Russiýadan Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa gaz gaz eltjek geçirijiniň işlenip düzülmek prosesi başlandy, onuň kuwwaty 45 milliard kub metr bolar, bu gazyň 10 milliard kub metri Gazagystany gazlaşdyrmaga niýetlenen diýip, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak "Rossiýa-24" teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy.
"Aýdaly, bu etap başlandy" diýip, ol aýtdy. "Häzir hasaplamalar, tehniki-ykdysady esaslandyrmalary alnyp barylýar, gepleşikler dowam etdirilýär".
Nowak mundan öň Russiýanyň we Hytaýyň Gazagystanyň üsti bilen 35 milliard kub metr gaz geçirmäge niýetlenen täze gaz ýoluny göz öňünde tutýandygyny habar beripdi.
Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew Gazagystan bilen Russiýanyň gazak sebitlerini gazlaşdyrmak baradaky gepleşikleriň çäginde respublikany rus gazy bilen üpjün etmek mümkinçiliginiň tasdan ähli meselesini çözendigini aýtdy.