Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar ýurtda ilata mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berilýän tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň we suwuň mundan beýläk tölegli, pully bolmagyny teklip etdiler.
Türkmen metbugaty mundan öňki Ýaşulular maslahatlarynda hem şeýle teklipleriň edilendigini habar beripdi. Ýöne öňki ýyllardan tapawutlylykda, prezident Berdimuhamedow bu gezek ýeňillikleri ýatyrmak meselesiniň hökümet tarapyndan öwrenilmegini we degişli karara gelinmegini buýurdy.
Ýeňillikleri ýatyrmagy teklip edýänler öz talaplarynyilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň mazaly ýokarlanandygy, ikinji tarapdan mugtçulyk syýasatynyň bazar ykdysadyýetine geçmäge päsgelçilik döredýändigi bilen düşündirýärler.
Mundan öňki maslahatlarda şeýle teklip bilen çykyş eden ýaşulular mugtçulygyň bisarpalyga getirýändigini hem aýdypdylar.
S.Nyýazowdan gaýdan "ýeňillikler"
Aslynda, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, halky goldamak üçin girizilen ýeňilliklere gaýtadan seretmek, olaryň bazara geçmekde kynçylyk döredýändigi baradaky gürrüň ilki prezident Berdimuhamedow tarapyndan, hökümet maslahatynda edildi. Ýogsa ol häkimiýet başyna gelende S.Nyýazowyň ýoluny dowam etdirmegi wada berdi we soňy bilen, mugt gaz, mugt suw we elektrik syýasatynyň üstüne, şahsy awtoulagly adamlara belli bir möçberde mugt benzin hem eçildi.
Ýöne benzin mugtçulygy 2008-nji ýylda, şol wagta çenli bir bulgur gazly suwdan hem arzan bolan benziniň 8 essä golaý gymmatlamagy bilen utgaşdyryldy. Emma soň, ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, 2014-nji ýylyň aprelinde mugt benzin ýatyryldy, 2015-nji ýylyň başyndan bolsa benziniň bahasy 60 prosent çemesi gymmatlady.
Mugtçulyk syýasatynyň bazara geçilmegini bökdeýändigi, bisarpaçylyga we jogapkärçiliksizlige ýol açýandygy baradaky pikirler ozal hem bardy, emma ol pikirler öň garaşsyz ekspertler we hökümetiň tankytçylary tarapyndan aýdylýardy.
Emma türkmen häkimiýetleri bu ýeňillikleri adamlar hakynda edilýän alada hökmünde görkezýärdiler. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow golaýda Germaniýada saparda bolup, german kansleri Angela Merkel bilen metbugatýygnagynda çykyş edende, adam hukuklary baradaky soraga jogap berip, Türkmenistanda gazyň, suwuň we toguň mugt berilýändigini aýdypdy.
Türkmen lideri Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda ýurtdaky «her bir jaýy, her bir öýi elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen mugt üpjün etmek, ilata edilýän jemagat we beýleki hyzmatlarynyň bahasynyň ujypsyz bolmagy biziň üçin indi adaty ýagdaýa öwrülip galdy» diýdi.
Ýöne prezident şu ýyl Ministrler kabinetiniň welaýatlarda geçirilen göçme mejlislerinde ilaty elektrik energiýasy, suw, gaz bilen üpjün etmekde uly kemçilikleriň ýüze çykarylandygyny boýun alypdy.
Okyjylar näme diýýär?
Azatlyk radiosy bu mesele boýunça okyjylaryna ýüz tutdy, ýagny «türkmen ilaty, ýaşulularyň aýdyşy ýaly, gurplymy?» diýen soragy berdi.
"Ýaş işsiz" atly okyjymyz bu teklibi eden ýaşululara ýüzlenip, olary «ýaranjaň» atlandyrýar we Lebaba, Daşoguza baryp görmediňizmi, aç, işsiz ýüz müňlerçe adamlary görmediňiz öýdýän» diýip ýazýar.
Meretgeldi atly okyjymyz bolsa, Türkmenistanyň ilatynyň 70 prosentiniň garyplyk derejesinde ýaşaýandygynyöňe sürýär. «Özüm daşoguzly,bärik gelip göräýiň obalary! Afrikadan tapawudy ýok. Halkyň 80% Türkiýede gul bolup işlemeli bolýar maşgalalaryny eklemek üçin» diýip, daşoguzly Meretgeldi ýazýar.
Ýeňillikleri ýatyrmagy teklip edýän ýaşululara käýinýänler başga-da bar. Özüne «Sad for TM» diýip at beren okyjymyz «Bulary marionetka edip ulanýanlar biziň halkymyzyň öňünde uly günä edýärler, ýurdumyzyň gelejegine öwezini dolup bolmajak zyýan edýärler» diýip ýazypdyr.