Welaýatlaryň azyk-haryt ýetmezçiliginden ejir çekýän ýaşaýjylary arzan bahadan un, çörek we ýag satyn almak üçin indi Aşgabada gatnap başlady. Bu ýagdaýlar barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 21-nji noýabrda maglumat berdi.
Neşir Serdar şäherinden üznüksiz Aşgabada gatnaýan bir ýaşaýjynyň sözlerine salgylanýar. Onuň sözlerine görä, Serdarda mundan ozal döwlet tarapyndan her adam başyna 6 kilogramdan satylýan arzan un normasynyň möçberi indi tutuş maşgala başyna 10 kilograma düşürilipdir.
Täze düzgün munuň bilen çäklenmeýär, eýsem, “Türkmenistanyň hronikasy” bilen gürrüňdeş bolan serdarlynyň sözlerine görä, mundan beýläk döwlet dükanyndan un satyn aljak adamlardan pasportlaryny we çagalarynyň dogluş hakyndaky şahadatnamalaryny görkezmek talap edilýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, paýtagta gelip azyk önümlerini satyn alýan ýaşaýjylar özleriniň Aşgabatda ýaşaýan dogan-garyndaşlaryndan, ýa-da tanyş-bilişlerinden olaryň un normalaryny özlerine bermeklerini haýyş edip soraýarlar. “Sebäbi ol adamlaryň [paýtagtdakylaryň] hususy dükanlardan has gymmat unlary hem satyn almaga gurby çatýar” diýip, neşir belleýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary hem Türkmenistanda dowam edýän unuň, çöregiň we beýleki käbir iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy barada yzygiderli maglumat berip gelýär.
19-njy noýabrda Azatlyga beren maglumatynda ýeri habarçymyz hususan-da Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýagdaýlaryň has agyrdygyny aýtdy.
"Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda çöregiň gytçylygy güýçlenýär. Ýüzlerçe adam çöregiň we unuň nobatyna durýar. Döwlet dükanlaryna her gün 100 halta çemesi un getirilýär, ondan köp däl, emma satyn almak isleýänleriň sany has köp bolýar. Bişen çörek bilen bagly ýagdaý has-da ýaramaz, ol gaty az getirilýär. Getirilýän çörek nobata duranlaryň dörtden bir bölegine zordan ýetýär" diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.
“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 22-nji oktýabrda paýtagtdan welaýatlara azyk äkidýän ýeňil ulag sürüjilerine polisiýa işgärleriniň jerime salyp başlandygyny habar berdi.
Regionlaryň ýaşaýjylary azyk önümlerini arzan bahadan satyn almak üçin her näçe Aşgabada ýykgyn edýän-de bolsa, 12-nji noýabrda Azatlygyň beýleki bir paýtagtly habarçysynyň maglumatlaryna görä, ol ýerde-de çörek gymmatçylygy duýlup başlandy.
Ol hususy söwda nokatlarynda bahasy ozal 1 manat bolan çöregiň soňky wagtda 5 esse ýokarlanyp 5 manada baryp ýetendigini habar berdi.
[Aşgabatda häzir] “puluň bolsa-da çörek tapmak kynlaşýar” diýip, habarçy sözüne goşýar.
Türkmenistanda döwletiň garamagyndaky azyk dükanlarynda satylýan unuň 1 kilogramynyň resmi bahasy 2 manatlygynda saklanyp galýar.
Döwlet emeldarlary ýurtda dowam edýän un, çörek we beýleki käbir azyk önümleriniň gytçylygyny boýun almaýar.