Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýygnandygyny aýdýar


Aktiwistler Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmagyna garşy protest bildirýärler. Arhiw suraty.
Aktiwistler Türkmenistanyň mejbury zähmeti ulanmagyna garşy protest bildirýärler. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew 9-njy noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda ýurduň pagtaçylarynyň 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Şol bir wagtda, TDH-nyň wise-premýeriň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, “häzirki döwürde meýdanlarda ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri dowam edýär”.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk işgärlerini gutlap, uly üstünlik gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Şol bir wagtda-da prezident “suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, suw arassalaýjy täze desgalary gurmak boýunça bäsleşikleri çaltlandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir” diýdi.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bu ýyl ekerançylyk meýdanlarynda turuwbaşdan suw ýetmezçiliginiň bolandygyny, gowaça ekiljek ýerleriň şorunyň ýeterlik ýuwyulmandygyny, soňra býujet işgärlerini we esgerleri mejbury pagta ýygmaga çykarmak praktikasynyň doly güýjünde dowam etdirilendigini habar berdiler.

Hukuk goraýjylar Türkmenistany pagta ýygymy bilen baglylykda mejbury zähmeti yzygiderli ulanmakda tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG