Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyny mejbury çäreler bilen belledi


Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi mynasybetli Aşgabatda gecirilen ýörişe gatnaşan türkmenistanlylar. 27-nji oktýabr, 2017 ý.
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi mynasybetli Aşgabatda gecirilen ýörişe gatnaşan türkmenistanlylar. 27-nji oktýabr, 2017 ý.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 26-njy ýyl dönümi Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen uly harby parad bilen bellenildi.

27-nji oktýabrda irden sagat 10:00-da başlan we 1 ýarym sagat çemesi wagt dowam eden harby parad Döwlet tribunasynyň öňünde geçirildi we oňa geçen ýyllarda bolşy ýaly, mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň, döwlet we sungat işgärleriniň on müňlerçesi gatnaşdyryldy.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri harby paradda çykyş etmeli ýa-da ýöräp geçmeli on müňlerçe adamyň dabaranyň geçirilmeli ýerine ýedi sagat çemesi öňünden, ýagny daňdan sagat 03:00 töweregi barmaly edilendigini aýdýarlar.

“Düýn döwlet tribunasynyň öňündäki dabaraly ýörişlere gatnaşjaklara daňdan sagat 2:30 bilen 3:30 aralygynda barmaly ýerleri yglan edilipdir. Olar adatça daňdan sagat 3-lerde şol ýere bardylar. Olar daňdan 10-da başlajak dabaralara ortaça ýedi sagat galanda şol ýerlere ýygnandylar” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew döwlet işgärleriniň we studentleriň onlarçasyna salgylanyp gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol daňdan sagat 06:00 töweregi şäheriň protokol köçeleriniň aglabasynyň we oňa birikýän köçeleriň ýapylandygyny, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýaşaýjylaryň hereketiniň iki sagada golaý wagt berk çäklendirilendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Kiçi köçeleriň ugrunda birnäçe raýat eşigindäki adamlar peýda boldy. Olaryň arasynda iki-ýeke polisiýa eşigindäki işgärlerem bardy. Olaram daňdan sagat 6-dan başlap, tutuş 2 sagatlap, sagat 8-e çenli ýaşaýan jaýyňdan çykmaklyga-da, ýaşaýan jaňyňa girmäge-de gadaganlyk girizildi. Özem bir ýerlerden gelýän bolsaň, öz ýaşaýan jaýyňa 150-200 metr galanda, adamlary yzyna öwürdiler. Oň daşyndanam irden penjireleri açmak, eýwanyňy açmak ýaly zatlara-da gadaganlyk girizildi” diýip, Bugaýew belledi.

Şeýle-de, şäheriň merkezi köçeleriniň aglabasynyň ýapylmagy bilen baglanyşykly jemgyýetçilik awtobuslarynyň öz ugruny üýtgedendigi, emma bu barada köpçülige öňünden bildiriş edilmändigi sebäpli ýaşaýjylaryň öz barjak ýerine wagtynda baryp bilmän, dürli kösençlikler bilen ýüzbe-ýüz bolandygy aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, paýtagtda Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri, ýagny “marşirowkalar” oktýabr aýynyň 2-ne başlanypdy. Şonda taýýarlyk çärelerine gatnaşmaly edilen döwlet işgärleri, studentler we okuwçylar işden we okuwdan boşadylyp, öýlän sagat 12:00-da başlap, giçlik iňrik garalýança dowam edýän çärelere her gün gatnaşmaly edilipdiler.

Şeýle-de, döwlet edaralarynyň we okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary olardan dabarada geýmeli “toý lybaslaryny” hem öz hasabyna satyn almalydyklaryny tabşyrdylar. Aýal-gyzlaryňky 300-400 manat, erkek-oglanlaryňky 600-700 manat aralygynda satylýan bu eşikleri almadyk işgärlere we studentlere bolsa, türkmen resmileriniň gödek darandygy habar berildi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan döwlet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň ençemesi 27-nji oktýabryň Türkmenistanda dynç güni diýlip yglan edilendigini, ýöne mejbury çäreler sebäpli özleriniň iş we okuw günündäkiden has köp ýadaýandyklaryny gürrüň berýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň “ýokary guramaçylyk derejesinde” geçirilýändigini aýdýarlar. Emma olara döwlet işgärleriniň, studentleriň, okuwçylaryň mejbury gatnaşdyrylmagy barada mesele gozgamaýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni iň soňky gezek 27-nji oktýabrda bellenilýän ýaly bolup görünýär. Şu aýyň 9-10-y aralygynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi öňümizdäki ýyldan başlap 27-nji sentýabrda bellemek barada karar kabul edildi.

XS
SM
MD
LG