Türkmenistanda dowam edýän azyk gytçylygynyň fonunda milli metbugat türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini eksport etmäge taýýarlanýandygyny habar berýär.
"Türkmenistan Altyn asyr" internet neşriniň maglumatyna görä, daşary ýurtlara öz önümlerini eksport etmäge "Ýyldyrym" atly hususy kärhana planlaşdyrýar. Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasynyň eýeçiligindäki bu kärhana Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýerleşýär we çörek, süýji önümlerini öndürýär.
Bu kärhananyň Daşoguzda telekeçiligiň üstünlikli ösüşiniň mysaly bolup durýandygy, onuň döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn goldaw we ýeňillikli kredit bilen üpjün edilendigi resmi maglumatda bellenýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň hökümeti ýerli azyk önümleriniň önümçiligini we onuň daşary ýurtlara satylmagynyň möçberini artdyrmak, munuň bilen birlikde daşary ýurtlardan satyn alynýan azyk harytlarynyň önümçiligini ýurduň içinde ýola goýmak boýunça planlaryny döwlet derejesinde ileri tutulýan meseleleriň arasynda agzaýar.
Döwlet media maglumatlarynda häli-şindi "üstünlikli mysallar" barada habar berilýär, olaryň arasynda, hususan-da, türkmen telekeçileriniň ýakyn wagtda dekabryň ortalarynda 30-40 tonna golaý bananyň ilkinji hasylyny ýygnamaga taýýarlanýandygy mälim edilipdi.
Munuň bilen bir wagtda türkmenistanly işewürler ýurtda telekeçilik üçin şertleriň gitdigiçe agyrlaşýandygyny aýdýarlar. 2017-nji ýylyň başyndan bäri kiçi we orta biznes üçin lisenziýanyň çykdajylary birnäçe esse ýokarlandy, hususan-da patent üçin döwlet salgydy dört esse gymmatlady. Hususy kärhanalary üçin döwlet tarapyndan göz öňünde tutulan daşary ýurt walýuta çalyşygynyň mümkinçilikleri çäklendirildi. Munuň bilen baglylykda, soňky ýylda hususy kärhanalaryň ençemesi öz işini bes etdi.
Türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini daşary ýurtlara satmaga görýän taýýarlyklary baradaky häzirki habar ýurtda çörek we un gytçylygynyň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
Şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarynda döwletiň garamagyndaky dükanlarda un we çörek ýok. Muňa garamazdan dükanlaryň öňünde ýüzlerçe adamdan ybarat nobatlaryň döremegi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, adamlar unuň satuwa çykarylmagyny tama edip, dükanlaryň öňlerinde üýşüp garaşýarlar.
Türkmenistanyň hökümeti öz ilatynyň un we çörek gytçylygyndan kösenýändigini açyk boýun almaýar we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň bu barada yzygiderli berýän habarlaryny resmi taýdan kommentirlemeýär.
Emma käbir ýarym resmi neşirlerde ýurtdaky azyk gytçylygyny ret ediji maglumatlar käte peýda bolýar.
Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurt ykdysadyýetiniň batly ösýänigini, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny habar bermegini dowam etdirýär. 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylary milli habar beriş serişdelerine ykdysady ösüşleri wagyz etmegi ýene-de bir gezek tabşyrdy.