Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtyň baş arçasynyň golaýynda dilegçilik edýän çaga köpeldi


Täze ýyl bezegleri. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Täze ýyl bezegleri. Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň baş arçasynyň töweregi şu günler gaty janly görünýär. Bu ýere gezelenje gelýän adamlaryň sany günsaýyn köpelýär. Gezelenje çykan şäher ýaşaýjylarynyň we çagaly maşgalalaryň arasynda garyp, dilegçilik edýän çagalar köp duş gelýär. Azatlygyň habarçylary ýurduň baş arçasynyň töweregindäki ýagdaý barada habar berýärler.

"Aşgabadyň merkezindäki täze ýyl arçasynyň töweregi häzir örän köp adamly" diýip, habarçymyz 26-njy dekabrdaky ýagdaýy häsiýetlendirdi.

Baýramçylygy duýmak üçin bu ýere gelen paýtagtlylar, toý eşiklerine geýnen çagaly maşgalalar bu ýerde guralan sahnalara tomaşa edýärler. Arçanyň ýanyna gelýänlere her ýerde satylýan süýji, şireli suw we doňdurma ýaly tagamlar hödürlenýär.

Emma bu şatlykly toý atmosferasynda hor, örän sada geýnen çagalar dessine göze işýär.

"Märeke üýşmeleňlerine eklenji gowşak hojalyklaryň çagalary hem barýarlar. Bu çagalar her gün baş arçanyň töwereginde irden agşama çenli aýlanýarlar, ýöne olar bu ýere şatlanmak we wagtyny hoş geçirmek üçin gatnaman, eýse baş arçanyň töweregine üýşýän adamlardan çörek üçin pul soramaga, dilegçilik etmäge gelýärler" diýip, habarçymyz belleýär.

Dilegçilik edýän çagalar 6-12 ýaş aralygynda. Olaryň köpüsi oglanlar, emma arasynda gyzlar hem bar. Käbir çagalaryň ýanynda has ýaş körpe doganlary hem bar.

Dilegçi çagalary öz körpelerine doňdurma, süýji alyp duran ene-atalaryň ýanynda görüp bolýar.

"Daýy-daýza! Çörek üçin pul beräýiň-dä" diýip, her ýerde ululara ýüzlenýän çagalar duş gelýär.

Bu ýagdaýa duş bolan Aşgabatdaky habarçylarymyz köp adamyň şeýle çagalara nebsiniň agyrýandygyny bellediler.

"Köp adam şeýle ýagdaýyň deňinden biperwaý geçip bilmän, sowukda hor-homsy eşikde gezip, pul dileýän çagalara ýanynda bar pulundan ýagdaýyna görä, ynsanperwerlik pul kömegini berýärler" diýip, habarçymyz görenlerini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, garyp çagalara gödek, rehimsiz daraýan "ene-atasy ýokmy bularyň" diýip, ýanyndan kowýan adamlar hem bolýar.

Aşgabatda dekabryň ortalarynda uly dabara bilen açylan beýikligi 44 mertlik ýurduň baş arçasy paýtagtyň Älem söwda-tomaşa merkeziniň öňünde ýerleşýär. Resmi mediada "baýramçylyk duýgusyny we geljekki ýyla umyt dörediji" dekorasiýalar bilen bezelendigi aýdylan bu arçanyň golaýynda sowukda ýuka we köneje eşikli çagalaryň dilegçilik etmegi gözgyny görünýär.

Şeýle-de bolsa, habarçynyň sözlerine görä, bu ýagdaý häkimiýetleri gyzyklandyrmaýar.

"Arçanyň ýanynda guramaçylyk işlerini alyp barýan döwlet emeldarlary bu ýagdaýy görmezlige salyp, beýlesine bakyp, dilegçilik edýän çagalaryň deňinden biperwaý geçip gidýärler" diýip habarçy gürrüň berdi.

Dilegçi çagalar babatynda polisiýa çäre görýär. Polisiýa işgärleri arçanyň ýakyn golaýyna barýan dilegçi çagalary kowýar, emma 15-20 metr daşlykda dilegçilik edýänlere degenoklar, görmezlige salýar.

Türkmenistanda çagalaryň dilegçilik etmegi soňky ýyllarda has-da ýaýbaňlandy. Hem adaty, hem-de baýramçylyk günleri köçelerde dilegçilik edýän we öýme-öý aýlanyp, köne geýim, azyk dileýän çagalary köp görse bolýar. Okuw ýylynyň öňýany çagalar özlerine okuw esbaplaryny satyn almak üçin pul dileýärler. Şeýle-de, çagalar plastik gap çöpläp tabşyrmak, awtoulag ýuwmak we bazarlarda ýük daşamak ýaly agyr işleri edip, öz maşgalalary üçin ujypsyz girdejiniň gözleginde bolýarlar.

Türkmenistanda çagalaryň dilegçilik etmegine degişli ýyllarboýy dowam edýän we soňky ýyllarda has agyrlaşan ýagdaý barada ýurt häkimiýetleri tarapyndan şu çaka çenli resmi teswir bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG