Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda mugallymalardan ‘milli lybas’ geýmek talap edilýär


Illýusrasiýa suraty
Illýusrasiýa suraty

Türkmenistanda orta we umumy bilim berýän mekdepleriň mugallymlary, hususan-da aýal-gyzlar birmeňzeş geýim formasyna geçmäge mejbur edilýär. Bu barada Azatlyk bilen gizlinlik şertlerinde habarlaşýan daşoguzly çeşme 1-nji maýda gürrüň berdi.

“Mekdep mugallymlaryna degişli täze geýim formasy bilmi-terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerini olaryň maşgala býujetine girmeli bir aýlykdan mahrum etdi. Ýakasyna nagyş edilen halat, köýnek we nagyşly milli balak azyndan 1400 manada düşýär” diýip, daşoguzly çeşme habar berdi.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal Azatlyk Radiosy Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daşky görnüşi, olaryň lybaslary babatynda girizilen nobatdaky çäklendirmeler barada soňky sapar 26-njy aprelde habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri we Türkmenistandaky ýagdaýlary yzarlaýan beýleki neşirler, resmileriň ýurduň döwlet edaralarynda işleýän we ýokary okuw jaýlarynda okaýan aýal-gyzlaryň geýýän köýnekleri, olaryň özlerine serenjam bermek üçin ulanýan kosmetiki serişdeleri babatynda, täze talaplary öňe sürüp başlandyklary barada habarlary çap edipdi.

Bugün ýurduň demrigazyk regionyndan habarlaşan gürrüňdeşimiz täze çäklendirmeleriň aýal-gyzlary goşmaça hysyrdy bilen başagaý edýändigini aýtdy.

“Ýaňy-ýakynda girizilen üýtgeşmeleriň esasynda Daşoguz welaýatynyň döwlete degişli edaralarynda “umumy barlag boljakmyş” diýen bahana bilen, aýal-gyzlaryň balaklarynyň bardygy ýa-da ýokdugy, olaryň nagşynyň reňki barlanýar” diýip, çeşme aýtdy.

Gürrüňi edilýän bu barlaglary harby bölümlerdäki esgerleriň barlagyna meňzeden gürrüňdeşimiz, mugallymalaryň birmeňzeş geýim geýmäge mejbur edilýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

“Döwlet edaralarynda işleýän aýal-gyzlar matany satyn alansoň, ony dikinçä tabşyrmak üçin hem 200 manat çykdajy edýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýurtda barha gysylýan egin-eşik syýasatynyň halka maddy hem-de ruhy taýdan gymmada düşýändigini ýaňzydan çeşme, täze çäklendirmeler barada ilat arasynda edilýän gürrüňlere salgylanyp: “Bu çäre, hamala, mekdebiň aýal-gyzlaryny muzeýe eksponat hökmünde goýmak üçin edilýän çärä meňzeýär” diýdi.

Soňra söhbetdeşimiz häkimiýetleriň girizýän täze çäklendirmeleri bilen adam aňynyň arasyndaky gatnaşygy bir-birine ilteşdirip, “Ýa-da [bu çäre] adamlaryň aňyny yza çekip, ony ösdürmezlik üçin edilýär” diýip, egin-eşik syýasatynyň zarbynyň güýçlenmeginiň mümkin bolan sebäplerini çaklady.

Ýatladyp geçsek, mundan ozal “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Daşoguzdaky Oba-hojalyk institutynyň aýal mugallymlaryndan olaryň milli köýnek geýmäge mejbur edilýändigi, munuň bilen bir hatarda olardan balak talap edilýändigini habar beripdi.

Mundanam başga, häkimiýetler aýallardan dyrnaklaryny reňklemezligi, gaşlaryny ütmezligi, kirpiklerini ösdürmezligi we saçlaryny açyk reňke boýamazlygy talap edipdirler.

Şeýle-de, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri-de ýurtda aýal-gyzlardan olaryň köýnekleriniň giň bolmagynyň talap edilip başlanandygyny habar beripdi.

Türkmen resmileri ýurtda egin-eşik bilen bagly girizilýän täze düzgünler barada resmi beýanat ýaýradyp, çykyş etmeýärler. Ýurduň köpçülikleýin media we habar serişdeleri-de bular barada maglumat bermeýär.

XS
SM
MD
LG