Türkmenistanyň dürli regionlarynda, hususan-da Daşoguz we Lebap welaýatlarynda häkimiýetler býujet işgärlerini heniz hem pagta ýygymyna çekýär.
“Noýabr aýynyň ortalandygyna garamazdan welaýatlarda, aýratyn-da Daşoguzda we Lebapda býujet işgärleri entek hem pagta kowulýar. Türkmenabadyň mekdepleri, hassahanalary we kärhanalary her gün hökmany suratda ýygymçy ugratmaly. Maňa aýdylmagyna görä, Saýat we Çärjew etraplarynda pagta ýygymy tamamlanmandyr” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 15-nji noýabrda habar berdi.
Onuň sözlerine görä, meýdanlarda dökülip ýatan pagta hasyly ýok, ýygymçylar übtük çöpleýärler.
Ýurduň demirgazygynda-da “pagta frontyndaky” ýagdaýlar Lebapdan üýtgeşik däl.
Daşoguzda howanyň temperaturasy şu günler gündizine +7 +10 gradus bolup, gijelerine -2, -3 gradusa çenli sowaýar.
“Görogly, Nyýazow, Ruhubelent ýaly etraplarda heniz hem köpçülikleýin mejbury ýygym gutarmady” diýip, habarçy belledi.
Ol resmi derejede ýurt boýunça pagta plan borçnamanyň doly berjaý edilendigi yglan edilse-de, ýerlerde ençeme kärendeçi daýhanlaryň muňa şübheli garaýandygyny gürrüň berdi.
Döwlet resmileri ýurt boýunça 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta ýygnalyp, bu ýylky borçnamanyň ýerine ýetirilendigini aýdýar.
Ýatladyp geçsek, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde bu ýylky pagta plan borçnamasynyň berjaý edilmegi mynasybetli Hasyl toýy toýlandy.
Muňa garamazdan, hasyl toýuň ertesi güni Azatlygyň habarçysy etraplarda we oba ýerlerinde pagtaçy kärendeçileriň hem-de ýygymçylaryň heniz hem pagta meýdanlaryndadygyny habar beripdi.
Ol hasyl toýy bilen bagly Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Mary welaýatynyň Türkmengala, Balkan welaýatynyň Serdar, Lebap welaýatynyň Halaç etraplarynyň käbir ýaşaýjylary bilen telefon arkaly 12-nji noýabrda gürrüňdeş boldy.
Habarçynyň gürrüňdeşleri degişli etraplarda heniz hem ýygymyň dowam edýändigini aýtdylar.
Türkmenistanda resmi derejede sentýabryň başynda girişilen pagta möwsüminiň dowamynda häkimiýetler mejbury adam zähmetinden peýdalandy. Bu barada garaşsyz habar çeşmeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary yzygiderli maglumat berip geldi.
Ýurtda geçirilýän hökümet maslahatlarynda döwlet baştutany derejesinde pagtanyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak barada tabşyryklar berilýär.
Galyberse-de, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary efire berýän wideo reportažlarynda pagtaçylaryň “ýokary ruhubelentlikde” ýygyma gatnaşýandygyny aýdýar.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmeti tankyt edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň binýadyndaky “Iýmit we obahojalyk guramasynyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistan daşary ýurtlara pagta eksport etmekde dünýäde ilkinji onluga girýär.
Ýöne ýurduň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete esaslanyp, dünýäniň iri tekstil kompaniýalary, şol sanda “H&M” “Espirit” ýaly dünýä brendleri 2016-njy ýylda Türkmenistanyň pagta önümçiligine aladalanma bildirdiler.
Türkmen mediasy býujet işgärleriniň ýurduň pagta senagatynda mejbury zähmete çekilmegi barada gürrüň gozgamaýar.