BMG-niň Ženewadaky edarasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýetirine ýetirilişi dogrusyndaky milli hasabaty diňlenýär.
Bu BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ahliumumy döwürleýin syny boýunça işçi toparynyň 7-nji maýda öz işine başlan 30-njy sessiýasynyň çäginde amala aşyrylýar.
2006-njy ýylyň mart aýynda BMG-niň Baş assembleýasynda Adam hukuklary geňeşi döredildi. Geňeş 2007-nji ýylda Ähliumumy döwürleýin syn boýunça çözgüt kabul edip, şondan bäri BMG-a agza bolan 193 ýurt boýunça her 5 ýylda bir gezek geňeşiň düzümindäki Ýörite iş topary döwürleýin syn berýär.
Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda onuň tebigatyna laýyklykda hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň hem öz iş alyp barýan ýurtlary boýunça taýýarlan hasabatlary alga alynýar.
Türkmenistan boýunça mundan ozalky Döwürleýin syn 2013-nji ýylda geçirilipdi. Hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan mundan 5 ýyl ozal özüne berlen ähmiýetli rekommendasiýalary berjaý etmäni gelýär. Has anyklaşdyranymyzda, beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistan öz raýatlarynyň söz azatlygy, ýygnanyşmak azatlygy, hereket azatlygy we zorlukly ýitirim edilmeler babatda özüne berlen maslahatlara eýermäni gelýär.
Ähliumumy döwürleýin synyň dowamynda jemgyýetçilik guramalary bilen bir hatarda degişli ýurtlaryň resmi hasabatlary-da diňlenýär. Syn berilýän döwletleriň taýýarlaýan 20 sahypadan köp bolmadyk hasabatynda degişli döwürlerde ýerine ýetirilen işler we özüne berlen rekommendasiýalar boýunça görlen çäreler barada maglumat berilýär.