Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda okuwçylar mekdebe däl-de, pagta meýdanlaryna gatnaýar, hojalyk işleri bilen meşgullanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Şu günler Lebap welaýatynyň mekdeplerinde okuwdan galýan, mekdebe gatnamaýan okuwçylaryň sany köpelýär. Käte hepdeläp okuwa barmaýan okuwçylaryň köpüsi öý hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar ýa-da pagta meýdanlaryna çykýarlar diýip, bu welaýatdaky habarçymyz aýdýar.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyzyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaýlara, hususan-da etrap we oba ýeriniň mekdeplerinde duş gelse bolýar.

“Sapakdan galan okuwçylaryň köpüsi öý hojalyk işleri bilen meşgul bolýarlar ýa bolmasa ene-atalary bilen, ýa-da olaryň ýerine pagta meýdanlaryna çykýarlar, mal bakýarlar. Öňler bu ýagdaýlar diňe bazar günleri bolýan bolsa, häzir okuw günleri hem gaýtalanýar” diýip, habarçymyz mugallymlaryň we ene-atalaryň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Ene-atalar çagalary okuwdan alyp galmagyň esasy sebäplerini ykdysady kynçylyklar we güzeran aýlamagyň agyrlaşandygy bilen baglanyşdyrýar.

“Men ýeke özüm işleýän, özümiň dört çagam bar. Indi ikisi ýetişip gelýän bolsa, galan iki çagam entäk hem ýaş. Olary men bir zat edip eklemeli. Bazardaky bahalary görýäňizmi? Yzyndan ýetip bolanok. Men onsoň bulary nädip okuwa ugradaýyn? Häzirki wagtda meniň bir çagama-da eşik alyp bermäne ýagdaýym ýetenok. Aýakgaby ýa bolmasa eşikleri ýyrtylsa, täzesi alynýança okuwa ugradyp bilmeýärin. Onsoň olar hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar ýa-da pagta meýdanlaryna çykýarlar. Men ýaly başga-da ençeme maşgala bar” diýip, Dostluk etrabynyň ýaşaýjysy Gülşat Azatlygyň Lebapdaky habarçysyna gürrüň berdi.

Galyberse-de, Gülşat soňky ýyllarda mekdeplerde çagalar üçin edilýän egin-eşik talabynyň köpelendigini, ýöne bazarlarda satylýan harytlaryň bahasynyň bolsa, telim esse gymmatlandygyny aýdýar.

“Meselem bir çaga üçin talap edilýän okuw we sport eşiklerini satyn almak üçin azyndan 400 manat çykdaýjy etmeli. Ondan başga bularyň okuw esbaplary hem arzan däl we azyndan 200 manat çykdaýjy bolýar” diýip, Gülşat Azatlygyň habarçysyna belledi.

Aýdylmagyna görä, bu ýagdaýa diňe oba ýerlerinde däl, eýse Lebap welaýatynyň merkezi bolan Türkmenabat şäherinde hem seýrek duş gelse bolýar.

Azatlyk Radiosyna Lebap welaýatynyň etrapdyr obalarynda anyk näçe çaganyň mekdebe gatnamaýandygyny anyklaşdyrmak başartmady. Bu barada Lebap welaýat häkimliginiň Bilim bölümi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary hem häzirlikçe başa barmady.

Ýöne Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan mekdep mugallymlarynyň ençemesi şu günler welaýatyň bilim müdirliginde okuwa gatnamaýan okuwçylaryň problemasy barada häli-şindi mesele gozgalýandygyny aýtdy.

“Geçirilýän ýygnaklarda mugallymlardan okuwçylaryň tertip-düzgüniniň, okuwa gatnaşygynyň kämil derejede bolmalydygy talap edilýär. Gerek bolsa, mugallymlar öýlerine baryp, hut özleri okuwçyny okuwa getirmeli diýýärler. Bu bolsa, onsuzam mugallymlara ýüklenen işe goşmaça kynçylyk bolýar we olary okatmagyň deregine okuwçylaryň okuw tertibini has hem berkitmek bilen netijelenýär. Asyl okatmagyň özüne bolsa üns peselýär” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply mugallymlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Galyberse-de, okuwçylaryň okuwdan galmagy olaryň bilimine ýaramaz täsir ýetirýändigini, mugallymlar aýdýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda “döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär” diýilýär.

Şeýle-de, “ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge... hukuklydygy we borçludygy” aýdylýar.

Emma lebaply bilim işgärleriniň ençemesi mugallymlardan okuwa gatnamaýan çagalary mekdebe getirmek talap edilse-de, bu meseläni çözmek boýunça olaryň ene-atalary bilen gürrüňdeşlik geçirilmeýändigini ýa-da olara garşy haýsydyr bir çäräniň görülmeýändigini aýdýarlar. Şeýle-de, maddy taýdan ýeter-ýetmez maşgalalara döwlet tarapyndan haýsydyr bir kömegiň edilmek ähtimallygy barada hem mesele gozgalmaýandygyny belleýärler.

Belläp geçsek, Lebapda käbir mekdep okuwçylarynyň mekdebe gatnamaýandygy baradaky habarlar, welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygýan çagalaryň peýda bolandygy baradaky maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG