Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet pagtanyň satyn alyş nyrhyny bir ýarym esse galdyrdy, ýygymçylaryň tölegleri gijikdirilýär


Türkmenistanda üýşürilen pagta harmany. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Türkmenistanda üýşürilen pagta harmany. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhynyň öňküsinden 50 % ýokarlandyrylandygy barada habarlaryň gelip gowuşýan wagty, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýygymçylaryň tölegleri gijikdirilýär. Bular barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär.

Türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com saýtynyň düýn 11-nji oktýabrda Oba we suw hojalyk ministrliginiň bir resmisine salgylanyp beren maglumatyna görä, Türkmenistanda döwlet mundan beýläk orta süýümli pagtanyň her kilogramy üçin ýygymçylara 60 teňňe töleýär. Bu düzgün şu ýylyň 5-nji oktýabr güni güýje giripdir.

Mundan ozal, 8-nji oktýabrda Azatlygyň çeşmesi ýokarlandyrylýan bahalar boýunça takyk maglumat beripdi. Şonda bu maglumaty ikinji çeşmä tassyklatmak başartmandy.

Ýöne göterilen täze nyrhlar ýygymçylara we ýygymçy kärendeçilere şu ýylky pagta möwsüminde, kärendeçi ýer eýelerine bolsa, üstümizdäki ýylyň hasylynda degişli bolup durýar. Munuň detallary bilen habarymyzyň dowamynda tanyş boluň!

Ýatlasak, 5-nji oktýabr güni döwlet baştutany pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny üstümizdäki 2019-njy ýylyň hasylyndan başlap, ýokarlandyrmak barada karara gol çekipdi.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy pagtanyň her kilogramyna degişli tölegiň 60 teňňä çykarylandygyny öz çeşmelerine salgylanyp tassyklady. Ýöne onuň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde eýýäm birnäçe hepde bäri pagtaçylaryň tölegleri tölenilmeýär.

“Daşoguz welaýatynda eýýäm birnäçe hepde bäri ýygymçylaryň tölegleri gijikdirilýär. Olaryň arasynda ýygym möwsüminiň başyndan bäri töleg haklaryny alyp bilmedikler bar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda-da tölegleriň wagtynda tölenilmeýändigini sözüne goşdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, pagta plan borçnamasynyň 50 %-ni dolup bilmedik kärendeçilere şertnamada görkezilen töleg haklary tölenilmez.

“Sebäbi, eger-de kärendeçiler döwlet harmanyna tabşyrmaly pagtanyň 50 göterimini üstünlikli berjaý edip bilmeseler, onda olar tehnika, dökün, suw we şuňa meňzeşler üçin, döwletiň öňündäki bergisini töläp bilmeýärler, şol sanda ýygymçylaryň töleg haklarynyň hem hötdesinden gelip bilmeýärler” diýip, ol aýtdy.

Ýurduň oba-hojalyk toplumyndaky nogsanlyklar, şol sanda tehnika, dökün, we suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi sebäpli, aglaba kärendeçi harmana tabşyrmaly plan borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip bilmeýär.

“Halk Maslahatynda prezidentiň hödürlän çözgütlerine laýyklykda, köp sanly kärendeçiniň ýerleri ellerinden alnar” diýip, habarçy aýtdy.

25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde prezident Berdimuhamedow ýurduň obasenagat toplumyny özgertmek boýunça başga-da birnäçe teklip bilen bir hatarda, “düşewüntsiz daýhanlar birleşikleriň” ekerançylyk ýerlerini ellerinden alyp, olary has öndürijilikli işlejekdigi aýdylýan öndürijilere 99 ýyl möhlete bermek barada çözgüt hödürledi.

“Kärendeçileriň köpüsi uly höwes bilen ýerlerinden dynmaga isleg bildirer, sebäbi olar indi soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýerlerden girdeji alyp bilmeýär” diýip, Azatlygyň habarçysy daýhanlara salgylandy.

“Türkmenportalyň” habaryna görä, mundan beýläk ýygymçylar üçin inçe süýümli pagtanyň her kilogramynyň döwlet satyn alyş bahasy 80 teňňe, orta süýümli pagta 60 teňňe bolar. Olaryň öňki bahalary degişlilikde 50 we 40 teňňedi.

Ýokarlandyrylan nyrhlar kärendeçi ýer eýeleriniň döwlet harmanyna tabşyrýan umumy pagta plan borçnamasyna üstümizdäki ýylyň hasylyndan başlap täsir eder.

Neşiriň maglumatyna görä, 2019-njy ýylyň pagta möwsüminde 15-nji oktýabra çenli döwlete tabşyrylan orta süýümli pagtanyň tonnasyna 1500 manat, 15-nji oktýabr – 15-nji noýabr aralygynda tabşyrylan pagtanyň degişli mukdaryna 1430 manat, 15-nji noýabrdan soň harmana goşulan orta süýümli pagtanyň tonnasyna 1365 manat töleg tölener. Mundan ozal bularyň döwlet satyn alyş nyrhlary degişlilikde 1144, 1092 we 1040 manatdy.

Şol bir wagtyň özünde, döwlet inçe süýümli pagtanyň tonnasyny, agzalan degişli wagt aralyklarda kärendeçilerden 2000, 1910 we 1820 manatdan satyn alar. Olaryň bahalary mundan ozal degişlilikde 1650, 1575 we 1500 manatdy.

Şeýle-de soňky geçirilen Halk Maslahatynda döwlet baştutany kärendeçileriň özlerine bölünip berlen ýerleriň 70 göterimine pagta ýa-da bugdaý ekmegine, galan 30 göterimine dürli oba-hojalyk ekinlerini ekmegine rugsat bermek barada çözgüt teklip edipdi. Ýöne bu çözgüt heniz karar hökmünde kabul edilip doly güýjünde resmileşdirilmedi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagyny tankyt edýär. Muňa bagyşlap, dürli toparlardan düzülen “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa 1-nji oktýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş binasynyň öňünde protest çäresini geçirdi.

XS
SM
MD
LG