Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginde pagta plany dolunmandygy sebäpli kärendeçileriň körekleri eli bilen ýygnamaga mejbur edilýändigi habar berilýär.
Azatlyk Radiosyna howpsuzlyk sebäpli anonim görnüşde maglumat beren, käbir daýhanlaryň aýtmagyna görä, ýerli ýolbaşçylar häzirki wagtda etrabyň hem şol daýhan birleşiginiň bu ýylky pagta planyny dolup bilmändigi üçin kärendeçilerden pagta meýdanlaryndaky köreklere çenli eli bilen ýygnamagyny talap edýär.
Etrabyň hem daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary yzygiderli ýagdaýda kärende ýerlerinde barlag geçirip, körekleri ýygylmadyk daýhanlara berk käýinç yglan edýärler.
Kärendeçiler körekleriň el bilen ýygnalmagynyň sebäbini bolsa tutuş daýhan birleşiginde sowet döwründen galan bary-ýogy iki ýa-da üç sany körek ýygýan hem arassalaýan agrotehnikanyň bardygy ýagny gerekli tehniki mümkinçiligiň çäklidigi bilen düşündirýär.
Adynyň tutulmazlygyny sorap Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýerli agronom pes hasyllylygyň sebäbini şeýle düşündirdi:
“Jeýhun daýhan birleşiginiň töweregindäki zeý kanallary her ýyl yzygiderli ýagdaýda arassalanmaýar. Mineral dökünler hem kärendeçilere wagtly-wagtynda ýeterlik mukdarda berilmeýär. Şeýle sebäplerden daýhanlaryň kärende ýerlerinden almaly hasylynyň mukdary her ýyl barha pese gaçýar. Muňa garamazdan ýerli ýolbaşçylar gaýtam her ýyl tabşyrylmaly hasylyň mukdaryny ýokarlandyrýarlar” – diýip, sözlerine şeýle dowam etdi:
“Şu ýylyň pagta ekiş möwsüminiň ýurduň gündogar welaýatynda ygally gelmegi ýagny ýagyş hem sil betbagtçylyklary sebäpli Çärjew etrabynyň Jeýhun daýhan birleşiginde käbir kärendeçileriň ýerlerine möwsümi geçendigine garamazdan ikinji gezek pagta ekildi. Ýerli ýolbaşçylar, ikinji synanşykda pagta ekilen kärende ýerleriniň hasylylygy derňelmezden kärendeçileriň ählisinden mejbury ýagdaýda her gektardan 4,5 tonna hasyl tabşyrmagy talap etdi we ynha munyň netijesi” – diýip, lebaply agronom Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylar hem agronomyň aýdanlaryna goşulmak bilen, Jeýhun daýhan birleşiginde pagta möwsüminde suw ýetmezçilikleri sebäpli käbir kärende ýerlerinde hasylyň bu ýyl oňly bolmandygyny bildirdi.
Ýerli daýhanlar beýleki tarapdan etrap we geňeşligiň ýolbaşçylarynyň şol bir wagtyň özünde hem pagta möwsüminiň gutarmagyna bir aý galandan başlap hatarara bugdaý ekilmeli kärende ýerleriniň ekişe taýýar edilmegini hem tabşyrandygyna aýratyn üns çekip, kärendeçileriň haýsy işe ýetişjegini bilmän galýandygyny aýdýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, 5-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen maglumata görä, ýurt boýunça pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnama şu güne çenli 95% ýerine ýetirilipdir. Mejlisiň dowamynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanlarda galan pagtany çalt ýygnamak üçin bar bolan serişdeleri goşmaça jemlemegi tabşyrdy.
Mundan öň, has dogrusy 22-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow pagta ýygymynyň göwnejaý derejede däldigini aýdyp, ýygym möwsüminiň guralyşyna nägilelik bildiripdi.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan pagtaçy kärendeçiler hem suw, tehnika we dökün ýetmezçiligi sebäpli gowaçanyň bu ýylky hasyllylygynyň pesdigini aýdypdylar.
Sözi jemlesek, ýokarda agzalýan ýagdaý barasynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň ýa-da Jeýhun daýhan birleşiginiň resmilerinden nähilidir bir maglumat almak ýa-da garaýyş öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.