Türkmenistanda ozal mugt ýa-da ýeňillikli bahadan berlen, şonuň bilen birlikde hökümetiň halk üçin edýän uly aladasy hökmünde görkezilen suwuň, toguň, gazyň indi, zaýaçylygyň öňüni almak üçin, ýörite ölçeýji gurallar arkaly ölçenip berilmegi, kadaly tölegli görnüşe geçirilmegi barada gürrüň edilýär.
Aýdaly, ozal bir zaman ulagly adamlara mugt goýberilen benzin tölegli görnüşe geçirildi. Emma gaz, suw, tok meselesinde, hatda ýurtda geçýän ýaşulular maslahatlarynda tölegli etmek barada gürrüň gozgalsa-da, anyk maglumatlar çykmaýar.
Şonuň bilen bir wagtda, ozalky ýagdaýda tapawutlylykda, ölçeýji gurallaryň oturdylýandygy, tölegli ýagdaýa geçmäge taýýarlygyň barýandygy barada hem habarlar gelip gowuşýar.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, maryly kärendeçi zenan Enegül bilen söhbetdeş boldy.