Gaz ölçeýji abzallaryň oturdylmagy tebigy baýlygy tygşytlamaga kömek berer, şol bir wagtda-da raýatlar üçin çykdajyly bolmaz diýip, türkmen metbugatynda çap bolan maglumatda aýdylýar.
Türkmen hökümetiniň metbugat organy bolan “Altyn asyr” internet saýtynda çap bolan maglumatda döwlet tarapyndan adam başyna berilýän mugt gazyň mukdaryna, bahasyna we onuň hojalykda sarp edilişini hasaplamagyň aýratynlyklaryna degişli sanlar berilýär.
Habar berlişine görä, Türkmenistanda 1993-nji ýyldan beýläk mugt berlip başlanan gazyň, suwuň we elektrik togunyň möçberini kesgitleýän düzgünlere görä, her adam başyna ýylda 600 kubometr gaz mugt berilýär. Bu möçberden artyk harç edilen gazyň bir müň kubometriniň bahasynyň iki manada durýandygy bellenýär.
Gaz plitasynyň mysalynda
Resmi maglumatda şeýle düşündiriş berilýär: “Köplenç ýaşaýyş jaýlarda gaz plitalary oturdylan. Gaz plitasy onuň dört gözeneginiň ählisi bir wagtda işledilende, 1.2 kubometr gazy harç edýär. Gaz plitasy dört sagadyň dowamynda yzygiderli işlände, 4.8 kubometr gaz harçlanýar. Bu bir ýylda 1728 kubometr bolýar”.
Bu maglumatda “Üç adamdan ybarat maşgala ýylda berilýän 1800 kubometr mugt gazyň möçberinden çen tutulsa, onda maşgalalar gaz üçin goşmaça pul tölemeli bolmazlar, sebäbi maşgala mugt berilýäninden artykmaç gaz harçlamaly bolmaz, bu ölçeýji abzal arkaly kesgitlener” diýilýär.
Habar berlişine görä, oturdylýan ölçeýji abzallar arkaly gazyň nahar bişirmek ýa-da suw gyzdyrmak üçin ulanylýanygyna parh goýmazdan, harç edilen gazyň mukdaryny hasaba almak göz öňünde tutulýar.
Gaz infrastrukturasy
Resmi maglumata görä, ýurtda eýýäm 61 müň gaz ölçeýji abzal oturdylypdyr. “Türkmengaz” döwlet konserni oturtmak üçin jemi 124 müňden gowrak abzaly satyn alypdyr.
Şeýle-de şu güne çenli Türkmenistanyň giňişliginiň 96.5%-ine gaz çekilendigi we bu işiň “Türkmengazüpjünçilik” bileleşigi tarapyndan amala aşyrylandygy habar berilýär. Şol bir wagtda-da bellenişine görä, bu bileleşik uzynlygy 39 müň kilometrlik gaz turbasyna gözegçilik edýär we onuň müşderileriniň sany 839 müň adamdan ybarat.
Türkmenistanda gazdan tygşytly peýdalanmak meselesine 17-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda aýratyn üns berildi. Bu ugurda prezident G.Berdimuhamedow “gazyň kesgitlenen derejeden köp harçlanmagynyň ilat üçin, maşgalalar üçin kynçylyk döretmejegini adamlara düşündirmegiň” zerurdygyny aýtdy.