Natalýa öý terk etmegiň nähili duýgy bolandygyny bilýär.
Ol geçen ýyl ýaş çagasy bilen gündogar Ukrainada barýan söweşlerden gaçyp, Dnipropetrowsk sebitinde ýerleşýän Nowopawliwka obasyna bosup bardy.
Söweşler golaýlaýan mahaly, bu bahar, ol ýene-de ewakuasiýa etmäge mejbur boldy.
“Ikinji gezek göçmek kyn bolýar, sebäbi biz ähli zatlarymyzy ol ýerde goýup gaýtdyk” diýip, Natalýa aýdýar. “Biz ol ýerde bary-ýogy ýarym ýyl bolduk. Meniň enem-atam heniz hem ol ýerde. Ol ýerde durmuş edil gorkuly düýş ýaly” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Bu gezek, bir ynsanperwerçilik guramasy, “Proliska”, olaryň howpsuz ýere göçüp barmaklaryna ýardam berdi.
“Proliskanyň” işgärleri golaýda ýedi uly adamdan we 17 çagadan ybarat toparyň otluda, 1 müň 200 km ýol söküp, günbatar Zakarpatýa sebitiniň Mukaçewa şäherine göçüp barmaklaryna ýardam berdi.
Guramanyň sebit ýolbaşçysy Olha Omelýanuk Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna ewakuasiýa operasiýasynyň gyssagly amala aşyrylandygyny aýtdy.
“Nowopawliwka frontdan daşda ýerleşýärdi, ýöne indi ol hem front zolagy bolup durýar” diýip, ol aýdýar.
“Bu sebit front çyzygyndan 5 km aradaşlykda ýerleşýär. Bu bolsa, howa zarbalarynyň oba baryp ýetýändigini aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Maşgalalar Mukaçewo şäherine baryp ýerleşenlerinde, olara ýyly nahar hem-de käbir ýardamlar garaşýardy.
Üç çagasy bilen syýahat eden Kateryna bir umumy ýaşaýyş jaýyndan jaý tapmak üçin, öz maşgalasyny ýurduň bir çetinden beýleki çetine göçürmegiň agyr bolandygyny aýdýar.
“Biz öz öýümize öwrenişipdik” diýip, ol aýdýar.
Ukrainanyň durmuş üpjünçilik ulgamynda işleýän Natalýa Omelýanýuk ewakuasiýa edilen adamlar üçin, Berehowe şäherçesinde ýaşaýyş ýerleriniň üpjün edilendigini hem-de sosial üpjünçilik işçileriniň we lukmanlaryň olara ýardam berendigini aýdýar.
“Olara doly goldaw berilýär we olar döwlet ýardamlarynyň islendik görnüşine ýüz tutup bilýärler” diýip, ol aýdýar.
“Şäher adamlar entek ýerleşýänçä ynsanperwer ýardamlar we iýmit bilen üpjün edýär. Olarda iş tapmak, işe gitmek üçin, çagalaryň bolsa, çagalar baglaryna, mekdeplere gitmekleri üçin zerur şertler bar” diýip, ol aýdýar.
Hökümete degişli bolmadyk guramalar we döwlet ýardamlary geçiş döwrüni ýeňletmäge ýardam berýär, ýöne Natalýa we onuň ikinji synpda okaýan ogly heniz-de ýaşaýan ýeriňden göçmegiň täsirlerinden ejir çekýär.
“Onuň üçin öýi terk etmeklik agyr boldy” diýip, ol aýdýar. “Ol aglady. Gitmek islemedi. Ol ýerde onuň bir topar pişigi bardy”
Ýöne täze şertlerde käbir oňyn özgerişler hem bolup geçdi.
“Iň bolmanda bu ýerde başga çagalar-da bar, ol öýde ýalňyz bolýardy” diýip, Natalýa aýdýar.
“Hany nämeler bolar, garaşyp göreli. Hemme zat oňuna bolar diýip, umyt edýärin”
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum