Aşgabadyň onlarça ýaşaýjysy günde demirýol wokzalynyň garşysyndaky "Dagdan" stadionynda" jemlenýärler we Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklara gatnaşýarlar diýip, 23-nji awgustda "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" atly garaşsyz neşir habar berýär.
Neşriň Aşgabatdaky çeşmeleriniň maglumatyna görä, il içinde 'marşirowka' diýilýän bu taýýarlyklara her döwlet edarasyndan 5-10 adam çekilýär. Baýramçylyk güni prezident köşgüniň öňünden dabaraly ýagdaýda geçmek üçin görülýän bu taýýarlyklara paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary hem gatnaşýarlar.
Şu ýyl Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň ýyl dönümini ilkinji gezek 27-nji sentýabrda bellär. 1991-nji ýyldan bäri ýurduň esasy döwlet baýramçylygy 27-nji oktýabrda bellenýärdi. Baýramçylyk senesiniň üýtgedilmegi sebäpli häkimiýetler oňa görýän taýýarlyklaryna hem ozalkysyndan ir başladylar.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň awgustyň başynda habar bermegine görä, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri heг çarşenbe güni işden soň we bazar günleri öýlän sagat üçde maşklaryň geçýän ýeri "Dagdan" stadionyna barmaly bolýarlar. 45 gradus yssyda geçýän "marşirowkalaryň" 16:00-da başlanyp, agşam sagat alty we ýedi aralygyna çenli dowam edýändigi aýdylypdy.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan gatnaşyjylaryň biri - döwlet bankyň işgäri maşklara gatnaşýanlaryň arasynda saglygy gowşak adamlaryň we göwreli zenanlaryň bardygyny, olaryň käbiriniň yssy howada fiziki hereketlere çydaman özlerini erbet duýýandygyny aýdypdy.
“Çaý-suw bilen sowadyjylaryň aşagynda oturýan işgärler üçin bu marşirowkalar durşuna bir jebir. Suwsuzlykdan bokurdagy gurap, gözi garaňkyrap durany haýsy, başy aýlanyp, stadionyň kölegesinde kellesini tutup oturany haýsy” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
"Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" neşriniň maglumatyna görä, baýramçylyk senesiniň golaýlamagy sebäpli häzirki wagtda döwlet işgärleriniň we studentleriň gatnaşmagyndaky maşklar günde geçirilýär.
"Repetisiýalar şeýle geçýär: guramaçy mikrofondan görkezme berýär, haçan we nädip baýdaklary galgatmaly, nädip ýöremeli we haçan "Arkadaga şöhrat" diýip gyrgyrmaly. Eger-de kimdir biri wagtynda elini ýokary galdyrmasa, ýa-da başgaça ýörese, dürli edaralardan jemlenýän ýüzlerçe adamly tutuş märeke ähli hereketlere gaýtadan başlamaly bolýar" diýip, neşir Aşgabatdaky çemesini sitirleýär we döwlet edaralarynyň işgärleriniň we medisina, pedagogika we oba hojalyk ugrundan bilim alýan studentleriň gatnaşmagyndaky şeýle "marşirowkalaryň" Daşoguzda hem Türkmenabatda geçirilýändigini habar berýär.
Türkmenistanda soňky ýyllarda döwlet baýramçylyklary we syýasy jemgyýetçilik çäreleri müňlerçe adamyň gatnaşdyrylmagyndaky köpçülikleýin çäresiz geçmeýär. Häkimiýetleriň guramaçylygynda geçirilýän çärelere býujet işgärleri mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylýar.
Belläp geçsek, geçen ýyllarda döwlete degişli edara-kärhanalarda, saglyk öýlerinde, banklarda, sosial üpjünçilik bölümlerinde müşderiler bilen işleýän işgärleriň çärelere ugradylmagy edaralardaky işleriň ýatyp galmagyna getiripdi.