22 manat
  • 1 dollar: 18 manat

Makalanyň mundan ozalky wersiýasyndaky "türkmen ykdysatçysy" sözi "türkmenistanly ykdysadyýeti öwreniji" diýlip üýtgedildi, hem-de degişli düzedişler girizildi.

XS
SM
MD
LG