Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Soňky jaň dabaralary üçin edilen çykdajylar köp maşgalalara agram saldy


Mekdepde soňky jaň dabarasy, Türkmenistan
Mekdepde soňky jaň dabarasy, Türkmenistan

Şu gün, ýagny 25-nji maýda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde 11-nji synpy, ýagny mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin Soňky jaň dabaralary geçirildi. Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri bu dabaralar üçin ýygnalýan puluň möçberiniň aşa köplügi sebäpli, käbir ene-atalar bilen çagalarynyň arasynda düşünişmezlikleriň bolup, munuň ýaşlaryň öz janyna kast etmek synanyşygyna çenli alyp barandygyny habar berýärler.

Читайте также на русском

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran çeşmämiz şu ýyl Daşoguz şäherindäki we regionyň etraplaryndaky mekdeplerde Soňky jaň dabaralaryna uly taýýarlyk görlüp, munuň üçin okuwçylardan 2000 manatdan gowrak puluň ýygnalandygyny aýdýar.

“Geçen ýyl Daşogzuň welaýat häkimligi uçurymlara 25-nji maýda Soňky jaň dabarasyny bellemäge rugsat bermändi. Şu ýyl 11-nji klas okwuçylarynyň her biriniň Soňky jaň dabarasyna umumy sarp eden puly 2000 manatdan hem geçipdir. Bu ýygnalan pullar, esasan, mekdep direktory we klas ýolbaşçysy üçin sowgat almaga, restoranda belleniljek dabaralara, konsertde çykyş etjek aýdymçylaryň haklary üçin sarp edilýär” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, ol mekdebi tamamlaýan okuwçylardan ýygnalýan bu pul serişdesini öz wagtynda tapyp bermäge ene-atalaryň köpüsiniň maddy taýdan güýjüniň ýetmeýändigini, şol sebäpli ençeme maşgalalarda agzalalygyň, uruş-dawanyň dörändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Şu pul meselesi sebäpli Daşogzuň Boldumsaz etrabynyň 33-nji mekdebiniň 11-nji klas okuwçylarynyň biri öz öýünde özüni asmakçy bolanda, ony doganlary aman saklap galypdyr. Şuňa meňzeş ýagdaýlaryň beýleki etraplaryň käbirinde-de bolandygy barada maglumatlar bar” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Şeýle-de, söhbetdeşimiz ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň Daşoguz welaýatynda hem ýiti duýulýandygyny, şol sebäpli daşoguzlylaryň köpüsiniň gün-güzeranyny zordan aýlaýandygyny, ýöne ene-atalaryň öz çagalaryny ynjytmajak bolup, mekdeplerde ýygnalýan puly tapyp bermek üçin prosentine karz pul alýandygyny aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Ene-atalaryň köpüsi prosentine karz pul alyp, bergä batýarlar. Iň arzan prosent karz puly aýda 20%-e berýärler. Sebäbi karzyna pul berýänler manadyň her gün hümmetsizlenip durandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmesi sözüni jemledi.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň, mugallylaryň we ene-atalaryň gatnaşmagynda geçirilýän Soňky jaň dabarasynyň şowhuny geçen ýyl belli bir derejede pes bolan bolsa-da, adatça, bu çärä iki aý çemesi öňünden taýýarlyk görlüp, okuwçylardan pul ýygnalyp başlanýar.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň aglabasynda okuwy tamamlaýan okuwçylaryň mekdep ýolbaşçylary, mugallymlar üçin alynjak sowgatlara, mekdebiň bezegine, konsertde çykyş etjek aýdymçylaryň tölegine, agşam restoranda geçiriljek oturyşlyga ýygnalýan puldan başga-da, Soňky jaň dabarasynda we uçurym suratlarynda geýjek egin-eşikleri üçin hem ortaça 1000 manat möçberinde çykdajy etmeli bolýandygyny, ene-atalaryň käbirleri gürrüň berýärler.

Mekdebi tamamlaýan käbir okuwçy gyzlaryň Soňky jaň dabaralary geçirilýän çärelerde geýmek üçin azyndan üç köýnek tikiýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly ýaşlaryň käbirleri aýdýarlar.

“Mekdebiň öz formasy bolýar. Okuwy gutaranyňda, gyzyl köýnek geýmeli diýýärler. Gutardyş suratlaryna düşende, olar nähili köýnek geýesleri gelse geýýärler. Islän köýnegini geýýärler. Sonsoň 25-ne gyzyl köýnek tikinýärler. Agşama başga köýnek tikiýärler. Onsoň bu üç köýnek bolýar” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmenistanly ýaşlaryň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň resmi mediasynda ýurduň orta mekdeplerinde 11-nji synpy, ýagny mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin Soňky jaň dabaralarynyň uly şowhun bilen geçirilýändigi aýdylsa-da, ene-atalaryň we okuwçylaryň bu çärelere sarp etmeli bolýan maliýe serişdesi we onuň maşgala býujetine ýetirýän täsirleri barada hiç zat aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG