Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda satylýan unuň, şekeriň çägi hasam çäklendirildi


Maryda boşap galan un hammary.
Maryda boşap galan un hammary.

Aşgabatda adamlara satylýan gündelik zerur harytlaryň möçberi çäklendirilen, dükanlaryň öňünde 80-100 adamlyk nobatlaryň emele gelýän pursadynda, döwlet mediasy bol harytly dükan tekjelerini görkezip, ýurtda “azyk bolçulygynyň bardygyny” öňe sürýär.

Şu hepdäniň çarşenbe gününden başlap paýtagtyň döwlet dükanlarynda adam başyna gündelik satylýan unuň, şekeriň ozal kesgitlenen çäk möçberleri hasam kemeldildi.

Mundan öň, her adama günde 5 kilogram un satylan bolsa, ol häzir 1 kilograma çenli kemeldildi. Öz gezeginde şekeriň möçberi 1 kilogramdan 500 grama çenli azaldyldy.

Şol bir wagtda, bu çäkli derejede berilýän zerur harytlar günde diňe 1-2 sagatlyk elýeterli bolýar, ýagny olar tiz satylyp gutarýar.

“Aşgabatlylar daňdan 6-da eýýäm [döwlet] dükanlarynyň öňünde nobata durup başlaýarlar. Sebäbi un, şeker, ýag çäkli derejede berilse-de, olar tiz wagtda satylyp gutarýar. Olary hususy dükanlaryndan tapmak asla mümkin däl” diýip, aşgabatly Altyn daýza [ady üýtgedilen - red.] gürrüň berdi.

Harytlaryň adam başyna satylýan möçberine girizilen çäklendirmeler bilen birlikde, olar üçin nobata durýanlaryň ýaşyna hem çäk girizildi. Ýagny, dükandaky söwdegärler nobata duranyň 18 ýaşynyň ýokdugyny çaklasalar, olar raýatyň pasportyny sorap bilýärler. Eger-de bu raýat 18-den ýaş bolsa, onda ol nobatdan çykarylýar.

“Sebäbini soranymyzda, gaýta üstümize ‘Saňa galypdyrmy muny bilmek?! Nobatdan çyk diýildimi, çyk. Bolmasa, polisiýanyň eline tabşyrarys’ diýip, gygyryp, haýbat atýarlar” diýip, Altyn daýza gürrüň berdi.

Galyberse-de, çäklendirmeler bilen birlikde diňe soňky 20 günüň içinde zerur harytlaryň bahalary 40% çemesi gymmatlady. Mysal üçin, ozal 1 manatdan satylan 1 kilogram un häzir 1 manat 40 teňňeden satuwa çykarylýar.

Bu aralykda, ýurduň welaýatlarynda her adam başyna bir aýda 5 kilogramdan artyk un satmazlyk çäklendirmesi saklanyp galýar. Munuň netijesinde, sebitde ýiti çörek ýetmezçiliginiň dörändigine üns çekilýär.

Mary welaýatyna ýygy-ýygydan sapar edýän we ol ýerdäki ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan synçy Ýaýlym Begow häzir sebitiň obalarynda çörek üçin 100 adamlyk nobatlaryň döreýändigini gürrüň berdi.

Bu aralykda, myhmanhana, kongresler zaly we beýleki sosial ähmiýetli desgalara ýüz millionlarça dollar harçlaýan Türkmenistan adaty raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada kelam agyz söz aýtmaýar. Munuň deregine, ýurt baştutany “ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanandygyny” öňe sürüp, ozal mugt berlen kommunal hyzmatlaryny ýatyrdy.

Döwlet mediasy hem ýokarky beýan edilen ýagdaýlar barada dymyp, tersine, dürli-dümen, şol sanda un, ýag ýaly harytlardan doly dükan tekjelerini görkezip, ýurtda “haryt bolçulygynyň bardygyny” öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG