Türkmenistanda azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda soňky ulanyş möhleti geçen harytlar satylyp başlandy.
Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, bu harytlaryň arasynda daşary ýurtlarda öndürilen un, kofe, diş pastasy, balyk we et konserwalary bolup, söwdegärler olary hakyky bahasynyň üstüne atanak çekip, 5-15 manat arzanladylan bahadan satýarlar.
“Men ähli hususy eýeçilikdäki dükanlara aýlanyp gördüm diýsem-ä ýalançy bolaryn. Ýöne “Mir” bazarynda hususy dükanlaryň bolmanynda 200-e golaýy bar. Şeýle tendensiýa şolaryň ählisinde dört-bäş gün bäri dowam edýär” diýip, synçy Bugaýew harytlaryň käbiriniň ençeme aý, käbiriniň bolsa bir-bir ýarym ýyl ozal ýaramlylyk möhletiniň geçendigini aýtdy.
Paýtagtly alyjylar dükan eýelerine satýan harydynyň ulanyş möhletiniň geçendigini duýduranda, satyjylar olaryň tötänlik ýa ýalňyşlyk bilen harytlaryň arasyna düşendigini, ýa-da daşary ýurtlardan söwda getirýän telekeçileriň özlerini aldap, ýaramlylyk möhleti geçen harytlary satandygyny aýdýarlar.
“Olar ör gökden gelýärler. “Beýle däldir, ýaňy ýakynda satyn aldyk. Satyn alanymyza 10 gün hem bolanok. Beh, şuny getirýän firma bizi aldap satypdyr” diýip, iki egninden gum sowurýarlar. Özlerini sada, arassa adam edip görkezýärler. Aslynda welin, şol harytlar mundan ýyl ýarym, iki ýyl ozal satyn alnan. Ýöne bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagy bilen, alyjylar tarapyndan alynmadyk harytlar. Olar hiç wagtam “Men şuny bilgeşleýinden arzanlatdym” diýip, aýdanoklar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylaryň ençemesi bu barada özleriniň bazar administrasiýasyna arz-şikaýat bilen ýüz tutandygyna garamazdan, harytlaryň dükan tekjelerinden aýrylmaýandygyny aýtdylar.
“Bazar administrasiýasy ant içýär, awy ýalaýar. “Biziň gözümizden sypypdyr. Ertiriň özünde ähli dükanlary barlarys. Şeýle zatlaryň özüni alarys” diýip, adamlara hoş sözleri aýdyp, yzyna ugradýarlar. Ýöne üstünden arz edilen dükan şol harytlary uzaga gitse iki-üç gün witrinadan aýyrýar, ýöne soňra ýene-de şony çykarýar diýip, adamlar zeýrenýärler” diýip, Bugaýew belledi.
Azatlyk Radiosy bu barada maglumat almak üçin “Mir” bazarynyň administrasiýasy we Aşgabadyň sanitar-epidemologiýa gullugy bilen habarlaşanda, bu barada kommentariýa almak başartmady.
Türkmen hökümeti ýurtda azyk bolçulygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilendigi barada ýygy-ýygydan tekrarlaýar. Hatda türkmen häkimiýetleri soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça pudagara topar döretmek barada iki gezek karar kabul etdi. Bu kararlaryň birinjisine geçen ýylyň dekabrynda, ikinjisine şu ýylyň iýul aýynda gol goýuldy.
Emma muňa garamazdan, ýurtda un, çörek, ösümlik ýagy we şeker ýaly harytlaryň gytçylygy dowam edýän bolsa, ilatyň gündelik durmuşda sarp edýän azyk we senagat harytlarynyň, dermanlaryň bahasy hem yzygiderli gymmatlaýar.
Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň habar bermegine görä, bu gymmatlama daşary döwletlerden “gyzyl pula”, ýagny daşary ýurt walýutasyna satyn alnan käbir harytlaryň öz wagtynda satylmazlygyna sebäp bolýar. Bu bolsa, maddy zyýan çekmek islemeýän söwdegärleriň möhleti geçen harytlary ýa-da dermanlary satmagyna getirýär.
Geçen aý Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy welaýatyň käbir dermanhanalarynda ýaramlylyk möhleti geçen dermanlaryň satylyp başlanandygyny, söwdegärleriň olaryň soňky ulanyş möhletini üýtgedýändigini habar beripdi.