Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň çörek nobaty baradaky wideosyndan soň, nobata duran adamlar soraga çekilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň websaýtynda Daşoguz welaýatynda çörek nobatyna garaşýan adamyň nägileligini görkezýän wideo çap edilensoň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri bu nobatdaky adamlary soraga çekýärler. Bu barada Azatlygyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysy habar berýär.

Belläp geçsek, geçen hepde Azatlyk öz websaýtynda 15-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanlarynyň biriniň öňünde çörek nobata garaşýan adamlaryň hataryndan bir adamyň dükanyň jogapkär işgäridigi aňylýan bir zenan maşgala nägilelik bildirýän pursatlaryny görkezýän wideony çap etdi.

“Çörek nobaty baradaky wideo Azatlykda çap edilensoň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri wideodaky raýatlary derňeýär. Meniň eşidişime görä, olar bäş gün bäri soraga çekilýär” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz belledi.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginden we onuň Daşoguz welaýatyndaky bölüminden häzirlikçe kommentariýa almak başartmady.

Ýatladyp geçsek, 17-nji sentýabrda Azatlygyň websaýtynda çap edilen wideoda nobata garaşýan bir erkek adam bilen dükanyň jogapkär işgäriniň arasyndaky söhbetdeşlik görkezilýär.

Görnüşinden, adamlar azyk haryt satylýan dükanyň öňünde nobata garaşýar. Ýöne dükanyň jogapkär işgäri garaşýanlaryň azyk satyn almak boýunça edýän talaplaryny kanagatlandyryp bilmeýän çemeli. Nobata garaşýan bir adam bu ýagdaýa igenýär.

Wideodan mälim bolşuna görä, ol dükanyň jogapkär işgäriniň adamlaryň haryt talaplaryny kanagatlandyrmazdan näme sebäpden köpçüligiň öňünde durandygy bilen kinaýaly gyzyklanýar. Dükanyň işgäri kinaýaly ýüzlenmä, görnüşinden, kinaýa bilen jogap berýär – özüni sergi eksponatyna deňeýär.

Soňra ol adam dükanyň başlygy bilen duşuşmaga isleg bildirýär. Dükanyň işgäri başlygyň günortanlyk edinmäge gidendigini aýdýar.

Daşoguzlylar azyk gytçylygyna nägileligini bildirýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:17 0:00

Belläp geçsek, çörek we un ýetmezçiligi ýurduň beýleki welaýatlarynda hem dowam edýär. Şeýle-de, azyk nobatlarynda duran adamlaryň arasynda uruş-dawanyň, käte ýakalaşyklaryň bolýandygy barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky we welaýatlardaky habarçylary yzygiderli habar berýärler.

Mundan ozal, 14-nji sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Daşoguz welaýatynyň un zawodyna degişli çörek dükanynyň öňünde dörän nobatda bolan ýakalaşyk barada habar beripdi.

Ýurduň käbir welaýatlarynda bolsa, şol sanda Daşoguzda we Lebapda, ýaşaýjylar bugdaýy çyg görnüşinde satyn alyp, soňy bilen ony degirmende üwedip çörek meselelerini çözmäge synanyşýarlar diýip, awgust aýynyň ahyrynda Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri aýdypdylar.

Şol aýyň ortasynda bolsa, Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplar girizildi. Şonda, ýaşaýjylar her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn almak üçin azyndan bir aý öňünden un satylýan dükana baryp nobata ýazylmaly edilipdiler.

Ýurtda dowam edýän un we çörek gytçylygy Türkmenistanyň indi tapgyr ikinji ýyl döwlet tarapyndan planlaşdyrylan galla hasylyny dolup bilmän, onuň netijeleri barada anyk sanlary mälim etmezliginiň, şeýle-de, gazak resmisiniň şu ýylyň başynda bäri Türkmenistanyň Gazagystandan 100 müň tonna gazak gallasyny satyn alandygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

12-nji sentýabrda Gazagystanyň Un öndürijiler birleşiginiň dolandyryş bölüminiň agzasy Mukan Abdiýew “Habar” atly habar gullugynyň “24.kz” portalyna beren maglumatynda gazak gallasyny satyn “alýanlaryň hataryna, uzak arakesmeden soň, Türkmenistanyň gaýtadan goşulandygyny” aýdyp, “Bu ýurt 100 müň tonna galla satyn aldy” diýdi.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilýän maglumatlary ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýärler. Muňa derek, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda, “ýygnalyp alnan gallanyň möçberiniň ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar” diýip, “gallanyň özümizden artyk galýan möçberini daşary ýurtlara eksport etmek bolar” diýdi.

XS
SM
MD
LG