Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türkmen bolmadyk zenanlardan uzyn köýnek talap edilýär


Aşgabat (illýustrasiýa)
Aşgabat (illýustrasiýa)

Aşgabadyň köçelerinde türkmen bolmadyk zenanlara olaryň geýimine degişli bellikleriň edilmegi bilen bagly ýagdaýlar köpeldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, özüni tanatmadyk adamlar köçede zenanlaryň ýanyna baryp, türkmen milli geýimlerine mahsus uzyn köýnek geýmegi talap edýärler.

Читайте также на русском

"Meniň anyk bilýänlerimiň arasynda 40 we 60 ýaş aralygyndaky zenanlaryň ençemesi bar. Olar türkmen däl. Olardan ikisiniň ýanyna awtobus duralgasynda bardylar, ýene biriniň ýanyna köçede we ikisine Teke hem Ors bazarlarynda. Ýagdaýlaryň üçüsinde olaryň ýanyna iki sany erkek adam bile barypdyr, ýene ikisinde bir adam barypdyr. Olaryň ählisi "resmi" görnüşli geýimde, ýagny gara kostýumly, ak köýnekli we gara galstukly geýnen adamlardy. Olaryň hiç biri özüni tanatmandyr. Emma ählisi iňňän sypaýyçylykly gepleşipdir", diýip Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Onuň gürrüň bermegine görä, aýallaryň ählisine birmeňzeş zatlar aýdylypdyr, ýagny siz musulman ýurdunda ýaşaýarsyňyz, milli däp-dessurlary hasaba almaly, sadarak bolmaly, köýnege geçmeli, köýnek has gelşikli diýipdirler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň bellemegine görä, ýagdaýlaryň ählisinde zenanlar özlerine ýüzlenen adamlara gaýtargy beripdir.

"Olar wakalaryň ählisinde jogabyny aldylar. Biri olara: "Siziň näme düýpden edere işiňiz ýokmy? Gowusy bazarlarda we dükanlara bahalaryň galmagyna gözegçilik ediň" diýdi, ýene biri: "Biz ilki bilen demokratik ýurtda ýaşaýarys, telewideniýede hem gazetlerde aýdylmagyna görä. Eger-de siz ähli zenanlaryň, üstesine türkmen bolmadyklaryň milli köýnek geýmegini isleseňiz, görelde boluň. Näme üçin siz ýewropa kostýumyny geýdiňiz? Balak we galoş geýiň. Atyr sepmegi bes ediň. Näme üçin sizden çilimiň ysy gelýär? Awtoulagdan düşüp eşege münüň" diýipdir. Ahlak gözegçisi "siz bilen gepleşmek kyn, emma duýdurdyk" diýip gidipdir. Başga wakalarda aýallar diskriminasiýany agzap, gahar-gazap bildirdiler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy.

Munuň bilen bir wagtda-da, onuň sözlerine görä, jalbar geýýän aýallara jerime salnyp başlanjakdygy, Awazada diňe bir açyk däl, ýapyk kupalniklerde-de suwa düşmegiň gadagan ediljegi, diňe uzyn köýnekde rugsat beriljegi barada ilatyň arasynda giňden gürrüň edilýär.

Türkmenistanyň häkimiýetleri aýallaryň daşky görnüşine berýän ünsüni soňky aýlarda hasam artdyrdy. Maý aýynyň başynda Aşgabadyň polisiýasynyň uzyn köýnekli türkmen aýallaryny saklandygy, olaryň köýnekleriniň aşa dardygyny aýdyp, şeýle geýimleri geýmekden saklanmagy we ýüzüni, saçyny, dyrnagyny boýamazlygy talap edendigi barada habar berlipdi. Aýallaryň kemsitmelere we işe habar bermek haýbaty bilen jerimä sezewar edilmegi bilen bagly wakalaryň birnäçesi Azatlyk Radiosyna mälim boldy.

Aprel aýynyň aýagynda Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň zenan işgärlerine saçyny we ýüzüni boýamakdan saklanmak talabyň edilendigi habar berlipdi. Şonda aýallaryň geýimleriniň uzyn, tas ýere degip durmalydygy we bedenine ýapyşmaly däldigi aýdylypdy. Käbir edaralarda aýallardan milli balaklary geýmegiň talap edilendigi habar berlipdi.

Şeýle-de, aprel aýynyň başynda ​Azatlyk Radiosy Türkmenistana aýallar üçin suwa düşülýän geýimleriň getirilmegine degişli gadagançylyk barada habar beripdi.

​Türkmenistanda aýallaryň geýimlerine we daşky görnüşine degişli tema ne ýurt resmileri, ne-de döwlet mediasy tarapyndan gozgalýar. Munuň bilen birlikde türkmen häkimiýetleri ilatyň geýimine uly üns berýärler. ilkinji nobatda-da bu okuw jaýlaryň okuwçylarynyň, döwlet edaralarynyň işgärleriniň we resmi çäreleriň gatnaşyjylarynyň daşky sypatyna degişli.

XS
SM
MD
LG